[1] Biraz wagtdan ýahudylaryň bir baýramy boldy we Isa muny bellemek üçin Iýerusalime gitdi.
[2] Iýerusalimde Goýun derwezesiniň ýanynda bir howuz bardy. Bu howzuň arameýçe ady Beýtzata bolup, onuň töwereginde bäş eýwan bardy.
[3] Bu eýwanlarda gaty köp hassalar, körler, agsaklar, ysmazlar ýatyrdylar.
[5] Şol ýerde otuz sekiz ýyl bäri dert çekip ýatan bir hassa bardy.
[6] Isa ýatan hassany görüp, onuň ençeme ýyldan bäri bu derdi çekýändigini bildi. Şonuň üçin ondan: «Sagalmak isleýärsiňmi?» diýip sorady.
[7] Hassa: «Eý, Aga, suw çaýkanan wagty meni howza saljak hiç kimim ýok. Men barýançam, başga biri menden öň howza giräýýär» diýip jogap berdi.
[8] Isa oňa: «Tur, düşegiňi al-da, ýöre!» diýdi.
[9] Ýaňky adam şobada sagalyp, düşegini aldy-da, ýöräp başlady. Bu waka Sabat güni bolup geçdi.
[10] Munuň üçin ýahudylaryň baştutanlary sagalan adama: «Bu gün Sabat güni, saňa düşegiňi götermek gadagan» diýdiler.
[11] Emma sagalan adam olara: «Meni sagaldan Adam maňa: „Düşegiňi al-da, ýöre“ diýdi» diýip jogap berdi.
[12] Ondan: «Saňa: „Düşegiňi al-da, ýöre“ diýen Adam kim?» diýip soradylar.
[13] Ýöne sagalan adam Onuň kimdigini bilmeýärdi, sebäbi Isa şol ýerdäki mähelläniň arasyna girip gidipdi.
[14] Soňra Isa ybadathanada ol adama gabat gelip: «Ine, sagaldyň, mundan beýläk günä etme, ýogsam başyňa mundan beter günler geler» diýdi.
[15] Şeýlelikde, ýaňky adam baryp, özüni sagaldanyň Isadygyny ýahudylaryň baştutanlaryna aýtdy.
[16] Bu işi Sabat güni edendigi üçin ýahudylaryň baştutanlary Isany yzarlamaga başladylar.
[17] Emma Isa olara: «Meniň Atam şu güne çenli Öz işini edip gelýär, Men hem Öz işimi edýärin» diýip jogap berdi.
[18] Şu sebäpden ýahudylaryň baştutanlary öňküden-de beter gazaplanyp, Ony öldürmegiň kül-külüne düşdüler. Sebäbi Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi.
[19] Isa olara şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, Atasynyň eden zatlaryny görmese, Ogul Öz-Özünden hiç zat edip bilmez. Atasy näme etse, Ogul-da şony edýändir.
[20] Çünki Ata Ogly söýýär, ähli edýän zatlaryny Oňa görkezýär. Hawa, Ol Ogla mundan hem beýik işleri görkezer, şonda hemmäňiz muňa haýran galarsyňyz.
[21] Atanyň ölüleri direldişi ýaly, Ogul-da islän adamyny direlder.
[22] Ata hiç kimiň üstünden höküm çykarýan däldir, Ol ähli kazylygy Ogla tabşyrandyr.
[23] Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir.
[24] Hakykatdan hem, Meniň sözlerimi diňläp, Meni Iberene iman eden adam baky ýaşaýşa eýe bolýandyr, ol höküm edilmez. Ol ölümden ýaşaýşa geçendir.
[25] Men size dogrusyny aýdýaryn, Hudaýyň Oglunyň sesini ölüleriň-de eşitjek wagty geler, bu wagt eýýäm geldi. Onuň sesini eşidenler ýaşar.
[26] Çünki Atanyň ýaşaýyş berip bilşi ýaly, Ol Ogla-da ýaşaýyş bermek ygtyýaryny berdi.
[27] Onuň Ynsan Ogludygy sebäpli, Oňa kazylyk etmek ygtyýaryny-da berdi.
[28] Muňa geň galmaň, sebäbi mazardakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagty geler.
[29] Ýagşylyk edenler ýaşamak üçin, ýamanlyk edenler bolsa höküm edilmek üçin direler.
[30] Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeýärin; Atamdan näme eşitsem, şonuň ýaly höküm çykarýaryn. Meniň kazylygym hakdyr, sebäbi Men Öz islegim boýunça höküm çykarmaýaryn, Meni Ibereniň yradasyny berjaý edýärin.
[31] Eger Men Özüm hakda şaýatlyk etsem, onda bu şaýatlygym hakyky bolmaz.
[32] Men hakda şaýatlyk edýän başga Biri bar. Onuň Özüm hakdaky şaýatlygynyň dogrudygyny Men bilýärin.
[33] Siz Ýahýanyň ýanyna adamlar ýolladyňyz, ol hem hakykata şaýatlyk etdi.
[34] Men ynsan şaýatlygyna mätäç bolmasam-da, muny siziň halas bolmagyňyz üçin aýdýaryn.
[35] Ýahýa nur saçýan yşyk ýalydy. Siz az salym hem bolsa, onuň yşygyna guwanmak islediňiz.
[36] Emma Meniň Ýahýanyňkydan has beýik şaýatlygym bar, sebäbi berjaý etmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny şu edýän işlerim Meni Atanyň iberendigine şaýatlyk edýär.
[37] Meni iberen Atanyň Özi hem Men hakda şaýatlyk etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz.
[38] Kalbyňyzda Onuň sözleri ýok, sebäbi siz Onuň Iberenine iman etmeýärsiňiz.
[39] Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler.
[40] Emma siz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, Maňa gelmek islemeýärsiňiz.
[41] Men ynsanlardan öwgi agtarmaýaryn.
[42] Emma Men sizi tanaýaryn, siziň kalbyňyzda Hudaýyň söýgüsi ýok.
[43] Men Atamyň adyndan geldim, siz bolsa Meni kabul etmeýärsiňiz. Ýöne başga biri öz adyndan geläýse, siz ony kabul edersiňiz.
[44] Siz biri-biriňizden öwgüler kabul edýärsiňiz, emma ýeke-täk Hudaýyň öwgüsini gazanmaga çalyşmaýarsyňyz. Onsoň nädip sizde iman bolsun?
[45] Atanyň öňünde Men sizi aýyplaryn öýtmäň. Sizi öz umyt baglaýan Musaňyz aýyplaýandyr.
[46] Siz Musa ynansadyňyz, onda Maňa-da ynanardyňyz, sebäbi ol Men hakda ýazdy.
[47] Onuň ýazanlaryna ynanmaýan bolsaňyz, onda Meniň aýdýanlaryma nähili ynanjaksyňyz?»