[1] Ysraýyllar: «Hiç birimiz benýaminlere gyz bermeris» diýip, Mispada ant içdiler.
[2] Ysraýyllar Beýtele gelip, Hudaýyň huzurynda agşama çenli gaty ses edip, zar-zar aglaşdylar.
[3] Olar: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Ysraýyla näme boldy? Ysraýyldan indi bir tire ýok bolup ýitip gitmelimi?» diýdiler.
[4] Ertesi güni ilat irden turup, ol ýerde mal öldürdiler, gurbanlyk sypasyny ýasap, ýakma hem--de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.
[5] Ysraýyllar: «Rebbiň huzurynda bolup geçen ýygnanyşyga ysraýyl tirelerinden kim gelmedikä?» diýişdiler. Bu ýygnanyşyga gelmedikleriň öldüriljekdigi barada ant içilip kasam edildi.
[6] Ysraýyllaryň benýaminlere, ýagny öz doganlaryna nebisleri agyryp: «Indi ysraýyllaryň bir tiresi kesilip taşlandy.
[7] Biz olara gyz bermezlige Rebbiň huzurynda ant içdik. Indi olaryň diri galanlarynyň aýal meselesini nähili çözmeli bolarkak?
[8] Mispadaky Rebbiň huzurynda bolan ýygnanyşyga Ysraýyl neslinden gelmedik barmy?» diýişdiler. Ýygnanyşyga Gilgatdaky Ýabeşden adam gelmändir.
[9] Görseler, ol ýerde Gilgatdaky Ýabeşden bir adam hem ýok eken.
[10] Edermen ýigitleriň on iki müňüsini jemagat ol ýere iberip, olara: «Baryň, Ýabeşiň ilatyny, aýallaryny we çagalaryny gylyçlap öldüriň.
[11] Öýlenenleriniň hem-de durmuşa çykanlarynyň ählisini bütinleý ýok ediň, diňe gyzlara degmäň» diýip buýurdylar. Olar aýdylyşy ýaly-da etdiler.
[12] Ýabeşiň ilatyndan dört ýüz sany boý gyzy özleri bilen alyp, Kengan ýurdundaky Şilo galasyndaky düşelgä getirdiler.
[13] Halk Rimmon gaýasyndaky benýaminler bilen gepleşik geçirmek üçin, ol ýere adam iberdi, olar bilen ylalaşyk yglan edildi.
[14] Şonda benýaminler Ysraýyla dolanyp geldiler we ysraýyllar diri galdyrylan Ýabeşiň gyzlaryny olara aýallyga berdiler; ýöne olaryň hemmesine gyz ýetmedi.
[15] Ysraýyl halky benýamin tiresine gynandy, sebäbi Reb Ysraýyl tireleriniň bütewüligini bozdy.
[16] Ýaşulular: «Benýaminleriň aýallarynyň ýok edilendigine görä, bu galanlaryna aýal alyp bermeklik meselesini nätsekkäk?» diýişdiler.
[17] Olar: «Ysraýyllaryň bu tiresi ýitip gitmez ýaly, benýaminleriň diri galanlarynyň özleriniň mülki bolsun,
[18] ýöne biz olara gyz berip bilmeris, çünki: „Kim benýaminlä gyz berse, oňa nälet bolsun“ diýip ant içipdik» diýdiler.
[19] Onsoň olar: «Ine, Beýteliň demirgazygynda, Şekeme gidýän ýoluň gündogarynda we Liwanyň günortasynda ýerleşýän Şiloda her ýyl Rebbe bagyşlanan baýramçylyk bolýar» diýişdiler.
[20] Olar benýaminlere görkezme berip şeýle diýdiler: «Baryň-da, üzümçiligiň içinde oturyň.
[21] Şilonyň gyzlary üýşüp tans eden wagtlarynda, üzümçilikden çykyň-da, Şilo gyzlaryndan heriňiz birini tutup, olara öýleniň we benýaminlere degişli ýere äkidiň.
[22] Gyzlaryň kakalary ýa-da doganlary biziň ýanymyza arz edip gelseler, biz olara: „Şolar üçin biz sizden ötünç soraýarys, olaryň beýtmeginiň sebäbi biziň söweşip, ýesir getiren gyzlarymyz olaryň hemmesine ýetmedi, siziň özüňiz hem olara gyzlaryňyzy bermediňiz“ diýip aýdarys» diýdiler.
[23] Benýaminler aýdylyşy ýaly hem etdiler; üýşüp tans edip ýören gyzlardan hersi birini ogurlap, öz mülklerine getirdiler we galalar gurup, ýaşap başladylar.
[24] Edil şol wagty ysraýyllar ol ýerden gaýdyp, hersi öýli-öýüne, öz tiresine we mülklerine dolanyp bardy.
[25] Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy; her kim öz göwnüne gelenini ederdi.