[1] Dawut ol ýerden gidip, Eýngedi topragyndaky gowaklarda mesgen tutdy.
[2] Şawul piliştlileri kowmakdan gaýdyp gelende, «Dawut Eýngedi çölünde» diýip, oňa habar berdiler.
[3] Şawul tutuş Ysraýylyň saýlama adamlaryndan üç müňüsini ýanyna alyp, Dawudy hem onuň adamlaryny idäp, Daggeçi gaýasyna tarap ýola düşdi.
[4] Ol ýoluň ýakasyndaky dowar agyllaryna geldi. Şol ýerde bir gowak bardy. Şawul aýak ýoly üçin şol gowagyň içine girdi. Şol wagt Dawut adamlary bilen bile gowagyň töründe otyrdy.
[5] Adamlary Dawuda ýüzlenip: «Rebbiň saňa „Duşmanyňy eliňe bererin, sen oňa islän zadyňy edersiň“ diýen güni, ine, şu gündür» diýdiler. Dawut assyrynlyk bilen baryp, Şawulyň donunyň synyny kesdi.
[6] Muňa Dawudyň ýüregi gopan ýaly bolup gitdi.
[7] Ol adamlaryna şeýle diýdi: «Jenabyma, Rebbiň saýlan adamyna beýle zat etmekden, oňa garşy el götermekden Rebbiň Özi saklasyn, çünki ol Rebbiň seçip-saýlanydyr».
[8] Şeýdip, Dawut öz adamlaryna käýedi we olara Şawulyň garşysyna uruşmaga rugsat bermedi. Şawul bolsa gowakdan çykyp, öz ýoluna gitdi.
[9] Soňra Dawut hem gowakdan çykdy-da: «Eý, jenabym, patyşahym!» diýip, Şawulyň yzyndan gygyrdy. Şawul yzyna garanda, Dawut ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi.
[10] Soňra ol Şawula: «„Dawut saňa ýamanlyk etmek isleýär“ diýýänleriň sözüne näme üçin ynanýarsyň?
[11] Şu gün gowagyň içinde Rebbiň özüňi meniň elime berendigini öz gözleriň bilen gördüň. Seni öldürmegi talap edenlerinde-de, men saňa rehim etdim. Men olara: „Öz jenabyma el galdyrmaryn, çünki ol Rebbiň Öz seçip-saýlanydyr“ diýdim.
[12] Eý, atam, donuňdan kesilen elimdäki şu kesindini görýäňmi, ine, seret. Donuňyň synyndan kesip aldym, ýöne seni öldürmedim. Saňa ýamanlyk etmek ýa-da haýynlyk etmek niýetimiň ýokdugy şundan hem belli ahyryn. Meni öldürmek üçin aňtap ýörenem bolsaň, men seniň öňüňde günä gazanmadym.
[13] -
[14] Ikimize, goý, Reb kazylyk etsin. Meniň arymy senden, goý, Reb alsyn. Köneleriň „Ýamanlyk ýamandan çykar“ diýişleri ýaly, men saňa garşy el götermerin.
[15] Ysraýyl patyşasy kimiň garşysyna çykdy? Sen kimi yzarlap ýörsüň? Haýsydyr bir itiň maslygynymy ýa bir büränimi?
[16] Goý, bize Reb kazylyk etsin we höküm çykarsyn. Goý, muňa Onuň Özi seretsin, meni gorasyn we meni seniň eliňden halas etsin».
[17] Dawut sözüni gutaranda, Şawul: «Dawut, oglum, bu asyl senmidiň?» diýip, möňňürip aglady.
[18] Ol Dawuda şeýle diýdi: «Sen menden adalatly ekeniň. Ýamanlygyma ýagşylyk bilen jogap berdiň.
[19] Şu gün sen özüňiň maňa garaýşyňyň gowudygyny görkezdiň. Reb meni seniň eliňe berse-de, sen meni öldürmänsiň.
[20] Heý, duşmanyny ele salan adamam bir ony aman goýarmy?! Seniň maňa şu günki edeniňi Reb ýagşylyk bilen gaýtarar.
[21] Seniň hökman patyşa bolmalydygyňy, Ysraýyl patyşalygynyň seniň eliňde berkarar boljakdygyny men häzir bildim.
[22] Men ölenimden soň nesillerimi ýok etmejekdigiňe, adymy atamyň neslinden aýyrmajakdygyňa Rebden ant iç».
[23] Şawulyň diýşi ýaly, Dawut onuň öňünde ant içdi. Şondan soň Şawul öýüne gitdi, Dawut bolsa adamlary bilen bile gowaga tarap gaýtdy.