[1] Gögüň Şalygy üzümçiliginde işlär ýaly, ir ertir bilen günlükçi tutmaga giden ýer eýesine meňzeýändir.
[2] Ol günlükçiler bilen bir günlük iş hakyny bir kümüş teňňä razylaşyp, olary öz üzümçiligine ýollaýar.
[3] Ir sagat dokuzlarda daşary çykan wagty, ol bazarda bikär duran birnäçe adamlary görýär.
[4] Olara-da: «Siz hem üzümçilige gidiň, hakyňyzy doly tölärin» diýýär. Olar hem gidýärler.
[5] Günortan we öýlän sagat üçlerde ýene daşary çykyp, ýene şeýle edýär.
[6] Öýlän sagat bäşlerde aýlanmaga çykan wagty, başga boş duranlary görüp, olardan: «Näme üçin günuzyn bu ýerde boş dursuňyz?» diýip soraýar.
[7] Olar hem: «Bizi hiç kim hakyna tutmady» diýip jogap berýärler. Olara: «Siz-de üzümçilige gidiň» diýýär.
[8] Agşam düşen çagy, üzümçiligiň eýesi öz iş dolandyryjysyna: «Günlükçileri çagyr-da, iň soňkulardan başlap, ilkinjilere çenli haklaryny töle» diýýär.
[9] Şeýlelikde, öýlän sagat bäşlerde gelenleriň her biri bir kümüş teňňe alýar.
[10] Ilkinji gelenler köp alarys öýdüp tama edýärler, emma olaryň-da her biri bir kümüş teňňe alýar.
[11] Olar puluny alan wagtlary ýer eýesine hüňürdeşip:
[12] «Bu iň soňky gelenler diňe bir sagat işlediler, biz bolsa, jöwzaly yssyda günuzyn agyr zähmet çekdik. Muňa garamazdan sen biziň zähmetimizi olaryňky bilen deň etdiň» diýýärler.
[13] Ýer eýesi olaryň birine şeýle jogap berýär: «Eý, dost! Men saňa adalatsyzlyk edemok. Sen meniň bilen bir kümüş teňňä razylaşmadyňmy näme?
[14] Öz hakyňy al-da, gidiber. Men bu iň soňka-da saňa berenimi bermek isleýärin.
[15] Öz pulumy isleýşimçe sarp etmäge ygtyýarym ýokmy? Ýa-da sen meniň sahylygyma göriplik edýärsiňmi?»
[16] Şeýlelikde, iň soňkular ilkinjiler, ilkinjiler hem iň soňkular bolar.
[17] Isa Iýerusalime barýarka, ýolda on iki şägirdini bir çete çekip, olara:
[18] «Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň eline tabşyrylar, olar hem Ony ölüme höküm ederler.
[19] Ony kemsitsinler, gamçylasynlar we haça çüýlesinler diýip, keseki milletlere tabşyrarlar, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi.
[20] Soňra Zebedeýiň ogullarynyň ejesi öz ogullary bilen Isanyň ýanyna geldi. Ol Isadan bir zatlar dilemek üçin dyzyna çöküp, tagzym etdi.
[21] Isa aýaldan: «Näme isleýärsiň?» diýip sorady. Aýal Isa ýüzlenip: «Öz Şalygyňda meniň bir oglumyň Seniň sagyňda, beýlekisiniň bolsa çepiňde oturmagyny emr et» diýdi.
[22] Emma Isa: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek hasrat käsämden içip bilersiňizmi?» diýdi. Olar Isa: «Hawa, içip bileris!» diýip jogap berdiler.
[23] Isa olara: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz, emma size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu orunlary Atam kimler üçin taýýarlan bolsa, şolar üçindir» diýdi.
[24] Beýleki on şägirt muny eşidip, ýaňky iki dogana gaharlandylar.
[25] Isa olary ýanyna çagyryp: «Özüňiz bilýärsiňiz, keseki milletleriň baştutanlary olara hökümdarlyk edýärler, ýokary wezipelileri-de agalyk edýärler.
[26] Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim üstün bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun.
[27] Kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun.
[28] Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.
[29] Isa bilen şägirtleri Ýerihodan çykanlarynda, uly mähelle Isanyň yzyna düşüp gitdi.
[30] Ýoluň gyrasynda oturan iki sany kör adam Isanyň geçip barýanyny eşidip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyrdy.
[31] Seslerini çykarmaz ýaly, köp adamlar olara käýediler, emma olar öňküden hem gaty ses bilen: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyrdylar.
[32] Isa aýak çekdi-de, olary çagyryp: «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip sorady.
[33] Olar Oňa: «Agam, gözümiz açylsyn» diýdiler.
[34] Isanyň olara haýpy gelip, gözlerine elini degirdi welin, şobada olaryň gözleri açyldy. Olar hem Isanyň yzyna düşüp gidiberdiler.