[1] Bu wakalardan soň, Isa Tiberiýa kölüniň kenarynda ýene şägirtlerine göründi. Bu şeýle boldy:
[2] Simun Petrus, Ekiz lakamly Tomas, Jeliläniň Kana şäherinden bolan Natanaýel, Zebedeýiň ogullary we Isanyň şägirtlerinden ýene ikisi bir ýere üýşüpdiler.
[3] Simun Petrus olara: «Men balyk tutmaga gidýärin» diýdi. Olar-da: «Biz hem seniň bilen gitjek» diýdiler-de, gaýyga münüp gitdiler, ýöne şol gije hiç zat tutup bilmediler.
[4] Gün doganda, Isa kenarda durdy, ýöne şägirtleri Onuň Isadygyny bilmediler.
[5] Isa olardan: «Eý, dostlar, iýmäge zadyňyz barmy?» diýip sorady. Olar: «Ýok» diýip jogap berdiler.
[6] Isa olara: «Toruňyzy gaýygyň sag tarapyna taşlaň, tutarsyňyz» diýdi. Olar tory sag tarapa taşladylar welin, şeýle bir köp balyk tutdular, hatda balygyň köplüginden ýaňa tory çekip çykarybam bilmediler.
[7] Şonda Isanyň söýgüli şägirdi Petrusa ýüzlenip: «Bu Reb Isadyr!» diýdi. Simun Petrus Onuň Rebdigini eşiden badyna egnindäki köýneginiň etegini guşagyna gysdyryp, özüni köle oklady.
[8] Beýleki şägirtler bolsa balykdan doly tory çekip, gaýyk bilen ýüzüp geldiler. Olar kenardan uzak däldiler, onuň iki ýüz ädim çemesi golaýyndadylar.
[9] Olar gury ýere çykanlarynda, çörek we közüň üstünde bişip duran balyk gördüler.
[10] Isa olara: «Indi tutan balyklaryňyzdan getiriň» diýdi.
[11] Simun Petrus gaýyga münüp, içinde ýüz elli üç sany ullakan balykdan doly tory kenara çykardy. Balyk şeýle köp bolsa-da, tor ýyrtylmandy.
[12] Isa olara: «Hany, geliň, ertirlik ediniň» diýdi. Ondan: «Sen kim?» diýip soramaga şägirtleriň hiç biri milt edip bilmedi. Olar Onuň Rebdigini bilýärdiler.
[13] Isa olaryň ýanyna geldi-de, çöregi alyp, olara berdi, balygy hem şeýle etdi.
[14] Bu Isanyň direlenden soň, şägirtlerine üçünji gezek görnüşidi.
[15] Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusdan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýip sorady. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Guzularymy otlat» diýdi.
[16] Isa ikinji gezek ondan ýene: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen, hakykatdan hem, Meni söýýärsiňmi?» diýip sorady. Ol hem Isa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýip jogap berdi. Isa oňa: «Goýunlarymy bak» diýdi.
[17] Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat.
[18] Men saňa dogrusyny aýdýaryn, ýaşkaň özüň biliňi guşap, islän ýeriňe gidýärdiň. Garranyňda welin, elleriňi uzadyp durarsyň, seni başga biri guşandyryp, islemeýän ýeriňe alyp gider» diýdi.
[19] Isa bulary Petrusyň nähili ölüm bilen ölüp, Hudaýy şöhratlandyrjakdygyny bildirmek üçin aýtdy. Muny aýdandan soňra oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi.
[20] Petrus yzyna seredende, Isanyň söýgüli şägirdiniň hem öz yzlaryna düşüp gelýänini gördi. Bu şägirt agşamlyk nahary wagtynda Isa ýaplanyp, Ondan: «Agam, Saňa haýynlyk etjek adam kim?» diýip soran şägirtdi.
[21] Petrus ony görüp, Isadan: «Ýa Reb, onuň ykbaly nähili bolar?» diýip sorady.
[22] Isa oňa: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýip jogap berdi.
[23] Şu sebäpden imanly doganlaryň arasynda bu şägirt ölmez diýen gürrüň ýaýrady. Emma Isa onuň ölmejekdigi barada aýtmandy, Ol Petrusa diňe: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýipdi.
[24] Bu zatlara şaýat bolup, şulary ýazan şol şägirtdir. Biz onuň şaýatlygynyň hakykatdygyny bilýäris.
[25] Isa başga-da köp işler etdi. Bular birin-birin ýazylan bolsa, onda ol kitaplar, meniň pikirimçe, tutuş äleme-de sygmazdy.