[1] Isa ybadathanadan çykyp barýarka, şägirtleri ybadathananyň binalaryna guwanyp, ony Isa görkezmek üçin, Onuň ýanyna geldiler.
[2] Emma Isa olara: «Bu ähli zatlary görýäňizmi? Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.
[3] Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar.
[4] Isa olara şeýle jogap berdi: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn!
[5] Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men Mesih “ diýip, ençeme adamlary aldarlar.
[6] Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşidersiňiz. Hiç zatdan gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir.
[7] Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar.
[8] Bularyň hemmesi burgularyň başlangyjydyr.
[9] Soňra sizi yzarlanmalara sezewar ederler, öldürerler, Men sebäpli ähli milletler sizi ýigrenerler.
[10] Şonda köpler Menden el çekip, bir-birlerine haýynlyk ederler, bir-birlerini ýigrenerler.
[11] Ençeme galp pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar.
[12] Ýaman işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar.
[13] Emma soňuna çenli çydan halas bolar.
[14] Patyşalygyň bu Hoş Habary ähli milletlere şaýatlyk hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, diňe şondan soň dünýäniň ahyry geler.
[15] -
[16] Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin.
[17] Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin.
[18] Ekin meýdanyndakylar donuny almak üçin yzyna gelmesin.
[19] Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe!
[20] Gaça-gaçlygyňyz gyşda ýa-da Sabat güni bolmasyn diýip dileg ediň.
[21] Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam.
[22] Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda hiç kim halas bolmazdy, emma saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar.
[23] Şonda biri size: „Ine, Mesih bu ýerde“ ýa-da „Anha, ol ýerde“ diýse, ynanmaň.
[24] Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.
[25] Ine, Men size öňünden aýtdym.
[26] Şeýlelikde, size: „Ine, Mesih çölde“ diýseler, gitmäň. „Ine, Ol içki otaglarda“ diýseler-de, ynanmaň.
[27] Ynsan Oglunyň gelşi gündogarda çakyp, günbatarda hem görünýän ýyldyrym ýaly bolar.
[28] Garaguşlaryň üýşmegi maslygyň bardygynyň bir alamatydyr. Ynsan Ogly hem bir alamat bilen geler.
[29] Şol günleriň muşakgatynyň yz ýany Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler.
[30] Şonda gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner. Ýer ýüzündäki ähli halklar ýas tutup perýat ederler. Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, gögüň bulutlarynda gelýänini görerler.
[31] Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.
[32] Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz.
[33] Şonuň ýaly-da, bu zatlary göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaý gelendigini, gapynyň agzyndadygyny biliň.
[34] Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisi bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.
[35] Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
[36] Emma ol güni hem sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-‑de Ogul bilýändir, diňe Ata bilýändir.
[37] Nuhuň döwründe ýaşaýyş nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar.
[38] Nuhuň gämä münen gününe çenli, silden öňki günlerde adamlar iýip-içýärdiler, öýlenip, durmuşa çykýardylar.
[39] Äpet sil gelip, hemmesini süpürip äkidýänçä, olar öz başlaryndan injek zatlardan asla bihabardylar. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar.
[40] Şonda ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar.
[41] Degirmen başynda bugdaý üweýän iki aýal bolar, biri alnar, biri goýlar.
[42] Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz.
[43] Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň gije sagat näçede geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy.
[44] Munuň üçin siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler.
[45] Hojaýynyň sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?
[46] Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly!
[47] Size dogrusyny aýdýaryn: hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar.
[48] Emma ýaman niýetli hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip,
[49] ýoldaşlaryny urmaga, serhoşlar bilen iýip-içmäge başlar,
[50] emma ol hyzmatkäriň hojaýyny onuň oslamaýan gününde, oýlamaýan sagadynda geler.
[51] Ol hyzmatkärini parça-parça edip, onuň başyna ikiýüzlüleriň gününi salar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».