[1] Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi.
[2] Agşamlyk nahar wagtydy. Iblis eýýäm Simunyň ogly Ýudas Iskariýodyň kalbyna Isa haýynlyk etmek niýetini salypdy.
[3] Isa Atasynyň ähli zady Öz ygtyýaryna berendigini, Özüniň Hudaýdan gelip, Hudaýa gitjekdigini bilýärdi.
[4] Şonuň üçin Ol nahar başyndan turup, donuny çykardy-da, bir ýaglyk bilen bilini guşady.
[5] Onsoň bir legene suw guýdy-da, şägirtleriniň aýaklaryny ýuwup, guşanan ýaglygy bilen süpürmäge durdy.
[6] Isa Simun Petrusyň ýanyna gelende, Petrus Oňa: «Eý, Agam, Sen meniň aýagymy ýuwjak bolýarmyň?» diýdi.
[7] Isa oňa: «Meniň edýän işime entek akylyň çatmaýar, muňa soň düşünersiň» diýdi.
[8] Petrus Oňa: «Ýok, men Saňa aýagymy asla ýuwdurmaryn!» diýdi. Emma Isa oňa: «Eger ýuwmasam, onda Meniň bilen şärikligiň bolmaz» diýip jogap berdi.
[9] Simun Petrus Oňa: «Agam, onda diňe aýagymy däl, elimi-de, başymy-da ýuw» diýdi.
[10] Isa oňa: «Ýuwnan adamyň diňe aýagyny ýuwmakdan başga hajaty ýokdur, tutuş bedeni tämizdir. Siz hem tämizsiňiz, ýöne hemmäňiz däl» diýdi.
[11] Isa Özüne kimiň haýynlyk etjekdigini bilýärdi. Şonuň üçin-de «Hemmäňiz tämiz däl» diýipdi.
[12] Isa olaryň aýaklaryny ýuwup bolanyndan soň, donuny geýdi-de, ýene saçak başyna geçip oturdy we olara şeýle diýdi: «Size näme edenime düşünýärsiňizmi?
[13] Siz Maňa „Mugallym“, „Aga“ diýip, dogry aýdýarsyňyz, sebäbi Men Şolduryn.
[14] Eger Men siziň Agaňyz we Mugallymyňyz bolubam, aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyňyzy ýuwmalysyňyz.
[15] Meniň size edenimi, siz hem biri-biriňize edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim.
[16] Men size dogrusyny aýdýaryn, gul hojaýyndan beýik däldir, habarçy-da özüni iberenden beýik däldir.
[17] Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.
[18] Men siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn. Men Öz saýlanlarymy bilýärin. Emma, goý, bu Mukaddes Ýazgylardaky: „Hatda duzumy iýen maňa haýynlyk etdi“ diýen sözler berjaý bolsun.
[19] Men size näme boljagyny öňünden aýdýaryn. Bular amala aşan wagty siz Meniň kimdigime göz ýetirersiňiz, Maňa ynanarsyňyz.
[20] Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir, Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir».
[21] Bu zatlary aýdandan soň, Isanyň ýüregini gussa gaplady. Ol: «Hakykatdan hem, siziň biriňiz Maňa haýynlyk edersiňiz» diýip, açyk aýtdy.
[22] Şägirtleri Onuň muny kime kakdyryp aýdýanyny bilmän, aljyraňňylyk bilen biri-birlerine seredişdiler.
[23] Saçak başynda şägirtlerden biri Isa ýaplanyp otyrdy. Ol Isanyň söýgüli şägirdidi.
[24] Simun Petrus Onuň kime kakdyryp aýdýanyny soramagy ýaňky şägirde ümledi.
[25] Ol hem Isa ýaplanyp oturşyna Ondan: «Agam, ol kim?» diýip sorady.
[26] Isa: «Şu çöregi okara batyryp, kime bersem, ol şoldur» diýip jogap berdi. Onsoň Ol çöregi okara batyrdy-da, ony Simunyň ogly Ýudas Iskariýoda berdi.
[27] Çöregi alan badyna, Ýudanyň içine şeýtan girdi. Isa oňa: «Näme etjek bolsaň, tizräk et» diýdi.
[28] Muny Isanyň oňa näme üçin aýdanyna oturanlaryň hiç biri düşünmedi.
[29] Pul torba Ýudasda bolansoň, käbirleri Isa oňa: «Baýram üçin bize gerek zatlary satyn al» ýa-da «Garyplara biraz pul paýla» diýýändir öýtdüler.
[30] Ýudas bolsa çöregi alan badyna daşary çykyp gitdi. Garaňky düşüpdi.
[31] Ýudas çykyp gidensoň, Isa şeýle diýdi: «Indi Ynsan Ogly şöhratlandyryldy, Hudaý-da Ol arkaly şöhratlandyryldy.
[32] Eger Hudaý Ynsan Ogly arkaly şöhratlanan bolsa, Ony hem Öz şöhratyna şärik eder. Hawa, Ony şol pursadyň özünde şöhratlandyrar.
[33] Balalarym! Men indi siziň bilen uzak bolmaryn. Siz Meni agtararsyňyz, ýöne ýahudylara aýdanymy size-de aýdýaryn: „Meniň gitjek ýerime siz baryp bilmersiňiz“.
[34] Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň. Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň.
[35] Eger biri-biriňizi söýseňiz, hemmeler siziň Meniň şägirdimdigiňizi bilerler».
[36] Simun Petrus Isadan: «Agam, Sen nirä barýarsyň?» diýip sorady. Isa oňa: «Sen Meniň bilen häzir gidip bilmersiň, ýöne soňra baryp bilersiň» diýip jogap berdi.
[37] Petrus Oňa: «Agam, näme üçin men Seniň bilen häzir gidip bilmerin? Men Seniň üçin janymy bermäge-de taýýar» diýdi.
[38] Isa oňa: «Sen Meniň üçin janyňy bermäge taýýarmyň?! Men saňa dogrusyny aýdýaryn, horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýip jogap berdi.