Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:38

[1] Bularyň hemmesini ýüregimde saklap, şeýle netijä geldim: dogrular, dana adamlar we olaryň işleri Hudaýyň elinde. Söýginiň garaşýandygyny ýa-da ýigrenjiň garaşýandygyny ynsan bilýän däldir.

[2] Hemmäniň takdyry birdir: dogruçylyň-da, pisiň-de, ýagşynyň-da, ýamanyň-da, tämiziň-de, haramyň-da, gurbanlyk berýäniň-de, gurbanlyk bermeýäniň-de takdyry birdir. Ýagşy adama näme bolsa, günäkäre-de şol bolar; ant içýäne näme bolsa, ant içmekden gorkýana-da şeýle bolar.

[3] Günüň astynda edilýän işleriň iň ýamany şudur: hemmäniň takdyry bir. Ine, ynsanlaryň ýüregi pislikden doludyr; ömürleriniň dowamynda ýüreklerinde telbelik bar. Soňra olar ölülere goşulýandyrlar.

[4] Ähli ýaşaýanlaryň arasyndaky her kes üçin umyt bar; çünki diri it öli ýolbarsdan ýagşydyr.

[5] Ýaşaýanlar öljekdigini bilýändirler, ýöne ölüler hiç zat bilýän däldir. Olar üçin mundan beýläk peşgeş bolmaz, hatda olary ýatlamazlar hem.

[6] Olaryň söýgüsi, ýigrenji we gabanjaňlygy eýýäm ýok bolandyr. Ölüler Günüň astynda bolup geçýän ähli zatlara goşulyp bilmezler.

[7] Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.

[8] Eşigiň mydama ak bolsun; başyňyň hoşboý ysly ýagy kemlik etmesin.

[9] Günüň astynda özüňe berlen boş ömrüň bütin dowamynda söýýän aýalyň bilen durmuşdan lezzet al, çünki durmuşdan, Günüň astynda çekýän zähmetiňden galan paýyň budur.

[10] Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.

[11] Günüň astynda ýene bir zat gördüm: ýaryş ýüwrükleriňki däl, söweş-de güýçlüleriňki; çörek danalaryňky däl, baýlyk-da düşünjeliniňki; mähir-de bilimliniňki däldir. Çünki her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr.

[12] Ynsan haçan hasrat geljekdigini bilýän däldir. Zalym tora düşen balyklar kimin, duzaga düşen guşlar kimin ynsanlar hem üstüne betbagtlyk duýdansyz inende, tora düşýärler.

[13] Günüň astynda men ýene bir danalygy gördüm, meniňçe ol juda wajyp.

[14] Az ilatly bir kiçi şäher bardy. Bir güýçli patyşa oňa hüjüm edip, ony gabady; garşysyna äpet gabaw desgalaryny gurdurdy.

[15] Bu şäherde bir dana garyp tapyldy, ol şäheri paýhasy bilen halas etdi. Emma hiç kim bu garyby ýatlamady.

[16] Onsoň men diýdim: «Danalyk güýçden gowudyr», ýöne garyp adamyň paýhasy äsgerilmeýär, onuň sözleri eşidilmeýär.

[17] Akyllynyň imisalalykda aýdan sözleri, akylsyzlaryň arasyndaky hökümdaryň gykylygyndan gowudyr.

[18] Akyldarlyk uruş ýaraglaryndan gowudyr, ýöne bir günäkär köp ýagşylyklary ýok edýändir.

Wagyz — Chapters