[1] Hiç haçan alňasaklyk bilen gepleme, Hudaýyň huzurynda ýürek sözüni aýtmaga howlukma; çünki Hudaý gökdedir, sen ýerdesiň. Şonuň üçin az sözle.
[2] Düýşüň gaýgy-aladanyň köpdügi üçin gelşi ýaly, samsyk gep-de, köp sözlülikden gelýändir.
[3] Hudaýa aýdylan hudaýýolyňy gijikdirme. Çünki Hudaý akylzyslardan hoşal däldir; wadaňy berjaý et.
[4] Wada bermezlik wada berip, ony berjaý etmezlikden ýagşydyr.
[5] Diliň saňa günä etdirmesin; Hudaýyň ilçisiniň öňünde: «Wadam säwlik» diýme. Näme üçin Hudaý seniň sözüňe gaharlanyp, elleriňiň işini ýok etsin?
[6] Köp hyýallylyk we boş sözler biderekdir; sen Hudaýdan gork.
[7] Eger ýurtda garyplaryň ezilişini, adalatyň we dogrulygyň bozulyşyny görseň, muňa haýran galma; çünki her ýokary wezipeliniň üstünden özünden ýokary baştutan goýulýar we olaryň üstünde özlerinden ýokary bolanlar bar.
[8] Hemmeler ekin meýdandan peýda görýär, hatda patyşa hem ondan girdeji alýar.
[9] Puly söýýän, puldan doýmaz, baýlygy söýýän-de, gazançdan. Bu-da biderek.
[10] Harytlar köpelende, ony iýýänler-de köpelýändir; gözleri bilen görmekden başga eýesine ondan näme haýyr bar?
[11] Az iýse-de, köp iýse-de, zähmetkeşiň ukusy süýjüdir. Emma baýyň baýlygy ony ukudan saklar.
[12] Günüň astynda bir erbet dert gördüm: toplanan baýlyk eýesine zelel getirdi.
[13] Baýlyk betbagtçylyk bilen ýok bolup gitdi. Çagalary bolsa-da, olara bermäge hiç zat galmaz.
[14] Enesinden nähili doglan bolsa, bu dünýäden şeýle-de gider. Zähmetinden hiç bir zady elinde göterip, özi bilen äkidip bilmez.
[15] Bu-da bir erbet dertdir: nähili gelen bolsa, şeýle-de gider. Boş ýere çeken zähmetiniň oňa näme haýry bar?
[16] Ömürboýy çöregini garaňkylyk, gaýgy-gussalyk, hassalyk we gazap içinde iýýändir.
[17] Ine, meniň görenim şudur: ynsana iýip-içip, Hudaýyň özüne beren gysga ömrüniň içinde Günüň astynda çekýän bütin zähmetinden lezzet almak ýaramlydyr; çünki bu onuň takdyrydyr.
[18] Şeýle hem Hudaý bir adama baýlyk, mal-mülk berip, oňa bulardan lezzet almaga, takdyryna kaýyl bolup, öz zähmetinden lezzet almaga kuwwat beren bolsa, bu Hudaýyň peşgeşidir.
[19] Ynsan ömrüniň günlerini köp ýatlamaz, çünki Hudaý onuň kalbyny şatlyk bilen eýeleýär.