[1] Aradan köp wagt geçmänkä, bir Sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri ajygyp, bugdaý başlaryny ýolup iýmäge başladylar.
[2] Muny gören fariseýler Oňa: «Seret, Seniň şägirtleriň Sabat güni gadagan işi edýärler» diýdiler.
[3] Isa olara şeýle jogap berdi: «Dawut bilen ýanyndakylar aç galanlarynda, siz Dawudyň näme edendigini okamadyňyzmy?
[4] Ol Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini iýdi, ýanyndakylar hem iýdiler. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi.
[5] Eýsem, siz ybadathanada Sabat gününiň kadalaryny bozsalar-da, ruhanylaryň günäsiz saýylandygyny Töwratda okamadyňyzmy?
[6] Men size şuny aýdaýyn: bu ýerde ybadathanadan-da beýik Biri bar.
[7] Siz: „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny bilsediňiz, günäsizleri höküm etmezdiňiz.
[8] Çünki Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr».
[9] Isa ol ýerden gitdi we olaryň sinagogasyna geldi.
[10] Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy. Isany aýyplajak bolup, Ondan: «Kanun boýunça Sabat güni hassa şypa bermek bolýarmy?» diýip soradylar.
[11] Isa olara: «Eger bir goýnuňyz bolup, ol-da Sabat güni çukura gaçsa, haýsyňyz ony çykaryp almarsyňyz?
[12] Ynsan goýundan has gymmatlydyr! Şonuň üçin Sabat güni ýagşylyk etmek bolýar» diýip jogap berdi.
[13] Onsoň Isa ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, onuň näsag eli edil beýleki eli ýaly sagaldy.
[14] Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada maslahatlaşdylar.
[15] Emma Isa fariseýleriň bu niýetini bilip, ol ýerden gitdi. Köp adamlar Onuň yzyna düşdüler, Isa hem olaryň arasyndaky hassalary sagaltdy.
[16] Isa olara Özüniň kimdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.
[17] Bu Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi:
[18] «Ine, Meniň saýlan Bendäm, göwnühoş bolup, Ony söýenim; Ruhumy Onuň üstüne goýaryn, Ol milletlere adalaty yglan eder.
[19] Ol dawalaşmaz, sesini gataltmaz, köçelerde hiç kim Onuň sesini eşitmez.
[20] Adalaty ýeňşe ýetirýänçä, ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni söndürmez.
[21] Ähli milletler Onuň adyna umyt baglarlar».
[22] Onsoň Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän kör hem lal adamy getirdiler. Isa ony sagaldansoň, ýaňky adam geplemäge we görmäge başlady.
[23] Tutuş halk haýran galyp: «Bu Dawudyň ogly dälmikä?» diýişdi.
[24] Muny eşiden fariseýler: «Bu adam arwah-jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýdiler.
[25] Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen şäher ýa-da öý berk durup bilmez.
[26] Şeýtan şeýtany kowýan bolsa, onda içinde bölünişik bardyr, onsoň onuň patyşalygy nähili durar?
[27] Eger Men arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýarlar? Şu sebäpli sizi öz adamlaryňyz höküm eder.
[28] Men arwah-jynlary Hudaýyň Ruhy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size-de gelendir.
[29] Kim güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap biler? Ilki ony daňmaly bolar, onsoň öýüni talar.
[30] Meniň bilen bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen sürini toplamadyk ony dargadýandyr.
[31] Şonuň üçin size şuny diýýärin: ynsanlaryň her bir günäsi, her bir zada dil ýetirmesi bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetirenler bagyşlanmaz.
[32] Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar. Emma Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz. Ol şu döwürde-de, geljekde-de bagyşlanmaz.
[33] Oňat agaç ekiň, onuň miwesi-de oňat bolar, erbet agaç ekseňiz, erbet miwe alarsyňyz, sebäbi agaç miwesinden tanalýandyr.
[34] Eý, alahöwrenler nesli! Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir. Şeýlelikde, özüňiz erbetkäňiz, nädip siz oňat zatlar sözläp bilersiňiz?
[35] Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr.
[36] Men size şuny diýýärin: adamlar aýdan her bir boş sözi üçin kyýamat güni hasap bererler.
[37] Siz öz sözüňiz bilen aklanyp, öz sözüňiz bilen höküm edilersiňiz».
[38] Şonda käbir Töwrat mugallymlary we fariseýler Oňa jogap berip: «Mugallym, biz Senden bir gudratly alamat görmek isleýäris» diýdiler.
[39] Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez.
[40] Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar.
[41] Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.
[42] Günorta melikesi kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, ýeriň aňry ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da üstün Biri bar.
[43] Arwah-jyn adamdan çykandan soň, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, emma tapmaýar.
[44] Şonda ol: „Çykan öýüme dolanaýyn“ diýýär. Dolanyp gelende, öýüň süpürilgi, hemme zadyň ýerbe-ýerdigini görýär.
[45] Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar. Bu erbet nesle-de şeýle bolar».
[46] Isa halka gürrüň berip durka, ejesi bilen inileri geldi. Olar Isa bilen gepleşjek bolup, daşarda garaşyp durdular.
[47] Kimdir biri Isa: «Ejeň bilen doganlaryň Seniň bilen gepleşmek üçin daşarda garaşyp durlar» diýdi.
[48] Emma Isa muny aýdana: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýdi.
[49] Soňra eli bilen şägirtlerini görkezip: «Ine, Meniň ejem, doganlarym şulardyr!
[50] Gökdäki Atamyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi.