Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:53

[1] Şawul bilen Dawut gepleşip boldular. Şondan soň Dawudy Şawulyň ogly Ýonatanyň sulhy aldy. Ýonatan ony janyndan hem eziz gördi.

[2] Şawul şol günden beýläk Dawudy öz ýanyna aldy we oňa öýüne gaýtmaga rugsat bermedi.

[3] Ýonatan Dawudy janyndan eziz görensoň, onuň bilen äht edişdi.

[4] Ol öz egnindäki donuny, ýaraglaryny, hatda gylyjy, ýaýydyr guşagyny-da Dawuda berdi.

[5] Dawut Şawul özüni nirä iberse gitdi, baran ýerinde-de işi şowuna boldy. Netijede, Şawul ony öz goşunbaşysy edip goýdy. Mundan ähli halk-da, Şawulyň hyzmatkärleri-de hoşal boldular.

[6] Dawut Jalut piliştlini öldürenden soň, adamlar öýlerine gaýdyp gelýärkäler, ähli Ysraýyl galalaryndan gelen aýallar Şawul patyşany garşylamaga çykdylar. Olar deprekdir beýleki saz gurallaryny çalyp, şadyýan aýdymlar aýdýardylar, tans edýärdiler.

[7] Aýallar şatlykdan ýaňa: «Şawul müňüsini, Dawut on müňüsini öldürdi» diýşip, aýdym aýdýardylar.

[8] Aýallaryň bu aýdýan sözi Şawula ýakmady, onuň juda gahary geldi. Ol: «Olar Dawuda on müňüsini, maňa bolsa müňüsini berýärler. Oňa indi diňe patyşa bolaýmak galdy» diýdi.

[9] Şol günden beýläk Şawul Dawudy yzarlap başlady.

[10] Ertesi Hudaý tarapyndan iberilen jyn-arwah çaltlyk bilen Şawulyň kalbyna girdi. Ol öz öýünde arlamaga başlady. Dawut hemişekisi ýaly lira çalyp otyrdy. Şawulyň elinde naýza bardy.

[11] «Dawudy diwara çüýläýin» diýen niýet bilen Şawul naýzany oňa tarap zyňdy. Emma Dawut iki gezek zyňlan naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi.

[12] Şawul Dawutdan gorkýardy, sebäbi Reb onuň bilendi, Şawuly bolsa Reb terk edipdi.

[13] Şoňa görä Şawul Dawudy öz ýanyndan aýryp, müňbaşy edip goýdy. Dawut söweşde öz goşunyna baştutanlyk edýärdi.

[14] Dawudyň hemişe işi rowaçdy, çünki Reb onuň bilendi.

[15] Onuň ähli işleriniň rowaç bolýandygyny görende, Şawul ondan gorkardy.

[16] Özlerine edenli baştutan bolup ýörensoň, tutuş Ysraýyl hem, Ýahuda hem Dawudy gowy görýärdi.

[17] Şawul Dawuda: «Ine, meniň uly gyzym Merap. Men ony saňa berjek. Diňe meniň batyrym bolup, Rebbiň üçin mertlerçe söweşseň bolýar» diýdi. Çünki Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün» diýip pikir edýärdi.

[18] Dawut Şawula: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kim, meniň maşgalam we Ysraýyldaky ata-babamyň nesli kim?» diýdi.

[19] Emma Şawulyň gyzy Merabyň Dawuda berilmeli pursady gelende, gyz oňa däl-de, meholatly Adryýele durmuşa çykaryldy.

[20] Şondan soň Dawuda Şawulyň Mikal atly gyzy aşyk boldy. Bu barada Şawula aýdanlarynda, ol hoşal boldy.

[21] Şawul «Men ony Dawuda bererin, şeýdibem, oňa duzak guraryn. Piliştliler ondan öç alar» diýip oýlandy. Şonuň üçin ikinji gezek Şawul Dawuda: «Meniň giýewim bolmaga indi sen ikinji gezek mümkinçilik aldyň» diýdi.

[22] «Patyşa senden hoşal, ähli hyzmatkärleri hem seni gowy görýär. Patyşa giýew bolmak pursadyň geldi» diýen habary assyrynlyk bilen Dawuda ýetirmekligi Şawul öz hyzmatkärlerine buýurdy.

[23] Şeýlelikde, Şawulyň hyzmatkärleri patyşanyň sözlerini Dawuda ýetirdiler. Dawut olara: «Meniň ýaly ýoksul hem arzysyz adam üçin patyşa giýew bolmaklyk ýeňil işdir öýdýäňizmi?» diýdi.

[24] Dawudyň sözlerini hyzmatkärler Şawula ýetirdiler.

[25] Soňra Şawul olara: «Onda siz Dawuda: „Ýüz sany piliştlini sünnetläp, pürçüklerini getirip, duşmanlaryndan aryny alyp berseň, patyşa senden hiç hili galyň islänok“ diýip aýdyň» diýdi. (Şeýdip, Şawul piliştlileriň eli bilen Dawutdan dynmagy ýüregine düwüpdi.)

[26] Şawulyň adamlary onuň sözlerini Dawuda ýetirenlerinde, ol patyşa giýew boljakdygyna begendi. Heniz bellenen gün gelip ýetmänkä,

[27] Dawut öz adamlary bilen gidip, iki ýüz sany piliştlini öldürdi. Patyşa giýew bolmak üçin, ol olaryň pürçüklerini başbütin getirip, oňa berdi. Şondan soň gyzy Mikaly Şawul Dawuda durmuşa çykardy.

[28] Emma Rebbiň Dawut bilen biledigine we öz gyzy Mikalyň-da oňa aşyk bolandygyna Şawul aýdyň göz ýetirdi.

[29] Şoňa görä onuň Dawutdan gorkusy has artdy we ol Dawuda ömürbaky duşman boldy.

[30] Piliştli goşunbaşylar söweşe çykýardylar. Her söweşde-de Şawulyň beýleki goşunbaşylaryna garanda, Dawut has uly ýeňişler gazanýardy. Şunlukda, Dawudyň abraýy has artdy.

1 Şamuwel — Chapters