[1] Isa geçip barýarka, bir dogabitdi kör adamy gördi.
[2] Şägirtleri Ondan: «Mugallym, bu adamyň kör bolup dogulmagyna kim günäkär? Onuň özi günäkärmi ýa-da ene-atasy?» diýip soradylar.
[3] Isa olara: «Muňa ol adamyň özi hem, ene-atasy hem günäkär däl. Bu onda Hudaýyň işleriniň görkezilmegi üçin boldy.
[4] Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez.
[5] Men dünýädekäm, dünýäniň nury Mendirin» diýip jogap berdi.
[6] Onsoň Isa ýere tüýkürdi-de, tüýküliginden palçyk ýasap, ony körüň gözüne sürtdi.
[7] Soňra oňa: «Git-de, Siloýam howzunda ýuwun» diýdi. (Siloýam «Iberilen» diýmekdir.) Ol gidip ýuwundy we yzyna gözleri açylyp geldi.
[8] Goňşulary we onuň owal dilegçilik edip ýörenini görenler: «Bu oturyp, dilegçilik edýän adam dälmi?» diýip soradylar.
[9] Käbirleri: «Şol» diýdiler; käbirleri: «Ýok, bu şoňa meňzeş» diýdiler. Ýöne onuň özi: «Hawa, men şol adam» diýdi.
[10] Ondan: «Şeýle bolsa, onda gözleriň nähili açyldy?» diýip soradylar.
[11] Ol: «Isa diýen Adam palçyk ýasap, gözüme sürtdi-de: „Siloýam howzuna git-de, ýuwun“ diýdi. Men hem gidip ýuwundym welin, gözlerim açylaýdy» diýip jogap berdi.
[12] Ondan: «Şol Adam nirede?» diýip soradylar. Ol: «Bilemok» diýip jogap berdi.
[13] Ozal kör bolan bu adamy fariseýleriň ýanyna getirdiler.
[14] Isanyň palçyk ýasap, onuň gözlerini açan güni Sabat günüdi.
[15] Fariseýler-de onuň gözüniň nähili açylandygy barada soradylar. Ol adam: «Ol meniň gözüme palçyk sürtdi, onsoň ýuwundym. Indi men görýärin» diýip jogap berdi.
[16] Fariseýleriň käbirleri: «Ol Adam Hudaýdan däl, sebäbi Sabat gününi saklamaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Eýsem günäkär adam beýle gudratly alamatlary görkezip bilermi?» diýdiler. Şeýdip, olaryň arasynda agzalalyk döredi.
[17] Olar ýene-de körden: «Gözüňi açan şol Adam barada näme diýýärsiň?» diýip soradylar. Ol hem: «Ol bir pygamber» diýdi.
[18] Ýahudylaryň baştutanlary gözleri açylan adamyň ejesi bilen kakasyny çagyryp soraýançalar, onuň ozal kör bolup, indi gözleriniň açylandygyna ynanmadylar.
[19] Olardan: «Kör doguldy diýýän ogluňyz şumy? Indi bu nädip görýär?» diýip soradylar.
[20] Onuň ejesi bilen kakasy olara: «Munuň öz oglumyzdygyny, onuň kör doglandygyny bilýäris.
[21] Ýöne onuň indi nädip görýändigini ýa-da onuň gözüni kimiň açandygyny biz bilmeýäris. Ol indi bir ýetişen ýigit, özünden soraň, goý, özi aýdyp bersin» diýip jogap berdiler.
[22] Onuň ejesi bilen kakasy ýahudylaryň baştutanlaryndan gorkularyna şeýle diýdiler. Sebäbi ýahudylar Isanyň Mesih digini ykrar eden adamy sinagogadan kowmak barada dil birikdiripdiler.
[23] Şonuň üçin onuň ejesi bilen kakasy: «Ol bir ýetişen ýigit, özünden soraň» diýdiler.
[24] Şeýlelik bilen, fariseýler ozalky köri ikinji gezek çagyryp, oňa: «Hudaýyň haky üçin hakykaty aýt. Biz ol Adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler.
[25] Ol adam: «Onuň günäkärdigini ýa-da däldigini bilemok. Ýöne men bir zady bilýärin: ozal kördüm, indi görýärin» diýip jogap berdi.
[26] «Ol saňa näme etdi? Gözüňi nädip açdy?» diýip, ondan ýene soradylar.
[27] Ol bulara: «Men ýaňy aýtdym ahyry, ýöne diňlemediňiz. Näme üçin ýene eşitmek isleýärsiňiz? Ýa sizem Onuň şägirtleri bolmakçymy?» diýip jogap berdi.
[28] Oňa sögüp: «Onuň şägirdi – sensiň, biz Musanyň şägirdidiris.
[29] Biz Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris, bu Adamyň bolsa niredendigini-de bilmeýäris» diýdiler.
[30] Ýaňky adam olara şeýle jogap berdi: «Haýran galaýmaly! Siz Onuň niredendigini-de bilmeýärsiňiz, Ol bolsa meniň gözlerimi açdy.
[31] Hudaýyň günäkärleri diňlemeýändigini bilýäris, emma kim Oňa sežde edip, Onuň yradasyny berjaý etse, Hudaý ony diňleýär.
[32] Dogabitdi körüň gözüniň açylmagy henize çenli görlüp-eşidilen zat däl.
[33] Eger Ol Hudaýdan bolmadyk bolsa, hiç zat edip bilmezdi».
[34] Oňa: «Sen bütinleý günä içinde doglup, indi bize akyl satýarmyň?» diýdiler. Şeýlelikde, ony sinagogadan kowup çykardylar.
[35] Ony kowup goýberenlerini eşiden Isa ýaňky adamy tapyp: «Sen Ynsan Ogluna iman edýärmiň?» diýdi.
[36] Ol hem Oňa: «Aga, aýtsana, Ol kimkä? Men Oňa iman edeýin» diýip jogap berdi.
[37] Isa oňa: «Sen Ony gördüň. Ine, seniň bilen gepleşip duran Şoldur» diýdi.
[38] Ol hem: «Ýa Reb, iman edýärin» diýip, Oňa sežde etdi.
[39] Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm çykarmaga geldim» diýdi.
[40] Muny diňläp duran fariseýleriň käbiri Ondan: «Eýsem bizem körmi?» diýip soradylar.
[41] Isa olara: «Kör bolan bolsadyňyz, günäňiz bolmazdy, emma görýäris diýeniňiz üçin günäňiz öz boýnuňyzda galar» diýdi.