Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:34

[1] Dawut öz ýanyndan şeýle diýdi: «Günlerde bir gün men Şawulyň elinden heläk bolaryn. Gowusy, men piliştlileriň ýurduna gaçaýyn. Şeýtsem, Şawul meni Ysraýylyň çäginden tapmak umydyny üzer; men onuň elinden halas bolaryn».

[2] Şeýdip, Dawut ýanyndaky alty ýüz adamy bilen bile Gatyň hany Magogyň ogly Akyşyň tarapyna geçdi.

[3] Olar maşgalalary bilen bile Gatda Akyş hanyň ýanynda ornaşdylar. Iki aýaly ýizregelli Ahynogam we Nabalyň dul galan aýaly karmelli Abygaýyl hem Dawudyň ýanyndady.

[4] Şawul Dawudyň Gata gaçandygyny eşidip, ony gözlemegini bes etdi.

[5] Dawut Akyş hana şeýle diýdi: «Eger men seniň göwnüňden turan bolsam, onda ýurduň obalarynyň birinden maňa ýaşar ýaly ýer ber; goý, guluň öz ýanyňda patyşa galasynda ýaşamasyn».

[6] Şeýdip, Akyş han oňa Ziklagy berdi. Şoňa görä, Ziklag şu günki güne çenli hem Ýahuda patyşalaryna degişli bolup gelýär.

[7] Dawut piliştlileriň ýurdunda bir ýyl dört aý ýaşady.

[8] Ol adamlary bilen bile geşurlaryň, girzileriň we amalekleriň üstüne çozuş etdi, bular Şura gidýän ýoluň ýakasynda, Müsüre çenli bolan aralykda gadym eýýämden bäri oturan ýerli ilatlardy.

[9] Dawut ýurda çozuş edip, aýal-erkek diýmän gyrardy; dowarlardyr öküzleri, eşeklerdir düýeleri we geýim-gejimleri olja alyp, Akyş hanyň ýanyna dolanyp gelerdi.

[10] Akyş han: «Bu gün kimiň üstüne çozduň?» diýip soranda, ol: «Negep çölündäki ýahudalaryň topragyna» diýip, ýa-da «Negep çölündäki ýerahmeýelleriň ýerlerine» diýip, ýa-da «Negep çölündäki keýnleriň ýerlerine» diýip jogap bererdi.

[11] «„Dawut şeýle-şeýle işler etdi“ diýip, biziň gürrüňimizi ederler» diýip, Dawut bir adamy-da Gata getirmezdi. Aýal-erkek diýmän, baryny gyrardy. Piliştlileriň ýurdunda bolan döwründe ol şeýle işler edipdi.

[12] Akyş han Dawuda ynanyp: «Ol öz halkynyň gözünden büs-bütin düşüp, meniň hemişelik guluma öwrüler» diýip pikir edýärdi.

1 Şamuwel — Chapters