[1] Şol günlerde Ýahýa çümdüriji peýda bolup, Ýahudyýa çölünde wagyz etmäge başlady.
[2] Ol: «Toba ediň, sebäbi Gögüň Şalygy golaýlady» diýýärdi.
[3] Ine, Işaýa pygamberiň ol hakynda: «Çölde bir ses gygyrýar: „Rebbe ýol taýynlaň! Onuň ýodalaryny düzläň!“ diýýär» diýip aýdan şol adamy Ýahýadyr.
[4] Ýahýanyň düýe ýüňünden eşikleri, bilinde gaýyşdan guşagy bardy. Onuň iýmiti çekirtge bilen meýdan balydy.
[5] Tutuş Iýerusalimiň, Ýahudyýanyň we Iordan etrabynyň ähli halky onuň ýanyna gelýärdi.
[6] Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derýasynda çümdürilýärdiler.
[7] Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?
[8] Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň.
[9] Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip oýlamaň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir!
[10] Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar.
[11] Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.
[12] Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýyny ammara üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar».
[13] Onsoň Isa Ýahýa tarapyndan çümdürilmek üçin Jelileden Iordana, Ýahýanyň ýanyna geldi.
[14] Emma Ýahýa Ony saklap: «Sen meni çümdürmeli welin, Seniň Özüň meniň ýanyma gelýärsiňmi?» diýdi.
[15] Isa oňa: «Goý, häzir şeýle bolsun, sebäbi bize Hudaýyň islegini berjaý etmek ýaraşýandyr» diýip jogap berdi.
[16] Isa suwa çümdürilip çykan badyna gökler açyldy. Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.
[17] Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.