Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:01

[1] Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Reb Öz halky ysraýyla patyşa bellemek üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Indi sen Rebbiň sözüne gulak as.

[2] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men amalekleri jezalandyrjak, çünki olar ysraýyllar Müsürden gelýärkäler, ýolda olara garşy boldular.

[3] Indi, bar, amalekleri gyr, olaryň ähli emlägini bütinleý ýok et. Olary diri galdyrma. Aýal-erkeginiň, çaga-çugasynyň, mal-garadyr dowarlarynyň, düýedir eşekleriniň baryny gyr“».

[4] Şundan soň Şawul öz urşujylaryny Telaýym galasyna toplap, olaryň sanyny aldy; iki ýüz müň pyýada goşunyň daşyndan Ýahudadan-da on müň esger bardy.

[5] Soňra Şawul amalekleriň galasyna gelip, çeşmäniň boýunda bukulyp ýatdy.

[6] Şawul keýnlere: «Amalekler bilen bile paýhynlanasyňyz gelmeýän bolsa, ol ýerden çykyň; ysraýyl halky Müsürden çykyp gaýdanda, siz oňa ýardam edipdiňiz» diýip habar ýollady. Şunlukda, keýnler ol ýerden çykdylar.

[7] Şawul Hawyladan Müsüriň gündogaryndaky Şura çenli bolan aralykda amalekleri derbi-dagyn etdi.

[8] Olar amalek patyşasy Agagy diri ele saldylar, halky bolsa gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdiler.

[9] Ýöne olar Agagy we goýunlardyr öküzleri, baga bakylan mallary, guzularyň semizlerini mahlasy, gowy zatlary diri galdyrdylar we olary bütinleý ýok etmediler. Olar diňe derde ýaramajak zatlary bütinleý ýok etdiler.

[10] -

[11] Rebbiň Şamuwele: «Şawuly patyşa edendigime ökünýärin, çünki ol Menden ýüz öwürdi, buýruklarymy ýerine ýetirmedi» diýen sözi aýan boldy. Bu Şamuweliň gaharyny getirdi. Ol bütin gijäni Rebbe perýat edip geçirdi.

[12] Şamuwel daň bilen turup, Şawulyň gözlegine çykdy. «Şawul Karmel galasyna gidip, ol ýerde özüne ýadygärlik oturtdy, soňra bolsa Gilgala gitdi» diýip, Şamuwele habar berdiler.

[13] Şamuwel Şawulyň ýanyna baranda, Şawul oňa: «Reb saňa ýar bolsun! Men Rebbiň emrini berjaý etdim» diýdi.

[14] Şamuwel oňa: «Onda bu goýunlaryň mälemesidir öküzleriň molamasy näme?» diýdi.

[15] Şawul oňa: «Adamlar bulary amaleklerden getirdiler. Halk semiz goýunlardyr öküzleri seniň Hudaýyň Rebbe gurbanlyk bermek üçin diri goýdular, galanlaryny bütinleý ýok edip taşladyk» diýip jogap berdi.

[16] Soňra Şamuwel Şawula: «Besdir! Men saňa Rebbiň öten agşamky maňa diýen zadyny aýdyp berjek» diýdi. Şawul oňa: «Aýt» diýdi.

[17] Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Özüňi ähmiýetsiz kiçi saýsaň-da, sen ysraýyl tireleriniň kethudasy dälmi eýsem? Reb seni Ysraýylyň üstünden şalyk sürmäge saýlady.

[18] Reb seni ýola salyp: „Bar, şol günälileri – amalekleri gyryp, bütinleý ýok edýänçäň, olara garşy uruş“ diýipdi.

[19] Näme üçin sen Rebbiň sözüne gulak asmadyň? Näme üçin sen olja kowalaşyp, Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiň?»

[20] Şawul oňa şeýle jogap berdi: «Men Rebbiň sözüne gulak asdym. Men Rebbiň aýdan ýerine gitdim; amalekleriň patyşasy Agagy tutup getirdim, olaryň özlerini bolsa gyryp, bütinleý ýok etdim.

[21] Emma meniň adamlarym oljadan ýok edilmeli goýunlardyr öküzleriň iň semizlerini öldürmegiň deregine, olary Gilgalda seniň Hudaýyň Rebbe gurbanlyk bermek üçin şu ýere getiripdirler».

[22] Şamuwel şeýle diýdi: «Rebbe ýakma gurbanlyklardyr sadakalar bereniň bilen, Onuň Özüne boýun egilişindäki ýaly göwni galkynarmyka? Çünki boýun egmeklik gurbanlykdan, gulak asmaklyk goçuň ýagyndan has belentdir.

[23] Çünki topalaň palçylyga barabar günädir. Tekepbirlik şere we butparazçylyga barabardyr. Rebbiň sözüni ret edendigiň üçin Reb hem seniň patyşa bolmaklygyňy ret etdi».

[24] Şawul Şamuwele şeýle jogap berdi: «Men günä gazandym, çünki men Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirmedim, seniň sözüňi tutmadym. Sebäbi men halkdan gorkup, halkyň diýeni bilen boldum.

[25] Emma indi ýalbarýaryn, günämi öt. Rebbe sežde ederim ýaly, meniň bilen bile git».

[26] Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Seniň bilen gitmerin, çünki sen Rebbiň sözüni ret etdiň, Reb hem seniň Ysraýyla patyşa bolmaklygyňy ret etdi».

[27] Şamuwel gitmekçi bolup öwrülende, Şawul onuň donunyň synyndan ýapyşdy, don ýyrtyldy.

[28] Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi.

[29] Şeýle hem, Ysraýyl Şöhraty ýalan sözlemez ýa-da pikirini üýtgetmez. Çünki Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir».

[30] Soňra Şawul Şamuwele: «Men günä gazandym. Ýöne halkymyň ýaşulularynyň öňünde we Ysraýylyň arasynda meni ryswa etme. Hudaýyň Rebbe sežde etmegim üçin, gaýdanyňda bile gideli» diýdi.

[31] Şunlukda, Şamuwel yzyna Şawul bilen bile gaýtdy; Şawul Rebbe sežde etdi.

[32] Soňra Şamuwel şeýle diýdi: «Amalekleriň patyşasy Agagy meniň ýanyma alyp geliň». Agak onuň ýanyna göwnühoş halda geldi. Agak öz ýanyndan «ölüm howpy sowuldy» diýip oýlandy.

[33] Şamuwel oňa: «Seniň gylyjyň aýallary öz çagalaryndan mahrum etdi. Seniň öz ejeň hem, goý, şol aýallar ýaly perzendinden mahrum bolsun» diýdi we Agagy Gilgalda Rebbiň huzurynda kerçäp taşlady.

[34] Soňra Şamuwel Rama, Şawul bolsa öz Gibgadaky öýüne gitdi.

[35] Şondan soň Şamuwel ömri ötýänçä Şawuly gaýdyp ýeke gezek görmese-de, onuň derdini çekip gezdi. Reb Şawuly Ysraýyla patyşa edendigine ökündi.

1 Şamuwel — Chapters