Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:29

[1] Bu zatlary aýdyp bolansoň, Isa şägirtleri bilen Kidron deresinden geçip, ol ýerdäki zeýtun bagyna girdi.

[2] Şägirtleri bilen Isa şol ýerde ýygy-ýygydan duşuşyp durýardy. Şoňa görä, Oňa haýynlyk eden Ýudas hem ol ýeri bilýärdi.

[3] Ol Rim esgerleriniň bir bölümi bilen birlikde ýolbaşçy ruhanylaryň we fariseýleriň iberen garawullaryny alyp geldi. Olaryň elleri çyraly, panusly we ok-ýaraglydy.

[4] Isa Öz başyna düşjek ähli zady bilýärdi. Şonuň üçinem öňe çykyp, olardan: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip sorady.

[5] Olar Oňa: «Nasyraly Isany» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Şol Mendirin» diýdi. Oňa haýynlyk eden Ýudas-da olar bilen durdy.

[6] Isa olara: «Şol Mendirin» diýende, olar yza çekilip, ýere ýykyldylar.

[7] Isa olardan ýene: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar: «Nasyraly Isany» diýdiler.

[8] Isa olara: «Men size „Şol Mendirin“ diýdim ahyryn. Meni gözleýän bolsaňyz, bulary goýberiň, gitsinler» diýdi.

[9] Isa muny «Maňa berenleriňden hiç birini ýitirmedim» diýen sözleriniň berjaý bolmagy üçin aýtdy.

[10] Şol wagt Simun Petrus gylyjyny gynyndan çykardy-da, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, sag gulagyny kesdi. Ol hyzmatkäriň ady Malhusdy.

[11] Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal. Atamyň Maňa beren hasrat käsesinden içmäýinmi?» diýdi.

[12] Onsoň esgerler, olaryň harby serkerdesi we ýahudy garawullary Isany tutup, elini-aýagyny daňdylar.

[13] Ony ilki Hananyň ýanyna alyp bardylar. Hanan şol ýyl baş ruhany saýlanan Kaýafanyň gaýynatasydy.

[14] Halk üçin bir adamyň ölmegi bähbitlidir diýip, ýahudylara maslahat beren hem Kaýafady.

[15] Simun Petrus bilen ýene bir şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdiler. Ýaňky şägirt baş ruhany bilen öňden tanyş bolansoň, ol Isa bilen bile baş ruhanynyň howlusyna girdi.

[16] Ýöne Petrus daşarda, gapynyň agzynda durdy. Onsoň baş ruhany bilen tanyş şägirt daşary çykdy-da, gapyny saklaýan aýala bir zatlar aýdyp, Petrusy içeri saldy.

[17] Gapyny saklaýan aýal Petrusa: «Senem bu Adamyň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýip sorady. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi.

[18] Howanyň sowuk bolany üçin hyzmatkärler we garawullar ot ýakyp, çoýunyp durdular. Petrus hem olaryň ýanynda ýylnyp durdy.

[19] Baş ruhany Isadan Onuň şägirtleri we taglymaty barada soraýardy.

[20] Isa oňa jogap berip: «Men dünýä ähli zady aç-açan aýtdym. Ähli ýahudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda we ybadathanada hemişe öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmadym.

[21] Näme üçin Menden soraýarsyň? Näme aýdanymy eşidenlerden sora. Olar Meniň näme diýenimi bilýändirler» diýdi.

[22] Bu zatlary aýdyp bolansoň, şol ýerde duran garawullaryň biri Isanyň dulugyna bir şapbat çalyp: «Baş ruhana şeýle jogap berýärsiňmi?» diýdi.

[23] Isa oňa: «Men nädogry aýdan bolsam, munuň nädogrudygyny subut et. Eger dogry aýdan bolsam, onda näme üçin Meni urýarsyň?» diýdi.

[24] Onsoň Hanan Isanyň elini daňdyryp, Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna iberdi.

[25] Simun Petrus ol ýerde oda çoýunyp durdy. Ondan: «Senem Onuň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýip soradylar. Emma ol: «Ýok» diýip inkär etdi.

[26] Ol ýerde baş ruhanynyň hyzmatkärlerinden biri Petrusyň gulagyny kesen adamyň garyndaşydy. Ol hyzmatkär: «Men seni bagda Onuň bilen bile görmedimmi näme?» diýdi.

[27] Petrus ýene inkär etdi, edil şol wagt horaz gygyrdy.

[28] Onsoň ýahudylar Isany Kaýafanyň ýanyndan Rim häkiminiň jaýyna alyp bardylar. Şol wagt daň atypdy. Pesah naharyndan iýip biler ýaly we dini däp-dessurlary bozmazlyk üçin ýahudylar häkimiň jaýyna girmediler.

[29] Şeýlelikde, Pilatyň özi olaryň ýanyna gelip: «Bu Adamy nämede aýyplaýarsyňyz?» diýip sorady.

[30] Olar: «Bu Adam jenaýatçy bolmadyk bolsa, Ony tutup, seniň ýanyňa getirmezdik» diýip jogap berdiler.

[31] Pilat olara: «Beýle bolsa, Ony äkidiň-de, öz kanunyňyz boýunça höküm çykaryberiň» diýdi. Ýahudylar Pilata: «Biziň kimdir birini ölüme höküm etmäge hakymyz ýok» diýdiler.

[32] Bu Isanyň Özüniň nähili ölüm bilen öljekdigi barada öňden aýdan sözleriniň berjaý bolmagy üçindi.

[33] Onsoň Pilat ýene öz jaýyna girdi-de, Isany çagyryp, Ondan: «Sen ýahudylaryň Patyşasymy?» diýip sorady.

[34] Isa ondan: «Muny özüňden aýdýarsyňmy ýa-da Men hakda saňa başgalar aýtdymy?» diýip sorady.

[35] Pilat Isa: «Eýsem men ýahudymy näme? Seni maňa Öz halkyň bilen ýolbaşçy ruhanylar tutup getirdiler. Sen näme iş etdiň?» diýdi.

[36] Isa oňa: «Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl. Eger Meniň Patyşalygym bu dünýäden bolsady, onda hyzmatkärlerim Meni ýahudylaryň eline berdirmejek bolup göreşerdiler. Emma Meniň Patyşalygym başga ýerdendir» diýdi.

[37] Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi.

[38] Pilat Ondan: «Hakykat näme?» diýip sorady. Muny diýenden soň, ol ýene ýahudylaryň ýanyna çykyp, olara: «Men Ondan hiç bir ýazyk tapmadym.

[39] Emma siziň bir adatyňyz bar, şol adat boýunça her ýyl Pesah baýramynda men bir adamy tussaglykdan boşadýardym. Indi siziň üçin ýahudylaryň Patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýdi.

[40] Şonda olar: «Ony däl, bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar. Barabbas bolsa bir gozgalaňçydy.

Ýohannanyň hoş habary — Chapters