Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 8:16

[1] Dawut Ramadaky Naýot galasyndan gaçyp gaýtdy we Ýonatanyň ýanyna gelip, oňa: «Men näme etdim? Meniň ýazygym näme? Kastyma çykar ýaly, men seniň kakaňa näme ýamanlyk etdim?» diýdi.

[2] Ýonatan oňa: «Aýdýanyň näme?! Sen ölmersiň. Wajyp bolsun, bolmasyn, parhy ýok, kakam menden ýaşyryn hiç zat etmeýär. Onsoň muny näme üçin ýaşyrsyn. Ýok, beýle zat bolup bilmez» diýdi.

[3] Dawut hem ant içip, şeýle diýdi: «Meni sulhuň alýandygyny kakaň gaty gowy bilýär; kakaň „Muny Ýonatana eşitdirmeli däl, eger eşidäýse, ol gynanar“ diýip pikir edýär. Ýöne Rebden hem senden ant içýärin, indi men ajalyň öň ýanynda durun».

[4] Ýonatan Dawuda: «Seniň üçin islän zadyňy ederin» diýdi.

[5] Dawut Ýonatana şeýle diýdi: «Ertir Täze Aý baýramydyr. Men patyşa bilen bile nahar edinmelidirin. Ýöne sen maňa gitmäge we üçünji gün agşama çenli meýdanda gizlenmäge rugsat ber.

[6] Eger kakaň meniň ýokdugymy biläýse, onda oňa: „Dawut öz galasy Beýtullahama gitmek üçin rugsat sorap, maňa köp ýalbardy. Çünki olar tutuş urug bolup gurbanlyk berýän ekenler“ diýersiň.

[7] Eger ol „Bolýar“ diýäýse-hä, guluňa ne ýagşy, emma gaharlanaýsa, onda onuň niýetini ýamana düwenligidir.

[8] Öz guluňa wepaly bol, çünki biz mukaddes äht edişdik. Eger men ýazykly bolsam, onda meni özüň öldüräý, kakaňyň ýanyna eltip näme etjek?»

[9] Ýonatan oňa: «Aýdýanyň näme?! Kakamyň saňa ýamanlyk etjegini bilerin-de, heý, onam saňa aýtmarynmy?!» diýdi.

[10] Soňra Dawut: «Eger kakaň gazaba münäýse, kim ony maňa habar berer?» diýip, Ýonatandan sorady.

[11] Ýonatan Dawuda: «Ýör, meýdana çykaly» diýdi. Şeýdip, ol ikisi meýdana çykdylar.

[12] Ýonatan Dawuda: «Ysraýyl Hudaýy Reb şaýat bolsun! Men ertir ýa-da birigün şu wagtlara çenli kakamyň niýetini biljek bolaryn. Eger sen babatda onuň niýeti düzüw bolsa, men saňa habar ýetirerin.

[13] Emma ol ýamanlyk etmegi ýüregine düwäýse, menem ony saňa ýetirmesem, seni sag-salamat ýola salmasam, onda, goý, Reb maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin. Reb kakama ýar bolşy ýaly, saňa-da ýar bolsun.

[14] -

[15] Dirikäm Reb kimin maňa wepaly bol. Ölenimden soň bolsa, hatda Reb seniň ähli duşmanlaryňy ýer ýüzünden ýok etse-de, meniň neslime hemişe wepaly bol».

[16] Şunlukda, «Dawudyň duşmanlarynyň jezasyny, goý, Rebbiň Özi bersin» diýip, Ýonatan Dawudyň kowumy bilen äht edişdi.

[17] Ýonatan Dawuda özüne bolan söýgüsi üçin ýene ant içirtdi, sebäbi ol Dawudy janyndan hem eziz görýärdi.

[18] Soňra Ýonatan Dawuda: «Ertir Täze Aý baýramy. Seniň ýokdugyň ornuňyň boşdugyndanam belli bolar.

[19] Birigün uzak ýöräp, git-de, öňki saparky gizlenen ýeriňde gizlen we daşyň ýanynda maňa garaş.

[20] Nyşana atan ýaly edip, men şol daşa tarap üç sany peýkam ataryn.

[21] Soňra men: „Bar, oklary tap-da getir“ diýip, bir ýetginjegi ibererin. Eger men oňa: „Oklar, hanha, bu tarapyňda, olary toplap getir“ diýäýsem, onda gelersiň. Rebden ant içýärin, bu seniň üçin howp-hatar ýok diýildigidir.

[22] Emma men ýetginjege: „Oklar, hanha, aňyrrakda“ diýäýsem, onda gaçgyn, çünki bu Reb seni ýola salýar diýildigidir.

[23] Biziň biri-birimiz bilen edişen ähtimize, goý, Reb ebedilik şaýat bolsun» diýdi.

[24] Şeýdip, Dawut meýdanda gizlendi. Täze Aý baýramçylygy başlananda, patyşa gelip, saçak başyna geçdi.

[25] Ol adatdakysy ýaly diwara golaý ýerde ornaşdy. Ýonatan onuň garşysynda oturdy, Abner bolsa Şawulyň gapdalynda oturdy, Dawudyň orny boş durdy.

[26] Ol gün Şawul sesini çykarmady, çünki ol: «Oňa bir zat bolandyr. Ol haramdyr, hawa, hakykatdan-da, ol tämiz däldir» diýip oýlandy.

[27] Emma Täze Aý baýramynyň ertesi güni hem Dawudyň orny boşdy. Şawul ogly Ýonatana: «Ýyşaýyň ogly näme baýramçylykda düýnem, bu günem görünmedi?» diýdi.

[28] -

[29] Ýonatan Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut: „Maňa rugsat bersene. Galada biziňkiler urug bolup gurbanlyk berjekler; agam maňa gelsin diýipdir. Eger meni sylaýan bolsaň, onda rugsat ber, gidip, agalarymy göreýin“ diýip, Beýtullahama gitmek üçin özelenip ýalbardy. Şonuň üçin hem ol patyşanyň naharyna gelip bilmedi».

[30] Muny eşiden Şawul Ýonatany gazap bilen dalady: «Wah, hyýanatkär hem azgyn aýalyň dogmasy! Özüň hem-de ýalaňaç ejeň bihaýa bolmadyk bolsaňyz, sen Ýyşaýyň ogluny dost tutunarmydyň? Käşgä, men ony bilmeýän bolsam!

[31] Ýyşaýyň ogly ýer ýüzünde diri gezip ýörse, özüňe-de, patyşalygyňa-da rahatlyk bolmaz. Häziriň özünde adam iber-de, ony meniň ýanyma getirt, onuň başy ölümli».

[32] Soňra Ýonatan kakasy Şawula: «Ol näme üçin ölmeli? Ol näme etdi?» diýdi.

[33] Şol wagt Ýonatany öldürmegi ýüregine düwüp, Şawul naýzasyny oňa tarap zyňdy. Ýonatan öz kakasynyň Dawudyň janynyň kastyna ymykly çykandygyna şonda düşünip galdy.

[34] Ýonatan gazap bilen saçagyň başyndan turdy we kakasynyň Dawudy pisint etmeýändigine gaty gynanyp, aýyň ikinji güni hiç zat iýmedi.

[35] Ýanyna bir oglanjyk alyp, Dawut bilen duşuşmak üçin ol daň bilen meýdana tarap gitdi.

[36] Ýonatan oglanjyga: «Bar, ylga, şu oky tapyp getir» diýdi. Oglanjyk ylgap gitdi. Ýonatan onuň üstaşyry ýaýyny atyp goýberdi.

[37] Oglanjyk Ýonatanyň atan okunyň düşen ýerine ýetende: «Ok aňyrrakda dälmi näme?

[38] Bol basymrak, eglenme» diýip, Ýonatan oglanjygyň yzyndan gygyrdy. Ol oglanjyk oklary çöpleşdirip, öz hojaýynyna getirip berdi.

[39] Oglanjygyň hiç zatdan habary ýokdy. Muny diňe Ýonatan bilen Dawut bilýärdi.

[40] Ýonatan ýaraglaryny oglanjyga berip: «Al, şulary gala äkit» diýdi.

[41] Oglanjyk giden badyna Dawut günorta tarapdan peýda boldy. Ol ýüzüni ýere berip, üç gezek tagzym etdi. Soňra Ýonatan ikisi ogşaşyp aglaşdylar. Dawut has köp aglady.

[42] Soňra Ýonatan Dawuda: «„Özümize hem-de neslimize Reb ebedilik şaýat bolsun“ diýip, ikimiz hem Rebden äht edişdik ahyryn. Bar, indi sen arkaýyn gidiber» diýdi.

[43] Şondan soň Dawut öz ýoluna gitdi, Ýonatan bolsa gala dolandy.

1 Şamuwel — Chapters