[1] Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy.
[2] Bireýýäm ölüp gidenleri dirilerden bagtly saýdym. Emma entek dogulmadyk, Günüň astynda edilýän pis işleri görmedik, bularyň ikisinden-de bagtlydyr.
[4] Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.
[5] «Akylsyz goluny gowşuryp oturyp, özüni heläk edýär».
[6] Emma bir owuç asudalyk iki owuç zähmetden we salgyma çapmakdan gowudyr.
[7] Men Günüň astynda ýene-de bir bidereklik gördüm:
[8] Ine, bir ýalňyz adam bardy; onuň ne ogly bardy, ne-‑de dogany. Çekýän zähmetiniň soňy ýokdy, ýöne şonda-da gözi baýlykdan doýmaýardy. Ol: «Men kim üçin zähmet çekýärin? Kim üçin özümi lezzet almakdan mahrum edýärin?» diýip sorady. Bu-da biderek, ýowuz ýumuş.
[9] Iki adam bir adamdan ýagşydyr, çünki zähmetleri üçin ýagşy muzd alýarlar.
[10] Eger biri ýykylsa, beýlekisi ýoldaşyny galdyrar. Emma ýykylanda ýeke bolanyň halyna waý! Ýykylsa ony galdyrjak ýokdur.
[11] Iki kişi bile ýatsa, ýylnarlar; emma ýeke kişi nähili ýylnyp biler?
[12] Biriniň ýeke kişiden üstün çykmagy ähtimal, ýöne iki kişi oňa garşylyk görkezer. Üç tar ýüp aňsatlyk bilen üzülmez.
[13] Maslahata gulak goýmaýan garry, akylsyz patyşadan garyp, akylly ýigit ýagşydyr.
[14] Hakykatdan-da, öz ýurdunda garyp doglan hem bolsa, bendilikden boşan patyşa bolup biler.
[15] Men Günüň astynda gezip ýören ähli ynsanlaryň, patyşanyň ornuny eýelän bu ýigidiň yzyna eýerýändigini gördüm.
[16] Onuň baştutanlyk edýän ähli halky san-sajaksyzdy. Emma soň gelenler ondan razy bolmazlar. Elbetde, bu-da biderek, salgyma çapmak.
[17] Hudaýyň öýüne giden mahalyň hereketleriňe esewan et; Hudaýy diňlemek üçin huzuryna gelmek, akylsyzlar tarapyndan hödürlenen gurbanlykdan oňatdyr; çünki olar ýamanlyk edýänlerini bilýän däldirler.