Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:30

[1] Isa ýene-de söze başlady: «Men size dogrusyny aýdýaryn, goýun agylyna gapysyndan girmän, başga ýerinden aşyp girýän adam ogrudyr hem garakçydyr.

[2] Gapydan girýän adam bolsa goýunlaryň çopanydyr.

[3] Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändirler. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary örä alyp çykýandyr.

[4] Çopan goýunlaryny agyldan alyp çykandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa, onuň yzyna düşýändirler.

[5] Olar kesekiniň yzyna düşýän däldirler, ondan gaçýandyrlar, sebäbi kesekiniň sesini tanaýan däldirler».

[6] Şeýdip, Isa olara bu tymsaly gürrüň berdi, emma olar munuň manysyna düşünmediler.

[7] Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, goýunlar üçin gapy Mendirin.

[8] Menden öň gelenleriň ählisi ogrudylar hem garakçydylar, goýunlar olara gulak asmadylar.

[9] Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar.

[10] Ogry diňe ogurlamak, öldürmek, ýok etmek üçin gelýändir. Emma Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim.

[11] Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir.

[12] Hakyna tutulan adam goýunlaryň hakyky çopany ýa-da eýesi däldir. Şonuň üçin ol möjegiň gelýänini görse, goýunlary taşlap gaçýandyr. Möjek süriniň üstüne çozup, olary dargadýandyr.

[13] Ol adam gaçyp gider, sebäbi ol hakyna tutulandyr. Ol goýunlar hakda hiç hili alada etmez.

[14] -

[15] Men gowy çopandyryn. Edil Atamyň Meni, Meniňem Atamy tanaýşym ýaly, Men goýunlarymy tanaýandyryn. Olar-da Meni tanaýandyrlar; Men goýunlarym üçin janymy pida edýärin.

[16] Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar.

[17] Men janymy gaýtadan almak üçin pida edýärin. Şol sebäpden Atam Meni söýýär.

[18] Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň janymy pida etmäge-de, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar. Men bu buýrugy Atamdan aldym».

[19] Bu sözler sebäpli, ýahudylaryň arasyna ýene-de agzalalyk döredi.

[20] Olaryň köpüsi: «Ony jyn urupdyr, Ol däliräpdir. Näme üçin siz Ony diňleýärsiňiz?» diýdi.

[21] Başgalar bolsa: «Bular jyn uran adamyň aýtjak sözleri däl. Jyn körleriň gözüni açyp bilermi?» diýdiler.

[22] Şol wagt gyş paslydy, Iýerusalimde Nur baýramy bellenilýärdi.

[23] Isa ybadathanada Süleýmanyň eýwany diýen ýerde gezmeläp ýördi.

[24] Mesih Ýahudylaryň baştutanlary Onuň daşyna üýşüp: «Sen haçana çenli bizi alasarmyk edip goýjak? Eger Mesih bolsaň, anygyny aýt» diýdiler.

[25] Isa olara: «Men size aýtdym, ýöne siz iman etmeýärsiňiz. Atamyň ady bilen eden işlerim Meniň kimdigime şaýatlyk edýär.

[26] Ýöne siz iman etmeýärsiňiz, sebäbi size aýdyşym ýaly, siz Meniň goýunlarymdan däl.

[27] Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.

[28] Men olara baky ýaşaýyş berýärin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz.

[29] Olary Maňa beren Atam hemmeden beýikdir. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez.

[30] Atam Ikimiz birdiris» diýip jogap berdi.

[31] Ýahudylaryň baştutanlary Ony daşlajak bolup, ýene ýerden daş aldylar.

[32] Isa olara: «Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin Meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi.

[33] Ýahudylaryň baştutanlary Oňa: «Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl-de, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys» diýdiler.

[34] Isa olara şeýle diýdi: «Mukaddes Kanunyňyzda: „Men diýýärin: Siz hudaýlarsyňyz“ diýip ýazylan dälmi?

[35] Mukaddes Ýazgylary üýtgedip bolmaýandygyny bileňzokmy näme?! Hudaýyň Sözi gelen adamlar „hudaýlar“ diýlip atlandyrylan bolsa,

[36] onda näme Meni Hudaýyň Ogly diýenim üçin küpür geplän hasaplaýarsyňyz? Meni bolsa Atam Özi üçin saýlap-seçip, dünýä iberdi.

[37] Men Atamyň işlerini etmeýän bolsam, onda Maňa iman etmäň.

[38] Eger-de Onuň işlerini edýän bolsam, onda Maňa ynanmasaňyz-da, edýän işlerime ynanyň. Şonda Atanyň Mendedigini, Meniňem Atadadygyma anyk göz ýetirersiňiz».

[39] Şonda Ony ýene tutmaga synanyşdylar, emma Isa olaryň ellerinden sypyp gaçdy.

[40] Isa ýene-de Iordan derýasynyň aňry tarapyna, öňler Ýahýanyň adamlary suwa çümdüren ýerine gitdi we şol ýerde galdy.

[41] Köp adamlar Onuň ýanyna gelip: «Ýahýa hiç hili gudratly alamat görkezmese-de, onuň bu Adam hakdaky aýdanlarynyň bary dogry eken» diýişdiler.

[42] Şeýlelikde, ol ýerde köp adamlar Isa iman etdiler.

Ýohannanyň hoş habary — Chapters