[1] Isa üýşen mähelläni görüp, daga çykyp oturdy. Şägirtleri Onuň ýanyna geldiler,
[2] Isa hem olara öwretmäge başlady:
[3] «Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr.
[4] Gussa çekýänler bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler.
[5] Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýer ýüzüni miras alarlar.
[6] Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.
[7] Rehimliler bagtlydyr, çünki olara-da rehim ediler.
[8] Kalby päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler.
[9] Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler.
[10] Dogrulyk üçin yzarlanýanlar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr.
[11] Men sebäpli adamlaryň size sögen, yzarlan, nähak ýere her hili gybatyňyzy eden mahaly bagtlysyňyz!
[12] Şatlanyň, begeniň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň pygamberler-de şeýdip yzarlandylar.
[13] Siz ýeriň duzusyňyz, emma duz tagamyny ýitirse, ol näme bilen duzlanar? Daşary zyňlyp, aýak astynda depelenmekden başga hiç zada ýaramaz.
[14] Siz dünýäniň yşygysyňyz. Depede gurlan şäheri gizläp bolmaz.
[15] Çyrany ýakyp, gabyň aşagynda goýýan däldirler. Ony çyradanyň üstünde goýýandyrlar, şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk berýändir.
[16] Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.
[17] Maňa Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmäň. Men bozmaga däl-de, olary amala aşyrmaga geldim.
[18] Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez.
[19] Şonuň üçin hem kim bu buýruklaryň iň kiçisinden birini bozsa we şeýle etmegi başgalara öwretse, ol Gögüň Şalygynda iň kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý edip, başgalara-da öwretse, ol Gögüň Şalygynda uly saýylar.
[20] Men size şuny aýdýaryn: dogrulygyňyz Töwrat mugallymlaryňky bilen fariseýleriňkiden artyk bolmasa, Gögüň Şalygyna asla girmersiňiz.
[21] Siz ata-babalarymyza: „Adam öldürme, kim adam öldürse, höküme sezewar bolar“ diýlenini eşidensiňiz.
[22] Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.
[23] Şonuň üçin gurbanlyk sypasynda sadaka bermäge barýarkaň, doganyňyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse,
[24] sadakaňy sypanyň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen ýaraş. Soňra gelip, sadakaňy hödür et.
[25] Dawagäriň bilen entek ýoldakaň ýaraş, ýogsam ol seni kaza, kazy hem zyndan sakçysyna tabşyryp, zyndana düşmegiň ahmal.
[26] Saňa dogrusyny aýdýaryn, jerimäňi doly töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň.
[27] Siz: „Zyna etme“ diýlenini hem eşidensiňiz.
[28] Emma Men welin kim başga aýala azgyn höwes bilen baksa, öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir diýýärin.
[29] Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony sogrup taşla. Bir synaňyň ýok bolmagy tutuş göwräňiň dowzaha atylmagyndan gowudyr.
[30] Sag eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla. Bir synaňyň ýok bolmagy tutuş göwräňiň dowzaha taşlanmagyndan gowudyr.
[31] Şeýle hem: „Kim aýalyny kowup goýberse, oňa talak hatyny bersin“ diýlendir.
[32] Emma Men size diýýärin, aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýran adam onuň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylyşan aýala öýlenen adam hem zyna edýändir.
[33] Siz ýene gadymkylara: „Ýalandan ant içme, emma Rebbiň öňünde içen antlaryňy berjaý et“ diýlenini hem eşidensiňiz.
[34] Men welin size asla ant içmäň diýýärin. Gökden ant içmäň, çünki gök Hudaýyň tagtydyr.
[35] Ýerden hem ant içmäň, çünki ýer Onuň aýaklarynyň kürsüsidir; Iýerusalimden-de ant içmäň, çünki ol Beýik Patyşanyň şäheridir.
[36] Öz başyňyzdan hem ant içmäň, sebäbi siz onuň ýeke gylyny-da ak ýa gara edip bilýän dälsiňiz.
[37] Siziň „hawaňyz“ hawa, „ýoguňyz“ ýok bolsun. Mundan artygy şeýtandandyr.
[38] Siz: „Göz ornuna göz, diş ornuna diş“ diýlenini eşidensiňiz.
[39] Emma Men size diýýärin: ýaramaz adama garşy durma. Seniň sag ýaňagyňa urana, beýleki ýaňagyňy-da tut.
[40] Seniň bilen dawalaşyp, köýnegiňi aljak bolýana donuňy-da ber.
[41] Kim seni özi bilen bir menzil ýol ýöremäge mejbur etse, sen onuň bilen iki menzil ýol ýöre.
[42] Dileg salana ber, karz dileýänden ýüzüňi öwürme.
[43] Siz: „Ýakynyňy söý, duşmanyňy ýigren“ diýlenini hem eşidensiňiz.
[44] Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň.
[45] Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar.
[46] Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylag alarsyňyz? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi näme?
[47] Diňe öz dostlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda näme artykmaç iş edýärsiňiz? Butparazlar-da şeýle etmeýärmi näme?
[48] Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň».