Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 10:04

[1] Şundan soň Isa Jelile kölüniň beýleki tarapyna geçdi. Bu köle Tiberiýa köli hem diýilýärdi.

[2] Isanyň gudratlar arkaly hassalary sagaldandygyny gören uly mähelle Onuň yzyna düşdi.

[3] Isa şägirtleri bilen beýik depä çykyp oturdy.

[4] Ýahudylaryň Pesah baýramy golaýlapdy.

[5] Isa töweregine gözüni aýlady. Öz ýanyna uly mähelläniň gelýänini görüp, Filipe: «Bulara iýer ýaly çöregi nireden satyn alarys?» diýdi.

[6] Ol muny Filipi synamak üçin sorapdy, aslynda welin Özüniň näme etjegini eýýäm bilýärdi.

[7] Filip Oňa: «Bularyň her birine bir döwüm çörek satyn almak üçin iki ýüz kümüş teňňe sarp etsek-de ýetmez!» diýip jogap berdi.

[8] Şägirtlerden biri, Simun Petrusyň dogany Andrys Oňa:

[9] «Bu ýerde bir oglanda bäş arpa çöregi bilen iki balyk bar. Emma şeýle uly mähellä bular nämejik bolar?» diýdi.

[10] Isa: «Halky oturdyň» diýdi. Halk şol ýerdäki gök ýaýlada oturdy. Ol ýerde bäş müňe golaý erkek adam bardy.

[11] Isa çörekleri alyp, şükür etdi, soňra olary oturanlara paýlady. Balyklary hem şeýtdi, näçe isleseler, olara paýlady. Adamlar doýýançalar iýdiler.

[12] Olar doýanlaryndan soň, Isa şägirtlerine: «Galan-gaçanlary ýygnaşdyryň, hiç zat zaýalanmasyn» diýdi.

[13] Şeýlelikde, şägirtler iýlen bäş arpa çörekden artan bölekleri ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.

[14] Isanyň bu gudratly alamatyny gören adamlar: «Hakykatdan-da, dünýä gelmeli pygamber Şudur» diýdiler.

[15] Isa olaryň Özüni patyşa etmek üçin zor bilen tutjak bolýandyklaryny bilensoň, ýene-de ýeke Özi daga gitdi.

[16] Agşamara Onuň şägirtleri kölüň boýuna geldiler.

[17] Garaňky düşse-de, Isa heniz olaryň ýanyna gelmändi. Onsoň şägirtler gaýyga münüp, kölüň aňyrsyndaky Kapernauma ugradylar.

[18] Güýçli ýel turup, köl tolkun atyp başlady.

[19] Olar gaýykly bäş-alty çakrym ýüzenlerinden soň, Isanyň suwuň ýüzünden ýöräp, gaýyga ýakynlaşyp gelýänini görüp gorkdular.

[20] Emma Isa olara: «Gorkmaň, bu – Men!» diýdi.

[21] Olar begenip, Ony gaýyga mündürdiler. Gaýyk şol pursadyň özünde ýetmeli kenaryna baryp ýetdi.

[22] Ertesi gün kölüň beýleki kenarynda galan mähelle ol ýerde düýn diňe bir gaýygyň bardygyny we Isanyň Öz şägirtleri bilen şol gaýyga münmän, olaryň diňe özleriniň gidendiklerini anykladylar.

[23] Şol wagt Tiberiýadan başga gaýyklar geldi. Gaýyklaryň saklanan ýeri Reb Isanyň Hudaýa şükür aýdan we halkyň çörek iýen ýerine golaýdy.

[24] Isanyň-da, Onuň şägirtleriniň-de ol ýerde ýokdugyny gören mähelle gaýyklara münüp, Isany gözlemäge Kapernauma tarap gitdi.

[25] Ony kölüň aňry tarapyndan tapyp: «Mugallym, bu ýere haçan geldiň?» diýip soradylar.

[26] Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, siz Meni gudrat göreniňiz üçin däl-de, çörek iýip doýanyňyz üçin agtarýarsyňyz.

[27] Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.

[28] Ondan: «Biz Hudaýyň işlerini berjaý etmek üçin näme etmeli?» diýip soradylar.

[29] Isa olara: «Hudaýyň işini berjaý etmek isleýän bolsaňyz, Onuň Iberenine iman ediň» diýip jogap berdi.

[30] Olar ýene-de: «Görüp, Saňa iman ederimiz ýaly, Sen nähili gudratly alamat görkezersiň? Hany, näme edersiň?

[31] Biziň ata-babalarymyz çölde manna iýdiler. Mukaddes Ýazgylarda bu barada: „Olara iýmek üçin gökden çörek berdi“ diýip ýazylan» diýdiler.

[32] Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, size gökden çörek beren Musa däl. Gökden size hakyky çöregi Meniň Atam berýär.

[33] Çünki Hudaýyň çöregi gökden inip, dünýä ýaşaýyş berýändir» diýdi.

[34] Olar Oňa: «Agam, şol çöregi bize hemişe ber» diýdiler.

[35] Isa olara şeýle diýdi: «Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla ajykmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz.

[36] Aýdyşym ýaly, siz Meni gördüňiz, emma Maňa iman etmeýärsiňiz.

[37] Atamyň Maňa beren adamlarynyň bary Maňa geler, Men ýanyma gelenleri asla kowmaryn.

[38] Çünki Men Öz yradamy däl-de, Meni Ibereniň yradasyny berjaý etmek üçin gökden indim.

[39] Meni Ibereniň yradasy bolsa, Onuň Özüme berenleriniň hiç birini ýitirmän, olary ahyrky gün gaýtadan direltmegimdir.

[40] Ogly gören we Oňa iman eden her bir adamyň baky ýaşaýşa gowuşmagy Atamyň yradasydyr. Men-de bu adamlary ahyrky gün gaýtadan direlderin».

[41] «Gökden inen çörek Mendirin» diýeni üçin ýahudylaryň baştutanlary Oňa garşy çykyp hüňürdeşdiler.

[42] Olar: «Bu Ýusubyň ogly Isa dälmi? Biz Onuň ata-enesini tanaýarys. Ol nähili „Men gökden indim“ diýýär?» diýişdiler.

[43] Isa olara şeýle diýdi: «Özara hüňürdeşmäňizi bes ediň.

[44] Eger Meni iberen Atanyň Özi getirmese, hiç kim Maňa gelip bilmez. Ýanyma gelen adamy bolsa, Men ahyrky gün direlderin.

[45] Pygamberleriň ýazgylarynda: „Olaryň hemmesi Hudaýdan taglym alarlar“ diýip ýazylan. Atadan eşidip, Ondan taglym alan her kes Maňa geler.

[46] Aslynda hiç kim hiç wagt Atany gören däldir. Atany diňe Hudaýdan Gelen görendir.

[47] Men size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden baky ýaşaýşa gowşandyr.

[48] Ýaşaýyş çöregi Mendirin.

[49] Ata-babalaryňyz çölde manna iýendiklerine garamazdan, öldüler.

[50] Emma gökden inen bir çörek bar, ondan iýýän adam hiç ölmez.

[51] Gökden inen diri çörek Mendirin. Mundan iýen adam baky ýaşar. Dünýäniň ýaşaýşy üçin berjek çöregim Meniň Öz bedenimdir».

[52] Onsoň ýahudylar: «Bu Adam Öz bedenini bize iýmäge nähili berip biler?» diýşip, özara jedelleşmäge başladylar.

[53] Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Oglunyň bedenini iýip, ganyny içmeseňiz, sizde ýaşaýyş bolmaz.

[54] Meniň bedenimi iýip, ganymy içen baky ýaşaýşa gowşar. Ahyrky gün Men ony direlderin.

[55] Meniň bedenim hakyky iýmit, ganym hakyky içgidir.

[56] Meniň bedenimi iýip, ganymy içýän Mende ýaşar, Men hem onda.

[57] Meni Diri Ata iberdi we Men Ol arkaly ýaşaýaryn. Edil şunuň ýaly, Menden iýmitlenýän-de Men arkaly ýaşar.

[58] Hawa, gökden inen çörek budur. Seret, bu ata-babalaryňyzyň iýen mannasy ýaly däldir. Olar manna iýseler-de, ölüp gitdiler, emma bu çöregi iýen adam baky ýaşar» diýdi.

[59] Ol bu sözleri Kapernaumdaky sinagogada öwredýärkä aýtdy.

[60] Şägirtleriň köpüsi muny eşidip: «Bu sözler agyr. Muny kim kabul edip biler?» diýişdi.

[61] Isa şägirtleriň muňa hüňürdeşýänini bilip, olara: «Bu siziň janyňyza batýarmy?

[62] Onda siz Ynsan Oglunyň owal bolan ýerine gaýtadan çykanyny görseňiz näme diýerkäňiz?

[63] Ýaşaýyş berýän Ruhdur, ynsan güýjüniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim Mukaddes Ruhdandyr we ýaşaýyş berýändir.

[64] Ýöne siziň araňyzda käbir iman etmeýänler bar» diýdi. Çünki Isa kimiň iman etmeýändigini we Özüne kimiň haýynlyk etjekdigini ilkibaşdan bilýärdi.

[65] Ol: «Atanyň Özi getirmese, hiç kim Maňa gelip bilmez diýip, Men size şonuň üçin aýtdym» diýdi.

[66] Şondan soň şägirtleriniň köpüsi Ondan ýüz öwürdiler we Onuň yzyna eýermegi bes etdiler.

[67] Şonda Isa Onkilerden: «Siz hem Meni terk etmekçimisiňiz?» diýip sorady.

[68] Simun Petrus Oňa: «Agam, biz Seni terk edip, başga kime baraly? Baky ýaşaýyş sözleri diňe Sende ahyryn.

[69] Biz Seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe ynanýarys we muny anyk bilýäris» diýip jogap berdi.

[70] Isa olara: «Siz Onkileri Özüm saýlap almadymmy? Muňa garamazdan, araňyzdan biri iblisdir» diýip jogap berdi.

[71] Ol muny Simun Iskariýodyň ogly Ýudany göz öňünde tutup aýtdy. Sebäbi Ýudas Onkileriň biri bolsa-da, soňra Isa haýynlyk etdi.

Ýohannanyň hoş habary — Chapters