Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:55

[1] Ýagşy at hoşboý ysly ýagdan, ölüm güni dogluş gününden gowudyr.

[2] Ýas öýüne gitmek toý öýüne gitmekden gowudyr. Çünki her kesiň ahyry ölümdir; ýaşaýanlar muny ýatda saklasynlar.

[3] Gussa gülküden ýagşydyr, çünki ýüzüň gamgyn bolmagyndan ýürek gowulanýandyr.

[4] Akyllynyň ýüregi ýas öýündedir; akylsyzyň ýüregi bolsa hezillik öýündedir.

[5] Biakylyň aýdymyndan akyllynyň käýinji ýagşydyr.

[6] Dogrudan-da, akylsyzyň gülküsi gazanyň astynda ýanýan ýandagyň şatyrdysy ýalydyr. Bu-da biderek.

[7] Haram gazanç akyllyny akylyndan azaşdyrýar, para ýüregi azdyrýar.

[8] «Öňüm gelenden soňum gelsin» diýlendir; sabyrly tekepbirden gowudyr.

[9] Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar.

[10] «Näme üçin geçen günler bu günden gowudy?» diýip sorama, çünki bu sowaly paýhas bilen soramaýarsyň.

[11] Danalyk miras kimin gowudyr; dünýäde ýaşaýanlar üçin haýyrlydyr.

[12] Danalygyň saýasy puluň saýasy kimindir. Bilimiň bähbidi budur: danalyk oňa eýe bolanlara ýaşaýyş berýär.

[13] Hudaýyň işine seret; Onuň egreldenini kim dograldyp bilýär?

[14] Ýagşy günde şat bol, gara günde muny ýatla: ynsan özünden soň näme boljagyny bilmesin diýip, Hudaý ýagşylygy-da, betbagtlygy-da ýaratdy.

[15] Netijesiz ömrümde bar zady gördüm: dogry adam dogrulygynda ýok bolýar, pis adam pisliginde ömrüni uzaldýar.

[16] Öte dogry bolma, öte akyldarlyk etme. Näme üçin özüňi heläk etjek?

[17] Gaty erbet bolma, akmagam bolma. Näme üçin öz wagtyňdan öň ölmeli?

[18] Bu duýduryşlaryň birine ýapyşyp, beýlekisinden el çekmezligiň gowudyr, çünki Hudaýdan gorkýan adam bulary tutar.

[19] Paýhas dana adamy şäherdäki on hökümdardan has güýçli edýändir.

[20] Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.

[21] Adamlaryň diýýän her sözüne üns berme, ýogsam hyzmatkäriň saňa edýän gargyşyny eşidersiň.

[22] Seniň hem başgalara telim gezek gargandygyňy kalbyň bilýändir.

[23] Bularyň baryny paýhas bilen synadym; «Dana bolaryn» diýdim. Emma ol menden uzakdy.

[24] Uzak, gaty çuň bolan zady kim tapyp biler?

[25] Men akyldarlygy, soraglarymyň jogabyny bilmäge, agtaryp tapmaga, pisligiň akmaklykdygyny, akmaklygyň telbelikdigini bilmäge ýüregimi gönükdirdim.

[26] Duzak kimin, ýüregi gapandyr tor kimin, elleri zynjyr kimin bolan aýaly ölümden ajy gördüm. Hudaýy hoşal edýän adam ol aýaldan gaçyp gutulýar, ýöne günäkär onuň eline düşýär.

[27] Ine, Wagyzçy şeýle diýýär: «Soraglarymyň jogabyny tapmak üçin bir-birden sanap çykdym;

[28] ýüregim öwran-öwran agtardy, ýöne men tapmadym. Müň kişiniň arasyndan bir dogry adamy tapdym, ýöne olaryň ählisiniň arasyndan bir dogry aýaly-da tapmadym.

[29] Ine, men muny bildim: Hudaý ynsany dogry edip ýaratdy, ýöne olar köp toslamalar oýlap tapdylar».

Wagyz — Chapters