[1] Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek? Men onuň Ysraýylyň üstünden patyşalyk etmegini ret etdim! Hany bol, küýzäňi ýagdan doldur-da, ýola düş. Men seni beýtullahamly Ýyşaýyň ýanyna iberjek, çünki Men onuň ogullarynyň arasyndan birini Özüm üçin patyşa saýladym».
[2] Şamuwel: «Men nädip gideýin? Eger Şawul eşidäýse, ol meni öldürer» diýdi. Reb oňa şeýle diýdi: «Ýanyňa bir göle al-da, „Men Rebbe gurbanlyk bermäge geldim“ diý.
[3] Ýyşaýy gurbanlyga çagyr. Meniň üçin onuň haýsy oglunyň başyna ýag guýmalydygyňy soň Özüm saňa görkezerin».
[4] Şamuwel Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirdi; ol Beýtullahama geldi. Galanyň ýaşululary sandyraşyp, onuň ýanyna geldiler-de: «Eýgilikmi?» diýdiler.
[5] Şamuwel: «Eýgilik. Rebbe gurbanlyk bermek üçin geldim. Iniňizi tämizläň-de, meniň bilen gurbanlyga baryň» diýdi. Soňra ol Ýyşaý bilen onuň ogullaryny tämizläp, mukaddes etdi we olary gurbanlyga çagyrdy.
[6] Olar gelenlerinde, Şamuwel Eliýaby gördi we ol «Rebbiň seçip-saýlanynyň Onuň huzuryna gelendigine şek ýok» diýip pikir etdi.
[7] Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi.
[8] Soňra Ýyşaý Abynadaby çagyryp, ony Şamuweliň alnyndan geçirdi. Şamuwel: «Reb muny-da saýlamady» diýdi.
[9] Soňra Ýyşaý Şamuweliň öňünden Şammany geçirdi. Ol: «Reb muny-da saýlamady» diýdi.
[10] Ýyşaý ýedi oglunyň ýedisini-de şeýdip, Şamuweliň öňünden geçirdi. Şamuwel Ýyşaýa: «Reb bularyň hiç birini-de saýlamady» diýdi.
[11] Soňra ol Ýyşaýdan: «Ogullaryň hemmesi şularmy?» diýip sorady. Ýyşaý: «Ýene körpesi-de bar, ol goýun bakyp ýör» diýip jogap berdi. Şamuwel Ýyşaýa: «Ony getirt, çünki ol bu ýere özi gelýänçä, biz dyz epmeris» diýdi.
[12] Ýyşaý ony getirtdi. Ol gyzylmeňizdi, görmegeýdi, gözleri owadandy. Reb: «Bu şol, tur, onuň başyna ýag guýup saýla» diýdi.
[13] Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi.
[14] Rebbiň Ruhy Şawuldan aýryldy. Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah ony gorkuzýardy.
[15] Hyzmatkärleri Şawula şeýle diýdiler: «Görýäňizmi, Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah sizi gorkuzýar.
[16] Jenabymyz huzuryndaky hyzmatkärlerine lira çalmaga ussat adamyň gözlegine çykmagy buýursa, Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah siziň üstüňize inende, ol çalardy, siz bolsa gutulardyňyz».
[17] Şawul hyzmatkärlerine: «Ussat sazanda tapyň-da, ony ýanyma alyp geliň» diýdi.
[18] Olaryň biri: «Ýogsa-da, men beýtullahamly Ýyşaýyň bir ogluny gördüm. Saza ussat, batyr ýigit, gaýduwsyz urşujy, dilewar hem görmegeý. Reb hem onuň bilen» diýdi.
[19] Şoňa görä, Şawul Ýyşaýa: «Goýun bakyp ýören ogluň Dawudy meniň ýanyma iber» diýen habar bilen çapar ýollady.
[20] Ýyşaý ogly Dawudy Şawulyň ýanyna iberende, onuň ýany bilen bir eşege çörek, bir tulum şerap hem-de bir owlak ýükläp iberdi.
[21] Dawut Şawulyň ýanyna gelip, oňa hyzmata durdy. Şawul Dawudy juda gowy gördi we ony özüniň ýaragçy nökeri etdi.
[22] Şawul Ýyşaýa: «Dawudyň meniň hyzmatymda galmagyna ygtyýar et, ol meniň göwnümden turdy» diýip, habar ýollady.
[23] Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah Şawulyň üstüne inen wagty, Dawut lirasyny alyp çalardy, şonda jyn-arwah ondan el çekerdi we Şawul gutulyp ynjalardy.