[1] Öli siňekleriň atyrçynyň ýagyny porsadyp zaýalaýşy ýaly, azajyk akmaklyk-da akyldarlygy we hormaty haraplaýandyr.
[2] Akyllynyň ýüregi dogrulyga tarap, akylsyzyň ýüregi bolsa egrilige tarapdyr.
[3] Akylsyz ýolda ýörände-de, düşünjesi kemlik edýändir, ol akmakdygyny hemmelere äşgär edýändir.
[4] Hökümdaryň saňa gahary gelse-de, ýeriňi taşlap gitme, çünki mylaýymlyk uly ýazyklaryň üstüni örtýändir.
[5] Günüň astynda ýene-de bir ýamanlyk gördüm. Bu hökümdar tarapyndan goýberilýän säwlikdir:
[6] Akmak ýokary ýerlerde goýulýar, baý pes ýerde oturýar.
[7] Men at münýän gullary, gullar ýaly pyýada ýöreýän hökümdarlary gördüm.
[8] Çukura ony gazýanyň özi gaçýandyr; diwary deşýäni ýylan çakýandyr.
[9] Daş kesýäne daşlardan şikes ýeter; odun aýyrýan özüne howp salar.
[10] Eger palta kütek bolsa, ýüzi ýiteldilmese, oňa köpräk güýç sarp etmeli bolýandyr. Danalyk bolsa üstünlige eltýändir.
[11] Eger ýylan owsunmazdan öň çaksa, owsunçynyň peýdasy ýokdur.
[12] Akyllynyň sözleri oňa hormat getirer, akylsyzyň sözleri bolsa ony heläk eder.
[13] Dilindäki sözleri akmaklyk bilen başlanyp, ýaman telbelik bilen gutarýar.
[14] Akylsyz köp gepleýändir. Hiç kim näme boljagyny bilýän däldir. Kim oňa özünden soň näme boljakdygyny aýdyp biler?
[15] Akylsyzyň zähmeti ony ýadadýandyr, hatda ol şähere gidýän ýoly-da bilýän däldir.
[16] Eý, juwan patyşaly, hökümdarlary ertirine meýlis gurýan ýurt, dat günüňe!
[17] Şasy asylzada, hökümdarlary serhoşlyk üçin däl-de, güýçlenmek üçin öz wagtynda meýlis gurýan ýurt bagtlydyr!
[18] Ýaltalyk zerarly üçek çökýändir, işsiz eller zerarly öýe suw geçýändir.
[19] Meýlis keýpi-sapa üçin edilýändir, şerap durmuşa şatlyk berýändir, pul her mätäçligiň öwezini dolýandyr.
[20] Patyşa hatda içiňden-de gargama, öz ýatýan otagyňda baýa gargama, çünki gökdäki guş habar äkider, ganatly guş sözüňi ýetirer.