[1] Isa dagdan aşak inende, uly mähelle Onuň yzyna düşdi.
[2] Şol wagt deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna gelip, dyzyna çöküp: «Agam, eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýdi.
[3] Isa elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Ol adam şobada deri keselinden gutuldy.
[4] Soňra Isa oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýdi.
[5] Isa Kapernauma girende, bir ýüzbaşy Onuň ýanyna gelip:
[6] «Agam, meniň hyzmatkärim öýde agyr ýatyr. Çekýän jebrinden ýaňa gozganyp-da bilenok» diýip ýalbardy.
[7] Isa oňa: «Men baryp, ony sagaldaryn» diýdi.
[8] Ýüzbaşy Isa şeýle jogap berdi: «Agam, Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl. Diňe birje söz aýtsaň bes, meniň hyzmatkärim sagalar.
[9] Men hem buýruk astyndaky adamdyryn, ygtyýarymda esgerlerim bar. Birisine „Git“ diýsem gidýär, başgasyna „Gel“ diýsem gelýär. Hyzmatkärime „Şuny et!“ diýsem edýär».
[10] Isa bu sözleri eşidip haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýänlere: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem şeýle imany bar adamy tapmadym.
[11] Size şuny-da aýdýaryn: gündogardan we günbatardan köp adamlar gelip, Ybraýym, Yshak, Ýakup bilen bile Gögüň Şalygynda bir saçagyň başynda oturarlar.
[12] Emma Şalygyň mirasdüşeri bellenenler daşary, garaňkylyga taşlanar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar» diýdi.
[13] Isa ýüzbaşa: «Bar, gidiber, goý, saňa imanyňa görä bolsun!» diýdi. Onuň hyzmatkäri şol sagadyň özünde sagaldy.
[14] Isa Petrusyň öýüne geldi. Ol Petrusyň gaýynenesini gyzzyrma tutup ýatanyny gördi.
[15] Isa aýalyň elinden tutan badyna, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Aýal ýerinden turup, Isa hyzmat etmäge başlady.
[16] Şol gün agşam Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän adamlary getirdiler. Ol hem bir söz bilen olardaky erbet ruhlary çykardy, şeýle-de hassalaryň hemmesini sagaltdy.
[17] Şunlukda, Işaýa pygamberiň üsti bilen aýdylan şu sözler berjaý boldy: «Ol biziň hassalygymyzy Öz üstüne aldy, biziň dertlerimizi çekdi».
[18] Isa daşyna üýşen köpsanly mähelläni görüp, şägirtlerine kölüň beýleki tarapyna geçmegi buýurdy.
[19] Şonda Töwrat mugallymlaryň biri gelip: «Mugallym, Sen nirä gitseň, men hem Seniň yzyňa düşjek» diýdi.
[20] Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.
[21] Onuň başga bir şägirdi: «Agam, rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi.
[22] Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler» diýdi.
[23] Isa gaýyga münende, şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler.
[24] Kölde birdenkä güýçli gaý turdy we gaýyk tolkunlara büreldi. Emma Isa uklap ýatyrdy.
[25] Şägirtleri Ony oýaryp: «Agam, bizi halas et! Biz heläk bolup barýarys!» diýdiler.
[26] Isa olara: «Nämä gorkýarsyňyz, eý, imany azlar?!» diýdi. Soňra Ol ýerinden turup, ýele we köle käýedi welin, ol ýere doly ümsümlik aralaşdy.
[27] Olar haýran galyp: «Bu nähili Adamka, hatda ýel bilen köl-de Oňa gulak asýar?» diýişdiler.
[28] Isa kölüň beýleki kenaryndaky gadaralylaryň ýurduna geldi. Ol ýerde Oňa arwah-jyn eýelän iki sany adam duş geldi. Olar gonamçylykdan çykyp gelýärdiler. Olaryň juda wagşydyklary üçin, ol ýerden hiç kim geçip bilmeýärdi.
[29] Birdenkä olar: «Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar.
[30] Şol wagt olardan uzagrakda ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi.
[31] Arwah-jynlar Isa ýalbaryp: «Eger bizi kowup çykarmakçy bolsaň, onda bizi doňuz sürüsine iber» diýdiler.
[32] Isa olara: «Baryň!» diýdi. Şeýdip, olar adamlardan çykyp, doňuzlaryň içine girdiler. Şonda tutuş doňuz sürüsi uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy.
[33] Çopanlar gaçyp, şähere gitdiler. Olar arwah-jyn eýelän adamlara näme bolandygy baradaky wakalaryň hemmesini halka gürrüň berdiler.
[34] Onsoň şäheriň tutuş ilaty Isa bilen duşuşmaga geldi. Ony görenlerinde, özleriniň şäherinden gitmegini sorap, Isa ýalbardylar.