[1] Şamuwel garrap, ýaşy birçene baransoň, öz ogullaryny Ysraýyla serdar goýdy.
[2] Onuň uly oglunyň ady Ýowel, kiçisiniň ady bolsa Abyýady. Olar Beýerşebanyň serdarydylar.
[3] Şamuweliň ogullary öz kakasynyň ýolundan gitmediler; gaýtam, diňe baýamagyň gamyny iýdiler, para aldylar, adalatdan ýüz döndürdiler.
[4] Ysraýylyň ähli ýaşululary ýygnanyşdylar we Ramada oturýan Şamuweliň ýanyna baryp: «Indi seniň-ä ýaşyň birçene bardy, ogullaryň bolsa seniň yzyňy tutmadylar. Şoňa görä, beýleki milletlerde bolşy deý, üstümizden hökümdarlyk eder ýaly, bize-de bir patyşa belle» diýip, oňa ýüz tutdular.
[6] Ysraýyl ýaşulularynyň: «Bize hökümdarlyk eder ýaly patyşa belle» diýen sözi Şamuwele ýaramady. Şamuwel Rebbe dileg etdi.
[7] Reb Şamuwele şeýle seslendi: «Halkyň sözüni soňuna çenli diňle. Çünki olar seni däl-de, Meniň özleriniň patyşasy bolmagymy inkär etdiler.
[8] Özlerini Müsürden alyp çykan günümden bäri olar Menden ýüz öwrüp, keseki hudaýlara ybadat edip gelýärler. Indi olar sen babatda hem şeýle etmegiň kül-külüne düşüpdirler.
[9] Sen indi olara gulak as, ýöne öz üstlerinden höküm sürjek patyşanyň ýöretjek düzgünlerinden olary mazaly habardar et».
[10] Şamuwel Rebbiň sözlerini özünden patyşa talap edenleriň dykgatyna ýetirdi.
[11] Ol bulara şeýle diýdi: «Siziň üstüňizden höküm sürjek patyşa ogullaryňyzy goşunda gulluk etmäge mejbur eder: olaryň käbirleri söweş arabalarynyň sürer, käbirleri bolsa şanyň söweş arabalaryň öňünden ylgar.
[12] Ol özi üçin müňbaşylar we ellibaşylar bellär. Kimsine öz ýerlerini agdardar, hasylyny ýygnadar, kimsine bolsa, uruş enjamlaryny we öz söweş arabalarynyň şaýlaryny ýasadar.
[13] Gyzlaryňyzy alyp, atyr ýasadar, aşpez eder, çörek bişirder.
[14] Şa siziň iň saýlama ýerleriňizi, üzümçilikleriňizi, zeýtun baglaryňyzy eliňizden alyp, öz hyzmatkärlerine berer.
[15] Öz goşunbaşylarydyr hyzmatkärlerine bermek üçin, galla hem-de üzüm hasylyňyzyň ondan bir bölegini eliňizden alar.
[16] Ol sizi gul-gyrnaksyz goýar, iň saýlama mal-garalaryňyzy we eşekleriňizi alyp, olary öz hajatlary üçin ulanar.
[17] Dowarlaryňyzyň-da ondan birini alar, özüňiz bolsa onuň guluna öwrülersiňiz.
[18] Şonda siz öz saýlap-seçen patyşaňyzyň elinden dady-perýat edersiňiz. Emma ol gün Reb siziň dadyňyza ýetişmez».
[19] Barybir halk Şamuweliň sözüne gulak asmady. Olar: «Ýok! Bizde patyşa bolsun!
[20] Şeýdip, biz hem beýleki milletlere meňzäris. Biziň üstümizden patyşamyz hökmürowanlyk eder, öňümize düşer, uruşlarymyzda bize baş bolar» diýdiler.
[21] Şamuwel halkyň ähli aýdanyny diňledi we eşidenlerini Rebbiň dykgatyna ýetirdi.
[22] Reb Şamuwele: «Diýenlerini et-de, olara bir patyşa belle» diýdi. Şamuwel ysraýyllara: «Baryň, her kim öz galasyna gaýtsyn» diýdi.