Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 8:28

[1] Beýtaniýa obasynda Lazar atly bir adam keselläp ýatyrdy. Onuň uýalary Merýem bilen Marta hem şol obada ýaşaýardylar.

[2] Reb Isa hoşboý ysly ýag guýup, Onuň aýagyny saçy bilen süpüren aýal şol Merýemdi. Hawa, kesel ýatan Lazar Merýemiň doganydy.

[3] Şeýlelikde, uýalar: «Agam, Seniň eziz dostuň kesel ýatyr» diýip, Isa habar ýolladylar.

[4] Isa muny eşidip: «Bu kesel onuň ölmegi üçin däl-de, Hudaýyň şöhratlanyp, bu arkaly Hudaýyň Oglunyň şöhrat gazanmagy üçindir».

[5] Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi.

[6] Emma Lazaryň kesel ýatandygyny bilse-de, Isa öňki bolýan ýerinde ýene iki gün galdy.

[7] Mundan soň Isa şägirtlerine: «Ýahudyýa dolanalyň» diýdi.

[8] Şägirtleri Oňa: «Eý, mugallym, ýahudylaryň baştutanlarynyň Seni daşlajak bolanlary ýaňy dälmidi?! Sen ýene-de şol ýere gitjek bolýarsyňmy?» diýdiler.

[9] Isa olara: «Gündiz on iki sagatdan ybarat dälmi? Kim gündiz ýörese büdremez, sebäbi ol bu dünýäniň nuruny görýändir.

[10] Emma gije ýöreýän adam büdrär, sebäbi onda nur ýokdur» diýip jogap berdi.

[11] Soňra Isa olara ýene-de: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr. Men şony oýarmak üçin gidýärin» diýdi.

[12] Şägirtleri Oňa: «Agam, uklap ýatan bolsa sagalar» diýdiler.

[13] Isa onuň ölendigi hakda aýdýardy, ýöne olar adaty uky hakda aýdýandyr öýtdüler.

[14] Şeýlelikde, Isa olara anygyny aýtdy: «Lazar aradan çykdy.

[15] Iman etmegiňiz üçin, Men siziň hatyraňyza ol ýerde bolmandygyma begenýärin. Indi bolsa, ýörüň, onuň ýanyna gideliň».

[16] Şonda Ekiz lakamly Tomas diýen şägirt beýleki şägirtlere: «Ýörüň, bizem gideliň-de, Isa bilen bile öleliň» diýdi.

[17] Isa Beýtaniýa gelende, Lazaryň jaýlananyna eýýäm dört gün bolan eken.

[18] Beýtaniýa Iýerusalimden bary-ýogy üç çakrym daşlykda ýerleşýärdi.

[19] Marta bilen Merýeme göwünlik bermäge köp ýahudylar Lazaryň patasyna gelipdiler.

[20] Marta Isanyň gelýänini eşidip, Ony garşylamaga çykdy. Merýem bolsa öýde galdy.

[21] Marta Isa: «Eý, Agam, Sen şu ýerde bolan bolsadyň, doganym ölmezdi.

[22] Häzir hem Hudaýdan näme dileseň, Seniň dilegiňi bitirjegini bilýärin» diýdi.

[23] Isa oňa: «Doganyň direler» diýdi.

[24] Marta bolsa: «Men ahyrky gün, ýagny ölüleriň direliş gününde onuň direljegini bilýärin» diýdi.

[25] Isa oňa: «Direlişem, ýaşaýyşam Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar.

[26] Kim Maňa iman edip ýaşaýan bolsa, ol asla ölmez. Sen şuňa ynanýarsyňmy?» diýdi.

[27] Ol Isa: «Hawa, Agam. Men Seniň şu dünýä gelmeli Hudaýyň Ogly Mesih digiňe ynanýaryn» diýdi.

[28] Marta şeýle diýensoň, uýasy Merýemi çagyrmaga gitdi. Ony bir çete çekip: «Mugallym şu ýerde. Ol seni çagyrýar» diýdi.

[29] Merýem muny eşiden badyna ýerinden turup, Isanyň ýanyna gitdi.

[30] Isa entek oba girmändi, Ol heniz hem Martanyň garşylan ýerindedi.

[31] Öýde Merýemiň ýanynda bolup, oňa göwünlik berýän ýahudylar onuň howlukmaç çykyp gidenini gördüler. Ol aglamak üçin mazara tarap barýandyr öýdüp, olar onuň yzyndan gitdiler.

[32] Merýem Isanyň duran ýerine geldi. Ony görüp, aýaklaryna ýykyldy-da: «Agam, Sen şu ýerde bolan bolsadyň, doganym ölmezdi» diýdi.

[33] Merýemiň we onuň bilen bile gelen ýahudylaryň aglaýanyny görende, Isanyň kalbyny çuňňur gynanç gaplap, ýüregi gyýyldy.

[34] Ol: «Ony nirede jaýladyňyz?» diýip sorady. Oňa: «Eý, Agam, gel, gör» diýdiler.

[35] Isanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş akdy.

[36] Şonda ýahudylar: «Serediň, Ol ony nähili gowy görýän eken!» diýişdiler.

[37] Käbirleri bolsa: «Körüň gözüni açan Adam Lazary-da ölümden alyp galyp bilmezmidi?» diýişdiler.

[38] Şol wagt Isanyň ýüregi gyýym-gyýym bolup, mazaryň ýanyna bardy. Mazar bir gowakdy, onuň agzyna bolsa daş goýupdylar.

[39] Isa: «Daşy aýryň» diýdi. Merhumyň uýasy Marta Oňa: «Agam, ol eýýäm porsandyr, ony jaýlanymyza dört gün boldy ahyry» diýdi.

[40] Isa oňa: «Eger iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmänmidim?» diýdi.

[41] Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni göge dikip: «Eý, Ata, Meni eşideniň üçin Saňa şükür edýärin.

[42] Seniň Meni hemişe-de eşidýändigiňi bilýärin. Emma bu sözleri şu ýerde duran halk üçin, Meni Seniň iberendigiňe iman etsinler diýip aýtdym» diýdi.

[43] Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: «Lazar, daşary çyk!» diýip gygyrdy.

[44] Elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan merhum mazardan çykdy. Isa olara: «Onuň kepenini aýryň, goý, gitsin» diýdi.

[45] Şeýlelikde, Merýemiň ýanyna gelen ýahudylaryň köpüsi Isanyň eden işini görüp, Oňa iman etdiler.

[46] Birnäçesi bolsa baryp, Isanyň eden işlerini fariseýlere gürrüň berdiler.

[47] Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler ýokary mejlisi çagyryp: «Näme etmeli? Bu Adam köp gudratlar görkezýär.

[48] Muňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder. Rimliler hem gelip, ybadathanamyzy we halkymyzy ýok ederler» diýdiler.

[49] Olaryň arasynda şol ýyl baş ruhany bolan Kaýafa-da bardy. Kaýafa olara: «Siz hiç zady bilmeýärsiňiz.

[50] Ähli halkyň heläk bolanyndan, bir adamyň halk üçin ölmegi size örän bähbitlidir. Siz näme muňa düşüneňzokmy?» diýdi.

[51] Ol muny öz-özünden aýtmady. Şol ýylyň baş ruhanysy bolmak bilen ol Isanyň ýahudy milleti üçin öljegini pygamberlik edip aýtdy.

[52] Ol diňe bir şol millet üçin däl-de, eýsem Hudaýyň dagynyk perzentlerini bir ýere toplap birleşdirmek üçin hem ölmelidi.

[53] Şeýlelikde, şol günden başlap, Isany öldürmek üçin dil birikdirdiler.

[54] Şondan soň Isa ýahudylaryň arasynda aç-açan gezmedi. Ol çölüň golaýyndaky Efraýym şäherine gidip, şägirtleri bilen şol ýerde galdy.

[55] Ýahudylaryň Pesah baýramy ýakynlapdy. Ýurduň ähli künjeklerinden gelen köp adamlar Pesahdan öň tämizleniş dessurlaryny berjaý etmek üçin Iýerusalime gelipdiler.

[56] Olar Isany gözleýärdiler, ybadathanada durkalar, biri-birlerine: «Nähili pikir edýärsiňiz? Ol baýrama gelermi ýa-da gelmez?» diýişýärdiler.

[57] Ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler bolsa Isany ele salmak üçin, Onuň nirededigini kim bilýän bolsa, habar bermeklerini buýrupdylar.

Ýohannanyň hoş habary — Chapters