Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:12

[1] Soňra iblisiň synamagy üçin, Mukaddes Ruh Isany çöle äkitdi.

[2] Isa kyrk gije-gündiz agyz bekländen soňra ajykdy.

[3] Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi.

[4] Emma Isa oňa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem Rebbiň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi.

[5] Soňra iblis Isany mukaddes şäher Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp:

[6] «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak okla. Çünki şeýle ýazylgydyr: „Ol perişdelerine Sen babatda emr eder. Aýagyň daşa büdremez ýaly, olar Seni ellerinde göterer“» diýdi.

[7] Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylgydyr» diýdi.

[8] Bu gezek iblis Isany beýik bir dagyň çür başyna çykardy. Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny we olaryň şan-şöhratyny görkezip:

[9] «Eger dyzyňa çöküp, maňa sežde etseň, bularyň baryny Saňa bereýin» diýdi.

[10] Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.

[11] Şundan soň iblis Isany taşlap gitdi. Perişdeler gelip, Isa hyzmat etdiler.

[12] Isa Ýahýanyň tussag edilendigini eşidende, Jelilä dolandy.

[13] Ol ilki Nasyra şäherine geldi, emma ol ýerde uzak eglenmän, Zebulun bilen Naftaly welaýatyndaky Jelile kölüniň kenarynda ýerleşýän Kapernaumda ornaşdy.

[14] Şunlukda, Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy:

[15] «Eý, Zebulun we Naftaly ýurdy! Deňiz ýakasyndaky ýol, Iordanyň aňyrsy! Eý, keseki milletleriň ýaşaýan Jelilesi!

[16] Tümlükde mesgen tutan halk beýik nur gördi, tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy».

[17] Şol wagtdan başlap, Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Şalygy golaýlady» diýip, wagyz etmäge başlady.

[18] Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran iki dogany gördi. Olaryň biri Petrus lakamly Simun, beýlekisi hem Andrysdy. Olar balykçydylar.

[19] Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi.

[20] Olar hem şol wagtyň özünde torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler.

[21] Biraz ýöränlerinden soň, Isa başga iki dogany, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany gördi. Olar gaýygyň içinde kakalary Zebedeý bilen torlaryny bejerip otyrdylar. Isa olary çagyrdy.

[22] Olar hem dessine gaýyk bilen kakalary Zebedeýi taşlap, Isanyň yzyna düşdüler.

[23] Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.

[24] Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.

[25] Jelileden, Dekapolisden, Iýerusalimden, Ýahudyýadan we Iordanyň gündogar tarapyndan uly mähelle Onuň yzyna düşdi.

Mattanyň hoş habary — Chapters