[1] Her zadyň öz möwriti bar, gögüň astynda her zadyň öz wagty bar:
[2] Dogulmagyň öz wagty bar, ölmegiň öz wagty; ekmegiň öz wagty bar, ormagyň öz wagty.
[3] Öldürmegiň öz wagty bar, şypa bermegiň öz wagty; ýumurmagyň öz wagty bar, dikeltmegiň öz wagty.
[4] Aglamagyň öz wagty bar, gülmegiň öz wagty; ýas tutmagyň öz wagty bar, tans etmegiň öz wagty.
[5] Daşlary pytratmagyň öz wagty bar, daş üýşürmegiň öz wagty; gujak açmagyň öz wagty bar, ondan saklanmagyň öz wagty.
[6] Agtarmagyň öz wagty bar, ýitirmegiň öz wagty, saklamagyň öz wagty bar, zyňmagyň öz wagty.
[7] Ýyrtmagyň öz wagty bar, tikmegiň öz wagty; dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty.
[8] Söýmegiň öz wagty bar, ýigrenmegiň öz wagty; urşuň öz wagty bar, parahatçylygyň öz wagty.
[9] Işleýäne çekýän zähmetinden näme peýda bar?
[10] Ynsanlara işli bolarlary ýaly Hudaýyň beren işini gördüm.
[11] Hudaý ähli zady öz wagtynda gözel etdi. Şeýle hem ebediligi ynsanyň ýüregine saldy, ýöne şonda-da olar Hudaýyň owaldan ahyra çenli eden işini aňlap bilmezler.
[12] Ynsan üçin şatlanmakdan we ömürboýy ýagşylyk etmekden gowy zadyň ýokdugyny bilýärin.
[13] Her kesiň iýip-içip, öz bar zähmetinden lezzet almagy Hudaýyň beren sylagydyr.
[14] Men Hudaýyň eden her işiniň ebedi galjakdygyny bilýärin; oňa hiç zady goşup bolmaz, ondan hiç zady aýryp bolmaz. Hudaý bu işlerini hemmeler Özünden gorksunlar diýip etdi.
[15] Häzir näme bar bolsa, ol öň hem bolandyr; geljekde boljak häzir hem bardyr. Hudaý öteni ýene gaýtarýar.
[16] Men ýene Günüň astynda kazylykda adalatyň deregine-de, dogrulygyň deregine-de pisligiň bardygyny gördüm.
[17] Içimden: «Hudaý dogry adama hem, erbet adama hem kazylyk eder; çünki Hudaýyň Özi her mesele, her iş üçin wagt belledi» diýdim.
[18] Ynsanlar barada içimden: «Özleriniň haýwanlar ýalydyklaryny görsünler diýip, Hudaý ynsanlary synaýar» diýdim.
[19] Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek.
[20] Ählisi bir ýere gidýär; ählisi toprakdandyr, ählisi-de ýene topraga dolanýar.
[21] Ynsanlaryň ruhy ýokaryk galýarmy, haýwanlaryň ruhy aşak ýere inýärmi, kim bilýär?
[22] Şeýdip, men ynsana öz eden işinden lezzet almakdan başga ýagşy zadyň ýokdugyny gördüm, çünki bu onuň muzdudyr. Dünýäden ötenden soň, näme boljagyny görkezmek üçin hiç kim ynsany yzyna getirip bilmez.