Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:15

[1] Men size bu zatlary imandan dänmezligiňiz üçin aýtdym.

[2] Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder.

[3] Olar bu işleri Atam bilen Meni tanamaýandyklary üçin ederler.

[4] Bulary Men size häzirden aýdyp goýýaryn. Wagty gelende, bulary size aýdandygymy ýadyňyza salarsyňyz. Size bulary ilkibaşda gürrüň bermedim, sebäbi Özüm siziň bilen biledim.

[5] Indi bolsa Men Özümi Ibereniň ýanyna gidýärin. Siziň hiç biriňiz Menden: «Nirä gidýärsiň?» diýip soramaýarsyňyz.

[6] Muňa derek bu zatlary aýdanym üçin siziň ýüregiňiz gaýgy-gama batdy.

[7] Emma Men size hakykaty sözleýärin: Meniň gitmegim siziň üçin bähbitdir. Men gitmesem, Hemaýatçy size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin.

[8] Hemaýatçy gelen wagty dünýäniň günä, adalat we höküm babatda nähakdygyny subut eder.

[9] Günä baradaky hakykat şundan ybarat: adamlar Maňa ynanmaýarlar.

[10] Adalat babatda bolsa, Men Atamyň ýanyna gidýärin we mundan beýläk siz Meni görmersiňiz.

[11] Höküm babatda aýtsam, bu dünýäniň hökümdary şeýtan höküm edilendir.

[12] Size aýtjak ýene köp zatlarym bar, emma mundan artygy aňyňyza sygmaz.

[13] Emma Hakykat Ruhy gelen wagty sizi tutuş hakykata alyp gider. Ol Öz-Özünden geplemez, näme eşitse, şony geplär we geljek zatlary size aýan eder.

[14] Ol Meni şöhratlandyrar, sebäbi Menden eşiden zatlaryny size aýan eder.

[15] Atamyň ähli zatlary Meniňkidir. Şonuň üçin Menden eşiden zatlaryny size aýan eder diýdim.

[16] «Az wagtdan soň siz Meni görmersiňiz, emma köp wagt geçmänkä, ýene Meni görersiňiz».

[17] Şonda Isanyň käbir şägirtleri biri-birine: «Onuň: „Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, emma köp wagt geçmänkä, ýene Meni görersiňiz“, şeýle hem: „Men Atamyň ýanyna gidýärin“ diýen sözleri näme aňladýarka?» diýişdiler.

[18] Olar sözüni dowam edip: «Az wagtdan soň Meni görmersiňiz diýdigi nämekä? Onuň näme diýmekçi bolýanyna biz-ä düşünmeýäris» diýdiler.

[19] Isa Özüne sorag bermek isleýändiklerini bilip, şeýle diýdi: «Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, emma köp wagt geçmänkä, ýene Meni görersiňiz diýýänim üçin biri-biriňize sorag berýärsiňizmi?

[20] Size dogrusyny aýdýaryn, siz aglap ýas tutarsyňyz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gaýga batarsyňyz, ýöne gaýgyňyz şatlyga öwrüler.

[21] Aýal dogurjak wagty agyry çekýändir, sebäbi aýy-güni dolandyr. Emma çaga doglandan soň, ol çaganyň dünýä inenliginiň şatlygy bilen gaýgy-gussany unudar.

[22] Siz hem şeýlesiňiz, häzir gam-gussa çekýärsiňiz, emma Men sizi ýene görerin, şonda göwnüňiz galkynar, hiç kim sizden şatlygyňyzy alyp bilmez.

[23] Şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz. Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.

[24] Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar.

[25] Men bu zatlary size tymsallar arkaly aýtdym, ýöne wagt geler, Men tymsallar bilen geplemän, Atam barada aç-açan gürrüň bererin.

[26] Şol gün Atamdan Meniň adym bilen özüňiz dilärsiňiz. Meniň siziň üçin Atamdan dilemegimiň hajaty bolmaz.

[27] Çünki Atamyň Özi sizi söýýär, sebäbi siz Meni söýüp, Meniň Hudaýdan gelendigime ynandyňyz.

[28] Men Atamyň ýanyndan gaýdyp, dünýä geldim. Indi bolsa dünýäni taşlap, Atamyň ýanyna barýaryn».

[29] Isanyň şägirtleri Oňa: «Ine, indi Sen hiç bir tymsalsyz, açyk sözleýärsiň.

[30] Seniň ähli zatlary bilýändigiňe biz indi düşündik. Saňa sorag bermegiň geregi ýok. Indi biz Seniň Hudaýdan gelendigiňe ynanýarys» diýdiler.

[31] Isa olara: «Indi çyndan ynanýarsyňyzmy?

[32] Ine, wagt geler, eýýäm geldi hem, ähliňiz öýli-öýüňize dargaşyp gidersiňiz. Meni ýeke taşlap gidersiňiz. Emma Men ýeke däldirin, sebäbi Atam Meniň bilendir.

[33] Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.

Ýohannanyň hoş habary — Chapters