[1] Şamuwel aradan çykdy; bütin Ysraýyl ýygnanyp, onuň ýasyny tutdy. Ony Ramadaky öz mülkünde jaýladylar. Şondan soň Dawut Paran çölüne gitdi.
[2] Magonda bir adam bardy. Onuň mülki Karmeldedi. Ol adam juda baýdy; onuň üç müň goýny, müň geçisi bardy. Ol Karmelde goýunlaryny gyrkdyrýardy.
[3] Onuň ady Nabal, aýalynyň ady Abygaýyldy. Aýaly akylly hem görmegeýdi, ýöne onuň özi deýýus hem hyrsyz adamdy. Ol Kalep neslindendi.
[4] Nabalyň öz goýunlaryny gyrkdyrýandygyny Dawut çölde eşitdi.
[5] Şonda Dawut on ýigidini şeýle tabşyryk bilen onuň ýanyna iberdi: «Karmele gidiň. Nabalyň ýanyna baryň-da, oňa menden salam aýdyň
[6] we şeýle diýiň: „Özüňiň, maşgalaňyň we ähliňiziň başyňyz abat bolsun!
[7] Men seniň gyrkymdadygyňy eşitdim. Seniň çopanlaryň biziň ýanymyzda boldular, biz olary ynjytmadyk. Karmelde bolan döwürlerinde olaryň hiç zady ýitmedi.
[8] Öz ýigitleriňden sorasaň aýdarlar. Indi senem meniň ýigitlerim bilen mylakatly bol, çünki biz ýanyňa sähetli güni geldik. Öz gullaryňa hem ogluň Dawuda nämäň bar bolsa bermegiňi towakga edýärin“».
[9] Dawudyň ýigitleri Nabalyň ýanyna baryp, ýaňky aýdylanlaryň ählisini Dawudyň adyndan oňa aýtdylar-da, ondan jogaba garaşdylar.
[10] Ýöne Nabal Dawudyň ýigitlerine şeýle jogap berdi: «Dawut diýýäniňiz kim ol? Ýyşaýyň ogly diýýäniňiz kim? Häzir öz hojaýynyndan gaçyp ýören hyzmatkär kän.
[11] Çöregimi, suwumy, gyrkymçylar üçin soýan malymyň etini getirip, nirelidigini-de bilmeýän adamlaryma berip goýberibereýinmi, hä?»
[12] Şunlukda, Dawudyň ýigitleri yzlaryna dolandylar we gelip, bularyň hemmesini Dawuda aýtdylar.
[13] Dawut ýigitlerine: «Ähliňiz gylyjyňyzy dakynyň» diýdi. Olaryň ählisi gylyjyny dakyndy, Dawut hem gylyjyny dakyndy. Dört ýüze golaý adam Dawudyň yzyna düşdi, iki ýüz adam bolsa goşlaryň ýanynda galdy.
[14] Emma bir ýigit Nabalyň aýaly Abygaýyla şeýle diýdi: «Biziň hojaýynymyza salam aýtmak üçin, Dawut çölden çaparlar ýollapdyr. Emma hojaýynymyz olary kemsitdi.
[15] Olar bize kän ýagşylyk edipdiler, bizi ynjytmandylar. Olaryň ýanynda bolan döwrümizde biziň hiç zadymyz ýitmändi.
[16] Bile goýunlarymyzy saklanymyzda, olar biziň daşymyzyň galasy bolupdylar.
[17] Indi şuny bil-de, näme etmelidigiň hakda oýlan, çünki biziň hojaýynymyza we onuň tutuş maşgalasyna garşy erbet karara gelnendir. Nabalyň häsiýeti juda ýaramaz, onuň bilen gepleşip bilýän adam ýok».
[18] Şundan soň Abygaýyl wagt ýitirmän, iki ýüz çörek, iki tulum şerap, bäş goýnuň gowurdagyny, bir batman gowurgany, ýüz goşawuç kişmişi, iki ýüz goşawuç injir kişdesini aldy-da, olary eşeklere ýükledi.
[19] Ol hyzmatkärlerine: «Öňüme düşüň, men siziň yzyňyzdan ýörejek» diýdi. Ýöne ol adamsy Nabala hiç zat aýtmady.
[20] Abygaýyl dagyň ýapgyt tarapyndan eşekli inip gelýärkä, Dawut hem adamlary bilen oňa tarap gelýärdi. Şeýdip, olar duşuşdylar.
[21] Şol wagt Dawut içini gepledip gelýärdi: «Haýp, çölde men bu adamyň ähli emlägini gorapdyryn. Onuň ýeke zady-da ýitmändi. Emma ol meniň ýagşylygyma ýamanlyk bilen jogap berdi.
[22] Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin».
[23] Abygaýyl Dawudy görende, eşekden howlukmaç düşdi-de, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi.
[24] Ol Dawudyň aýagyna ýykylyp, şeýle diýdi: «Günäsi, goý, meniň boýnuma bolsun, agam. Özüň bilen gepleşmäge gyrnagyňa ygtyýar et, onuň iki agyz sözüni diňle.
[25] Haýyş edýärin, agam, bu nejis Nabalyň sözlerini göwnüňe alma. Onuň özi-de ady ýalydyr. Onuň ady Nabal, özi-de akmak. Men keniziň agamyň, ýagny seniň iberen nökerleriňi görmändirin.
[26] Seni gan dökmekden we ar almakdan Rebbiň Özi saklapdyr. Indi, eý, agam, Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, agam, saňa ýamanlyk etmek isleýän duşmanlaryň, goý, Nabal ýaly bolsun.
[27] Ine, şu sowgatlary gyrnagyň seniň ýigitleriňe bermek üçin agasyna getirdi.
[28] Öz gyrnagyňyň hyýanatçylygyny bagyşla. Rebbiň agamyň neslini abat etjegi şübhesizdir, sebäbi agam Reb üçin göreşýär. Ömürboýy senden ýamanlyk çykmaz.
[29] Eger kimdir biri agamy yzarlasa ýa-da janyna kast etse, onda janyňy Hudaýyňyz Rebbiň aman saklasyn, duşmanlaryňy bolsa sapandan daş atan kimin edip öldürsin.
[30] -
[31] Sen agam barada aýdan ähli ýagşylyklaryny ýerine ýetirip, Reb seni Ysraýyla hökümdar bellände, onda sen nähak gan dökmek ýa-da özüňi goramak üçin hasrata sebäp bolmarsyň, ynsabyň-da saňa yza bermez. Reb özüňi ýalkanda, gyrnagyňy ýatlagyn».
[32] Dawut Abygaýyla şeýle diýdi: «Şu gün meni saňa duşuran Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!
[33] Paýhasyňa berekella, özüňe berekella. Bu gün gan dökmekden hem öç almakdan meniň ellerimi sen sakladyň!
[34] Dogrusyny aýtsam, size hasrat getirmekden meni saklan Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin, eger sen haýal etmän meniň ýanyma gelmedik bolsadyň, onda daň atýança Nabalyň ýekeje erkek göbeklisini goýman gyrjagym şübhesizdi».
[35] Soňra Dawut onuň getiren zatlaryny aldy-da: «Arkaýyn öýüňe gaýdyber; sözüň kabul boldy, haýyşyň bitdi» diýdi.
[36] Abygaýyl Nabalyň ýanyna gaýdyp geldi. Ol öýünde şalarça meýlis gurap otyrdy. Ol çendenaşa serhoşdy, keýpi diýseň çagdy. Şoňa görä, daň atýança Abygaýyl oňa dil ýarmady.
[37] Ertesi irden, serhoşlykdan açylansoň, bolan işleriň baryny aýaly oňa gürrüň berdi. Bu zatlary eşiden Nabalyň ýüreginden tutdy, ol doňňara daşa döndi.
[38] On gün çemesi wagtdan soň Reb Nabaly urdy; ol öldi.
[39] Nabalyň ölendigini eşidende, Dawut şeýle diýdi: «Meni kemsideni üçin, Nabaly günäkär saýan we Öz guluny ýaman işden saklan Rebbe alkyş bolsun! Reb Nabalyň ýaman niýetini onuň öz başyndan inderdi». Dawut Abygaýyla öýlenmek üçin oňa sawçy iberdi.
[40] Dawudyň adamlary Karmele Abygaýylyň ýanyna gelip, oňa: «Dawut bizi saňa sawçylyga iberdi» diýdiler.
[41] Ol ýerinden turdy-da, dyza çöküp tagzym etdi we şeýle diýdi: «Keniziňiz jenabymyň gullarynyň aýagyny ýuwmaga-da taýyn».
[42] Abygaýyl dessine eşege mündi. Ol bäş kenizini ýanyna alyp, Dawudyň sawçylarynyň yzyna düşdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy.
[43] Dawut ýizregelli Ahynogama-da öýlendi. Bularyň ikisi-de onuň aýaly boldy.
[44] Şawul bolsa Dawuda beren gyzy Mikaly gallymly Laýyşyň ogly Palta berdi.