[1] Şawul patyşa bolanda otuz ýaşlaryndady. Ol Ysraýyla kyrk iki ýyl patyşalyk etdi.
[2] Şawul ysraýyllardan üç müň adamy saýlap aldy. Olaryň iki müňüsini ol Mikmaşda we Beýtel daglygynda öz ýanynda saklady; müňüsini bolsa ogly Ýonatan bilen benýamin topragyndaky Gibga galasynda ýerleşdirdi. Galanlaryny bolsa yzlaryna, öýli-öýüne ugratdy.
[3] Ýonatan piliştlileriň Gebadaky goşunyny derbi-dagyn etdi. Bu habar piliştlilere baryp ýetdi. Şawul: «Goý, ýewreýler eşitsinler!» diýip, mundan habardar etmek üçin, ýurduň ähli ýerinde şahdan edilen surnaý çaldyrdy.
[4] Şawulyň piliştli goşuny derbi-dagyn edendigini ysraýyllar eşidenlerinde, piliştlileriň özleri bilen öjügendiklerini duýup, olar Gilgala Şawulyň ýanyna ýygnandylar.
[5] Üç müň söweş arabaly, alty müň söweş arabaly esgerleri we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular.
[6] Ysraýyllar çykgynsyz ýagdaýa düşendiklerini görenlerinde (çünki olaryň goşunlary gowy gysaja salnypdy), olaryň käsi gowaklarda, çukurlarda, gaýalarda, mazarlarda we gurruk guýularda gizlendiler.
[7] Birnäçe ýewreý bolsa Iordan derýasyndan geçip, Gat hem-de Gilgat topragyna aralaşdy. Şawul heniz Gilgaldady we onuň ýanyndaky goşun gorkudan ýaňa sandyraşýardy.
[8] Şamuweliň bellän möhletine görä, Şawul ýedi gün garaşdy, emma Şamuwel Gilgala gelmedi. Şawulyň ýanyndaky halk ondan çetleşip başlady.
[9] Şonda Şawul halka: «Ýakma we salamatlyk gurbanlygy üçin mal getiriň» diýdi. Şeýdip, ol ýakma gurbanlygyny berdi.
[10] Şawul ýakma gurbanlyk bermekligi ýaňy gutardym edende, Şamuwel geldi. Garşylamak hem salamlaşmak üçin, Şawul onuň öňünden çykdy.
[11] Şamuwel oňa: «Näme iş bitirdiň?» diýdi. Şawul oňa şeýle jogap berdi: «Töweregimdäki halk menden çetleşip başlady, sen hem aýdan möhletiňde gelmediň, piliştliler bolsa Mikmaşa ýygnandylar.
[12] Onsoň men: „Indi piliştliler Gilgala, meniň üstüme dökülerler. Men bolsa Rebden medet hem dilemedim“ diýip oýlandym we ýakma gurbanlyk bermäge mejbur boldum».
[13] Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Akmaklyk etdiň, öz Hudaýyň Rebbiň emrini tutmadyň. Reb seniň Ysraýylyň üstünden edýän şalygyňy ömürlik ebedileşdirjekdi.
[14] Ýöne, ine, indi seniň şalygyň dowam etmez. Reb Öz göwnünden turýan birini tapyp, ony Öz halkyna hökümdar bellär. Çünki sen Rebbiň emrini tutmadyň».
[15] Soňra Şamuwel Gilgaldan benýamin topragyndaky Gibga galasyna gitdi. Şawul öz ýanyndaky adamlary sanady; jemi alty ýüz töweregi adam çykdy.
[16] Şawul, onuň ogly Ýonatan we olaryň ýanyndakylaryň ählisi benýamin topragyndaky Gebada galdy. Piliştliler bolsa Mikmaşda düşelge gurupdylar.
[17] -
[18] Piliştli hüjümçiler üç topara bölünip, öz düşelgelerinden çykdylar. Olaryň birinji topary Şugalyň Opra ýoluna tarap, beýlekisi Beýthorona, üçünji topar bolsa çölüň üsti bilen Sebogym jülgesinden serhede tarap öwrüldi.
[19] Ysraýyl ýurdunyň hiç bir ýerinde ýekeje-de demirçi ussa ýokdy. Sebäbi piliştliler gylyçdyr naýza ýasamaga ýewreýlere ýol bermeýärdiler.
[20] Şoňa görä, ähli ysraýyllar azaldyr kätmenlerini, paltadyr oraklaryny eltip, piliştlilere çarhladardylar.
[21] Azal we kätmen çarhlatmagyň nyrhy bir ýarym mysgal kümşe, paltadyr orak çarhlatmagyň nyrhy bolsa bir mysgal kümşe barabardy.
[22] Şol sebäpli uruş wagtynda Şawul bilen Ýonatanyň adamlarynyň elinde ne gylyç, ne-de naýza bardy. Bu ýaraglar diňe Şawul bilen onuň ogly Ýonatanda bardy.
[23] Şol arada piliştli goşunyň öňdäki bölümi Mikmaş geçelgesine gitdi.