Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:57

[1] Hudaýyň sandygyny ele salanlaryndan soň, piliştliler ony Ebenezerden Aşdoda getirdiler.

[2] Soňra piliştliler Hudaýyň sandygyny Dagon buthanasyna salyp, ony Dagon butunyň ýanynda goýdular.

[3] Aşdotlylar ertesi irden turup görseler, Dagon buty Rebbiň sandygynyň öňünde ýüzin düşüp ýatan eken. Olar buty galdyryp, ýene öz ýerinde oturtdylar.

[4] Olar ertesi irden turup görseler, Dagon buty ýene Rebbiň sandygynyň öňünde ýüzin düşüp ýatan eken. Bu sapar Dagonyň kellesi hem-de iki eli döwlüp, bosagada ýatyrdy, onuň diňe göwresi abat galypdy.

[5] (Dagon ruhanylarynyň hem-de Dagonyň Aşdotdaky buthanasyna gelýänleriň häli-häzire çenli-de buthananyň bosagasyny basmazlyklary şondan galdy.)

[6] Reb aşdotlylary we Aşdodyň çäklerinde ýaşaýan halky agyr jezalandyrdy, olary gorkuzdy; endamlaryna çykuw çykaryp, olary howsala saldy we başlaryndan aýylganç külpet inderdi.

[7] Aşdotlylar bolan wakany görüp: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny bu ýerde mundan artyk saklamalyň, çünki Ol bize-de, hudaýymyz Dagona-da juda ýowuzlyk bilen göz görkezýär» diýdiler.

[8] Şeýlelikde, olar çaparlar gönderip, ähli piliştli hanlary ýygnadylar we: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny näme etsekkäk?!» diýip, olara sala saldylar. Olar: «Sandyk Gat galasyna äkidilsin» diýdiler. Şeýdip, olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Gat galasyna getirdiler.

[9] Emma olar ony bu ýere getirenlerinden soň, Reb bu gala hem göz görkezdi, galany aýylganç howsala gaplap aldy. Galanyň ilatynyň uludan-kiçä ählisiniň endamyna çykuw çykaryp, Reb olary ýowuzlyk bilen jezalandyrdy.

[10] Şondan soň olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Ekrona iberdiler. Emma Hudaýyň sandygy Ekrona getirilende, bu ýeriň halky: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny özümizi-de, halkymyzy-da gyrgyna bermek üçin getirdiler-eý!» diýip bagyryşdylar.

[11] Şol sebäpden, olar çaparlar gönderip, ähli piliştli hanlary ýygnadylar we: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny bu ýerden çykaryp, öz ýerine ibereliň, goý, ol bizi hem, halkymyzy hem heläk etmesin» diýdiler. Sebäbi tutuş galany aýylganç howsala gaplap alypdy. Reb olary juda agyr jezalandyrdy.

[12] Aman galanlara çykuw çykdy. Galanyň ilatynyň ahy-nalasy asmana göterildi.

1 Şamuwel — Chapters