[1] Dana taý geljek barmy? Zatlaryň manysyny kim bilýär? Paýhas ynsanyň ýüzüni nurlandyrýar, oňa mähir berýär.
[2] Hudaýyň huzurynda patyşa sadyk boljakdygyňa ant içendigiň üçin, onuň tabşyryklaryny sakla.
[3] Patyşanyň huzuryndan çykmaga howlukma, ýaman işiň tarapdary bolma, çünki patyşa islän zadyny edýändir.
[4] Patyşanyň sözi güýçlüdir. Kim oňa: «Näme edýärsiň?» diýip biler?
[5] Tabşyrygy berjaý edýäne zelel ýetmez; dana adamyň ýüregi haçan näme etmelidigini bilýändir.
[6] Ynsanyň derdi gaty agyr bolsa-da, her bir işiň öz möwriti bardyr.
[7] Ol hakykatdan näme boljakdygyny bilýän däldir; kim oňa näme boljakdygyny aýdyp biler?
[8] Ýeli saklamaga hiç kimiň güýji ýetýän däldir, ölüm gününi saklamaga-da hiç kimiň güýji ýetmez. Bu söweşden gaçyp bolmaýşy ýaly, pislik-de pis adamy ölüm gününden halas edip bilmez.
[9] Men bularyň hemmesini gördüm, Günüň astynda edilýän ähli işe üns berdim; bir adamyň beýlekiniň üstünden agalyk etmesi onuň zyýanynadyr.
[10] Soňra men pisleriň jaýlananyny gördüm: olar mukaddes ýere gelip-giderdiler, eden pislikleri üçin şäherde taryplanardylar. Bu-da biderek.
[11] Ýaman işe garşy hökümiň tiz çykarylmaýandygy üçin, ynsanlaryň ýüregi ýamanlyk etmäge taýyndyr.
[12] Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar.
[13] Emma pis adam gowulyk görmez, kölegäniň uzalyşy ýaly onuň ömri uzalmaz, çünki ol Hudaýyň huzurynda gorkýan däldir.
[14] Ýer ýüzünde edilýän bir bidereklik bar: pisleriň işine mynasyp bolaýjak zat dogry adamlaryň başyna gelýär; dogry adamlaryň işine mynasyp bolaýjak zat pisleriň başyna gelýär. Men bu-da bidereklik diýýärin.
[15] Şonuň üçin men lezzet almaklygy makul görýärin, çünki Günüň astynda ynsan üçin iýip-içmekden we lezzet almakdan gowy zat ýok. Hudaýyň Günüň astynda beren ömrüniň bütin günlerinde çeken zähmetinden ynsana hemra boljak diňe şatlykdyr.
[16] Men paýhasy bilmegi, ynsanyň gözleriniň gije-gündiz uky görmän, ýer ýüzünde edýän işini öwrenmegi niýetime düwdüm.
[17] Şeýdip, Hudaýyň ähli işlerini gördüm. Günüň astynda edilýän işlere düşünip bolmaýar. Ynsan ony agtarjak bolup, näçe synanyşsa-da, tapmaz, hatda dana adam muny bilýändigini aýtsa-da, tapyp bilmez.