Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:27

[1] Ammonlaryň şasy Nahaş aýaga galyp, Gilgatdaky Ýabeş galasyny gabawa saldy. Ýabeşiň halky Nahaşa: «Biziň bilen ylalaşyk baglaş, biz saňa gul bolaly» diýdiler.

[2] Ammonlaryň şasy Nahaş olara: «Men siziň ähliňiziň sag gözüňizi oýup, sizi tutuş Ysraýyla wejera etmek şerti bilen ylalaşyk baglaşaryn» diýip jogap berdi.

[3] Ýabeşiň ýaşululary oňa: «Bize ýedi gün puryja ber; Ysraýylyň ähli ýerine çaparlar göndereli. Eger ol ýerden bize kömek eder ýaly adam tapylmasa, onda biz siziň ygtyýaryňyzda» diýdiler.

[4] Çaparlar Şawulyň ýaşaýan Gibga galasyna gelip, ýagdaýy halka habar berenlerinde, halk möňňürip aglady.

[5] Hut şol mahal Şawul örüden öküzlerini alyp gelýärdi. Ol: «Näme boldy? Adamlar nämäniň ýasyny tutýarlar?» diýip sorady. Ýabeşden gelen çaparlaryň getiren habaryny oňa aýtdylar.

[6] Şawul ol sözleri eşidende, Hudaýyň Ruhy onuň kalbyny eýeledi. Şawulyň gaty gahary geldi.

[7] Ol iki sany öküzi soýup, olaryň etini dogrady. Soňra: «Kimde-kim Şawul bilen Şamuweliň yzyna düşmese, onuň-da öküzleriniň başyna şu öküzleriň güni geljekdir» diýen sözler bilen etleri çaparlar arkaly Ysraýylyň ähli ýerine iberdi. Onsoň halky Rebbiň haýbaty gurşap aldy, olar bir adam ýaly bolup ýygnandylar.

[8] Şawul olary Bezege ýygnady. Ol ýere Ysraýyldan üç ýüz müň adam, Ýahudadan otuz müň adam toplandy.

[9] Olar Ýabeşden gelen çaparlara: «Ertir Gün asmana galyberende, halas boljakdyklaryny Gilgatdaky Ýabeşiň halkyna aýdyň» diýdiler. Çaparlar gelip, muny olara habar berenlerinde, ýabeşliler begendiler.

[10] Ýabeşliler Nahaşa: «Ertir biz size boýun egeris, siz bize islän zadyňyzy edip bilersiňiz» diýip jogap berdiler.

[11] Daňyň ümüş-tamşynda Şawul adamlary üç topara böldi. Daň agaranda olar ammonlaryň düşelgesine aralaşdylar we Gün günortan bolýança, olary ýer bilen ýegsan etdiler. Diri galanlar dyr-pytrak bolup gaçdylar.

[12] Soňra adamlar Şamuwele: «„Şawulmy indi bize patyşa boljak“ diýenler kimler? Getiriň, biz olary öldürjek» diýdiler.

[13] Emma Şawul halka: «Bu gün hiç kim öldürilmez, çünki bu gün Ysraýyly Reb halas etdi» diýdi.

[14] Soňra Şamuwel olara: «Ýörüň, Gilgala gideliň-de, ol ýerde Şawulyň şalygyny täzeden tassyklalyň» diýdi.

[15] Şondan soň tutuş halk Gilgala gitdi. Ol ýerde olar Rebbiň huzurynda Şawuly täzeden patyşa diýip yglan etdiler we Rebbiň huzurynda salamatlyk gurbanlygyny berdiler; Şawul we ähli ysraýyllar uly toý tutdular.

1 Şamuwel — Chapters