[1] Ir säher bilen ähli ýolbaşçy ruhanylardyr halkyň ýaşululary Isa ölüm jezasyny bermek barada maslahat geçirdiler.
[2] Ony daňyp, häkim Pilata eltip tabşyrdylar.
[3] Onsoň Isa haýynlyk eden Ýudas Oňa höküm edilenini görüp, eden işine ökündi. Ol otuz teňňe kümşi yzyna, ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşululara getirip:
[4] «Men bigünä kişä haýynlyk edip, günä gazandym» diýdi. Olar-da: «Bize näme, muňa özüň jogap berýäň» diýdiler.
[5] Ýudas kümüşleri ybadathananyň içine zyňdy-da, çykyp gaýtdy. Soňra gidip, özüni asdy.
[6] Ýolbaşçy ruhanylar bolsa kümüşleri alyp: «Bu pullary ybadathananyň hazynasynda goýmak kanuna dogry gelmeýär, sebäbi bular gan nyrhydyr» diýdiler.
[7] Şeýlelikde, maslahat geçirip, gelmişeklere gonamçylyk etmek üçin, bu pula küýzegäriň ýerini satyn aldylar.
[8] Şonuň üçin ol ýere şu güne çenli «Gan meýdançasy» diýilýär.
[9] Şonda Ýermeýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy: «Rebbiň maňa buýruşy ýaly, ysraýyl halkynyň Oňa kesen nyrhyny – otuz kümüş teňňesini alyp, küýzegäriň ýerini satyn aldylar».
[11] Isany häkimiň huzuryna getirdiler. Häkim Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa hem: «Aýdyşyň ýalydyr» diýdi.
[12] Ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Ony aýyplanlarynda, Ol hiç hili jogap bermedi.
[13] Onsoň Pilat Ondan: «Seniň garşyňa berilýän munça şaýatlyklary eşitmeýärsiňmi?» diýip sorady.
[14] Isa onuň ýekeje soragyna hem jogap bermedi. Häkim muňa gaty geň galdy.
[15] Her Pesah baýramynda häkim halkyň haýyşy bilen bir tussagy boşatmagy adat edinipdi.
[16] Şol wagtlar Ýeşuwa Barabbas diýen ady belli biri tussaglykda ýatyrdy.
[17] Şeýlelikde, halk ýygnanyşanda Pilat olardan: «Siziň üçin kimi boşatmagymy isleýärsiňiz? Ýeşuwa Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isany?» diýip sorady.
[18] Ol ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulularyň Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi.
[19] Pilat höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry adam bilen işiň bolmasyn, sebäbi men geçen gije düýşümde Ol zerarly köp azaplar çekdim» diýip, habar ýollapdy.
[20] Emma ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler.
[21] Häkim olara ýüzlenip: «Siz bu ikisinden meniň haýsyny boşatmagymy isleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar hem: «Barabbasy» diýip jogap berdiler.
[22] Pilat olara: «Onda men Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýip sorady. Olaryň hemmesi biragyzdan: «Ol haça çüýlensin!» diýdiler.
[23] Pilat: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar.
[24] Pilat öz elinden hiç zat gelmeýändigini we galmagalyň bolsa barha artýandygyny görensoň, eline suw aldy-da, mähelläniň öňünde elini ýuwup: «Bu adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz. Muňa siz jogapkärsiňiz!» diýdi.
[25] Ähli halk: «Onuň ganyna biz we çagalarymyz jogapkär!» diýip jogap berdi.
[26] Şonda Pilat Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemek üçin, esgerleriň eline berdi.
[27] Soňra häkimiň esgerleri Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler.
[28] Egin-eşigini çykaryp, egnine gyzyl don geýdirdiler.
[29] Tikenden täç örüp, başyna geýdirdiler-de, sag eline taýak tutdurdylar. Öňünde dyza çöküp: «Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony masgaraladylar.
[30] Onuň üstüne tüýkürdiler, taýaklap, başyna urdular.
[31] Ony masgaralanlaryndan soň, dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge alyp gitdiler.
[32] Ýolda barýarkalar, kirineýli Simun atly bir adama sataşdylar. Olar bu adama Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler.
[33] Olar Golgota (bu «Kelleçanak depesi» diýmegi aňladýar) diýen ýere geldiler.
[34] Şonda Oňa içirjek bolup, öt garylan şerap berdiler, emma Isa dadanyndan soň, ony içmekden ýüz öwürdi.
[35] Ony haça çüýlänlerinden soň, bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşdylar.
[36] Soňra ol ýerde oturyp, Oňa garawullyk etdiler.
[37] Depesinde bolsa: «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY ISADYR» diýen etmiş ýazgysyny asdylar.
[38] Onuň bilen bile iki garakçy hem haça çüýlendi. Olaryň biri Isanyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady.
[39] Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isany ýaňsylaýardylar.
[40] Olar: «Hany, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a. Eger Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak düş-de, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler.
[41] Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary, ýaşulular hem Isany hut şunuň ýaly masgaralap, biri-birlerine:
[42] «Özgeleri halas etdi, emma Özüni halas edip bilenok. Özem Ysraýylyň Patyşasymyş! Onda, goý, Ol häziriň özünde haçdan aşak düşsün, biz hem Oňa iman edeli.
[43] Ol Hudaýa sygynýardy. Eger Hudaý halaýan bolsa, goý, häziriň özünde Ony halas etsin. Hany, Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn“ diýýär-dä» diýişýärdiler.
[44] Şeýle hem, Isa bilen bile haça çüýlenen garakçylar-da Oňa sögýärdiler.
[45] Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy.
[46] Öýlän sagat üç töweregi Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lema sabaktani?» ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi.
[47] Ol ýerde duranlaryň käbirleri muny eşidenlerinde: «Ol Ylýasy çagyrýar» diýişdiler.
[48] Bir adam ylgap baryp, bir esgini sirkä batyrdy. Ony bir taýagyň ujuna dakdy-da, içirjek bolup, Isa uzatdy.
[49] Beýlekiler-de: «Hany, göreliň! Ylýas gelip, Ony halas edermikä?» diýişdiler.
[50] Isa ýene-de gaty ses bilen gygyryp, jan berdi.
[51] Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy.
[52] Mazarlar açylyp, ölen ençeme mukaddes adamlaryň jesedi direldi.
[53] Olar mazarlardan çykyp, Isa direlenden soň, mukaddes şähere baryp, köplere göründiler.
[54] Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler.
[55] Ol ýerde uzakdan seredişip duran köp aýallar hem bardy. Olar Jelileden Isanyň yzyna düşüp gelenlerdi we Oňa hyzmat edenlerdi.
[56] Olaryň arasynda magdalaly Merýem, Ýakup bilen Ýosäniň ejesi Merýem bardy, şeýle-de Zebedeýiň ogullarynyň ejesi hem bardy.
[57] Agşam düşen wagty Ýusup atly arimatiýaly bir baý adam geldi. Ol hem Isanyň şägirtlerindendi.
[58] Ol Pilatyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi. Şonda Pilat jesediň oňa berilmegini buýurdy.
[59] -
[60] Ýusup jesedi alyp, Ony tämiz kepene dolap, gaýada özi üçin oýduryp ýasadan täze mazarynda jaýlady. Onsoň mazaryň agzyna bir daş togalap getirip goýdy-da, ol ýerden gitdi.
[61] Magdalaly Merýem bilen beýleki Merýem hem şol ýerde mazaryň garşysynda otyrdylar.
[62] Ertesi, ýagny Taýýarlyk gününiň ertesi ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler Pilatyň ýanyna ýygnanyşyp:
[63] «Jenap, ol ýalançynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin“ diýeni biziň ýadymyzda.
[64] Şonuň üçin üç günläp mazaryň gorag astynda saklanmagyny buýur, şägirtleri gije gelip, jesedi ogurlap, halka bolsa: „Ol direldi“ diýäýmesinler. Bu soňky ýalan öňküden-de beter bolar» diýdiler.
[65] Pilat olara: «Ýanyňyza esgerler alyp, gidiň-de, mazary öz bilşiňiz ýaly gorag astynda sakladyň» diýdi.
[66] Olar hem esgerler bilen gidip, mazaryň agzyndaky daşy möhürlediler-de, garawul goýup, mazary gorag astynda saklatdylar.