[1] Kengandaky uruşlaryň hiç haýsysyna gatnaşyp görmedik ysraýyllary synamak üçin, Reb birnäçe milletleri kowup çykarman öz ýurdunda galdyrdy.
[2] Reb muny Ysraýylyň her bir nesline söweşmegi öwretmek üçin, esasan hem öň hiç haçan urşup görmedik, urşa hiç hili tejribesi ýok soňky nesil üçin etdi.
[3] Ine, Rebbiň şol galdyran milletleri: piliştlileriň bäş hanlygy, ähli kenganlar, sidonlar, Bagalhermon dagyndan Lebohamada çenli aralykdaky Liwan dagynda ýaşaýan hiwiler.
[4] Rebbiň Musanyň üsti bilen ata-babalaryna berlen buýruklaryna ysraýyllaryň gulak asýandyklaryny ýa-da gulak asmaýandyklaryny synamak üçin Reb şu halklary galdyrypdy.
[5] Ysraýyllar kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň arasynda mesgen tutdular.
[6] Olar bilen gyz alşyp--berişdiler, olaryň hudaýlaryna gulluk etdiler.
[7] Ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler, özleriniň Hudaýy Rebbi unudyp, Bagal hem-de Aşera butlaryna gulluk etdiler.
[8] Şol sebäpden Rebbiň Ysraýyla gahary gelip, olary Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymyň eline tabşyrdy. Ysraýyllar sekiz ýyllap Kuşan-rişataýymyň gol astynda boldular.
[9] Olar Rebbe perýat edenlerinde, Reb olara Otniýel diýen bir halasgär berdi. Ol Kalebiň inisi Kenazyň ogludy.
[10] Rebbiň Ruhy Otniýele indi; ol ysraýyllara serdar bolup, urşa çykdy, Reb Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymy onuň eline berdi. Otniýel Kuşan-rişataýymy boýun egdirdi.
[11] Ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady. Soňra Kenazyň ogly Otniýel aradan çykdy.
[12] Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Reb hem Mowap patyşasy Eglony ysraýyllaryň garşysyna güýçlendirdi, sebäbi ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler.
[13] Eglon ammonlylar we amalekler bilen birleşdiler we ysraýyllara zarba urup, Palma galasyny eýeledi.
[14] Şeýlelikde, ysraýyllar on sekiz ýyllap Mowap patyşasy Eglonyň gol astynda galdylar.
[15] Ysraýyllar ýene-de Rebbe perýat edenlerinde, Reb olar üçin bir halasgär berdi. Ol benýamin tiresinden Geranyň ogly Ehutdy, ol çepbekeýdi. Ysraýyllar Mowap patyşasy Eglon üçin salgyt äkitmegi Ehuda tabşyrdylar.
[16] Ehut özüne uzynlygy bir tirsek bolan iki ýüzli hanjar ýasandy. Ony donunyň aşagynda sag buduna dakyp,
[17] salgydy Mowap patyşasy Eglona äkitdi. Eglon gaty semiz adamdy.
[18] Ehut salgydy berdi we muny göterip gelen adamlary ugratdy.
[19] Ýöne onuň özi Gilgalyň gapdalyndaky ýonulan uly daşyň duran ýerinden yzyna öwrülip geldi-de: «Eý, patyşa, saňa aýtjak bir gizlin sözüm bar» diýdi. Eglon: «Ümsüm boluň!» diýip, ýanyndakylaryň hemmesini daşaryk çykardy.
[20] Ehut şonda öz sergin otagynda ýeke galan patyşanyň ýanyna golaýlaşyp: «Saňa Hudaýdan bir habar getirdim» diýende, patyşa tagtyndan turdy.
[21] Ehut çep eli bilen sag budundaky hanjaryny aldy-da, patyşanyň garnyna sokdy.
[22] Hanjar sapy bilen bile girip gitdi. Hanjar patyşanyň ýagly garnynda galdy. Ehut hanjaryny yzyna çykarmady, hanjarynyň ujy onuň arkasyndan çykdy, onuň içgoşy daşyna çykdy.
[23] Onsoň Ehut işigiň daş ýüzüne çykyp, sergin otagyň gapylaryny daşyndan gulplady.
[24] Ol daşaryk çykan badyna, patyşanyň nökerleri geldiler. Olar sergin otagyň gapylarynyň gulplydygyny görüp, patyşa aýak ýoluna gidendir öýtdüler.
[25] Juda köp garaşdylar, gapylar wagty bilen açylmansoň, ahyry açar alyp, gapylary açdylar. Görseler, olaryň hojaýyny ölüp ýatyrdy.
[26] Olar nämäniň-nämedigine düşünýänçäler, Ehut gaçdy we ýonulan uly daşyň gapdalyndan geçip, Seýire tarap zym-zyýat boldy.
[27] Ol bu ýere gelip, Efraýym daglygynda şahdan edilen surnaý çaldy. Ysraýyllar onuň bilen birlikde daglykdan indiler. Ehut olaryň öňündedi.
[28] Ehut olara: «Meniň yzyma düşüň, Reb duşmanyňyz mowaplylary siziň eliňize tabşyrdy» diýdi. Olar hem onuň yzy bilen aşak indiler we mowaplylardan Iordan derýasynyň güzerlerini eýeläp, ol ýerden hiç kimi geçirmediler.
[29] Şonda olar on müň sany daýaw hem batyr mowaplyny öldürdiler, olaryň ýekejesi-de aman galmady.
[30] Şeýlelikde, mowaplylar şol gün Ysraýylyň golastyna düşdüler. Soňra ýurt segsen ýyl parahat ýaşady.
[31] Ehutdan soň Anat ogly Şamgar peýda boldy. Ol hem padyman taýagy bilen piliştlilerden alty ýüz adamy öldürip, Ysraýyly olaryň elinden halas etdi.