Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:15

[1] Şol günlerde piliştliler, Ysraýylyň garşysyna uruşmak üçin, öz güýçlerini jemläpdiler. Akyş han Dawuda: «Öz adamlaryňy-da alyp, meniň bilen bile bir goşunda söweşmelidigiňi, elbetde, sen bilýänsiň» diýdi.

[2] Dawut oňa: «Örän oňat, sen hem öz guluňyň başarnygyny görersiň» diýdi. Akyş han Dawuda: «Gaty gowy, sen ömürboýy meniň janpenam bolarsyň» diýdi.

[3] Şamuwel ölüpdi we bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutupdy. Ony Ramada – öz galasynda jaýladylar. Şawul bolsa porhanlardyr jadygöýleri çykaryp kowupdy.

[4] Piliştliler toplandylar we gelip, Şunemde düşelge gurdular. Şawul hem ähli ysraýyllary jemläp, Gilbowada düşelge gurdy.

[5] Piliştlileriň goşunyny görende, Şawulyň gorkudan ýaňa ýüregi sarsyp gitdi.

[6] Şawul Rebbe ýüz tutdy, ýöne Reb oňa ne düýşde, ne Urymyň üsti bilen, ne-de pygamberleriň üsti bilen jogap berdi.

[7] Soňra Şawul öz hyzmatkärlerine: «Maňa bir porhan aýal tapyň. Men onuň ýanyna gidip, ondan bir zady haýyş etjek» diýdi. Hyzmatkärler oňa: «Endorda bir porhan bar» diýdiler.

[8] Şawul başga geýim geýip, daşky görnüşini üýtgetdi we ýanyna-da iki adam alyp, gije ol aýalyň ýanyna gitdi. Ol: «Meniň üçin ruhlara ýüz tut we adyny tutjak kişimi çagyr» diýdi.

[9] Aýal oňa: «Sen Şawulyň porhanlardyr jadygöýleri ýurtdan çykaryp kowandygyny bilibem, meni öldürmek üçin duzak gurjak bolýarmyň?» diýdi.

[10] Emma Şawul: «Rebden ant içýärin, şu işden saňa hiç hili zyýan ýetmez» diýip, Rebden ant içdi.

[11] Aýal ondan: «Men seniň ýanyňa kimi getirmeli?» diýip sorady. Ol: «Şamuweli» diýip jogap berdi.

[12] Aýal Şamuweli görende, çirkin gygyryp, oňa «Meni näme üçin aldadyň? Sen Şawul ahyryn!» diýdi.

[13] Patyşa oňa: «Gorkma. Näme görýäň?» diýdi. Aýal Şawula: «Ýerden çykyp gelýän ruhy görýän» diýip jogap berdi.

[14] Şawul: «Görnüşi nähili?» diýdi. Aýal: «Egni donly bir garry adam ýerden çykyp gelýär» diýdi. Şondan soň Şawul onuň Şamuweldigine göz ýetirip, ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi.

[15] Şamuwel Şawula: «Näme üçin meni ýokary çykaryp, alada goýduň?» diýdi. Şawul şeýle jogap berdi: «Men çykgynsyz ýagdaýa düşdüm. Piliştliler meniň garşyma uruşýarlar, Hudaý bolsa menden ýüz öwürdi. Indi Ol maňa pygamberleriň üsti bilen-de, düýşde-de jogap bermeýär. Şoňa görä näme etmelidigimi öwrederiň ýaly, men seni çagyrdym».

[16] Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Näme üçin, Reb özüňden ýüz öwrüp, saňa duşman bolansoň, menden soraýarsyň?

[17] Reb meniň üstüm bilen saňa aýdan zadyny etdi. Ol seniň eliňden patyşalygy alyp, ony saňa derek Dawuda berdi.

[18] Sebäbi sen Rebbiň sözüne gulak asmadyň, Onuň Amalegiň garşysyna bolan gazabyny ýerine ýetirmediň. Şonuň üçin hem Reb seni bu gün şu ýagdaýa saldy.

[19] Üstesine-de, seniň bilen bilelikde Ol Ysraýyly piliştlileriň eline berer; ertir ogullaryň bilen bile meniň ýanyma gelersiň. Reb Ysraýyl goşunyny hem piliştlileriň eline berer».

[20] Şol bada Şawul özüni ýere goýberdi, çünki Şamuweliň aýdanlaryndan ol öler ýaly gorkdy. Uzakly gün bütin gijesi bilen hiç zat iýmänsoň, onda güýç-gurbat galmandy.

[21] Ýaňky aýal Şawulyň ýanyna geldi we onuň öler ýaly gorkandygyny görüp, oňa şeýle diýdi: «Gyrnagyň saňa gulak asdy we başyny etegine salyp, seniň diýeniňi etdi.

[22] Indi senem gyrnagyňa gulak as. Men saňa bir döwüm çörek bereýin. Şony iýseň, ýola çykanyňda gurbatlanarsyň».

[23] «Ýok, iýjek däl» diýip, Şawul muny ret etdi. Onuň hyzmatkärleri we ýaňky aýal ony yrmaga çalyşdylar. Ol razylaşdy. Ol ýerinden turdy we düşegiň üstünde oturdy.

[24] Bu aýalyň mal ýatagynda bir semiz gölesi bardy. Ol ony dessine soýdy; hamyr ýugurdy we petir bişirdi.

[25] Ol ony Şawulyň hem onuň hyzmatkärleriniň öňünde goýdy. Olar ony iýdiler we şol gije öz ýollaryna gitdiler.

1 Şamuwel — Chapters