[1] Günüň astynda gören bir erbet zadym bar, bu ynsana agram salýar.
[2] Hudaý adama baýlyk, mal-mülk we abraý berýär, ähli islän zadyndan kemlik edýäni ýok, ýöne oňa bulardan lezzet almaga mümkinçilik bermeýär, ony bir keseki iýýär. Bu biderek, erbet dertdir.
[3] Eger bir adam ýüz çaganyň atasy bolup, köp ýyl ýaşasa, ömri uzak bolup, ýöne durmuşyň näz-nygmatlaryndan lezzet almasa, hormat bilen jaýlanylmasa, meniň üçin öli doglan çaga ondan gowudyr.
[4] Çünki öli çaga biderek dogulýar, garaňkylyk içinde ýitip gidýär, ady garaňkylyga örtülýär.
[5] Şeýle hem ol ne Güni gördi, ne-de bir zat bildi. Emma bu çaganyň rahatlygy ol adamyňkydan artykdyr.
[6] Ol adam iki müň ýyl ýaşasa-da, abadanlykdan lezzet alsa-da, ahyrynda beýlekiler ýaly ol hem ötüp gitmeýärmi?
[7] Ynsanyň bar zähmeti agzy üçindir, ýöne şonda-da ol hiç kanagatlanmaz.
[8] Akyllynyň akylsyzdan näme artygy bar? Garyp ynsanlaryň öňünde nähili gezmelidigini bilse-de, munuň oňa näme haýry bar?
[9] Baryňa kanagat etmek kalbyň arzuw etmesinden ýagşydyr. Bu-da biderek, salgyma çapmak.
[10] Näme bar bolsa, oňa eýýäm at goýlandyr; ynsanyň nämedigi bellidir. Ol özünden güýçli bilen dawalaşyp bilmez.
[11] Köp söz biderekligi artdyrýar; munuň ynsana näme peýdasy bar?
[12] Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler?