[1] Men hakyky üzüm agajydyryn we Atam bagbandyr.
[2] Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar.
[3] Meniň size aýdan sözüm arkaly siz bireýýäm tämizsiňiz.
[4] Mende ýaşaň, Men hem sizde ýaşaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şaha öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz.
[5] Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende, Menem onda ýaşasam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz.
[6] Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar.
[7] Mende mesgen tutup, sözlerimi ýüregiňizde saklasaňyz, näme dileseňiz, size berler.
[8] Siz köp miwe berip, Meniň şägirtlerimdigiňizi görkezersiňiz. Bu arkaly Atam şöhratlanar.
[9] Atamyň Meni söýşi ýaly, Men-de sizi söýdüm. Meniň söýgimde galyň.
[10] Men Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsine wepaly bolşum ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgime wepaly bolarsyňyz.
[11] Men bu zatlary size şatlygyma şärik bolup, şatlygyňyzyň dolup-daşmagy üçin aýtdym.
[12] Meniň buýrugym şudur: Men sizi nähili söýen bolsam, siz hem biri-biriňizi şonuň ýaly söýüň.
[13] Kim janyny dostlary üçin pida etse, mundan beýik söýgi ýokdur.
[14] Eger buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň dostlarym bolarsyňyz.
[15] Mundan beýläk Men size gul diýmerin, sebäbi gul hojaýynynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýýärin, sebäbi Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym.
[16] Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.
[17] Meniň size buýrugym şudur: biri-biriňizi söýüň.
[18] Dünýä sizi ýigrenýän bolsa, onuň sizden öň Meni ýigrenendigini biliň.
[19] Dünýäden bolan bolsadyňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Emma siz bu dünýä degişli dälsiňiz. Men sizi bu dünýäden saýlap aldym. Ine, şonuň üçin hem, dünýä sizi ýigrenýär.
[20] Meniň size: «Hyzmatkär hojaýyndan beýik däldir» diýen sözümi ýadyňyza salyň. Olar Meni yzarlasalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi berjaý etseler, siziňkini-de berjaý ederler.
[21] Olar size bu zatlaryň ählisini Meniň adym üçin ederler, sebäbi olar Meni Ibereni tanamaýarlar.
[22] Men gelip, olara aýtmadyk bolsadym, olar günäkär bolmazdylar. Indi bolsa bilmändiklerini bahanalap bilmezler.
[23] Meni ýigrenýän Meniň Atamy-da ýigrenýändir.
[24] Eger Men olaryň arasynda başga hiç kimiň başarmadyk gudratlaryny görkezmedik bolsam, günäde aýyply bolmazdylar. Indi bolsa eden gudratlarymy görseler-de, Meni hem, Atamy hem ýigrendiler.
[25] Bu bolsa Mukaddes Ýazgylarda: «Meni nähak ýere ýigrendiler» diýip ýazylan sözleriň berjaý bolmagy üçindir.
[26] Meniň size Atamdan iberjek Hemaýatçym, ýagny Atamdan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda şaýatlyk eder.
[27] Siz hem şaýatlyk edersiňiz, sebäbi başdan-aýak Meniň bilen bile bolduňyz.