[1] Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Şol sebäpli Reb kyrk ýyllap ysraýyllary piliştlileriň eline berdi.
[2] Şol döwürde Sorgada dan tiresinden Manowa diýen bir adam bardy; onuň aýaly önelgesizdi.
[3] Rebbiň perişdesi onuň aýalynyň ýanyna gelip: «Sen önelgesiz bolsaň-da, göwreli bolarsyň we bir ogul dograrsyň.
[4] Sen özüňi aýap sakla, şerap, çakyrdan içme, haram zatlardan iýme.
[5] Çünki sen göwreli bolarsyň we ogul dograrsyň; onuň kellesine päki degmeli däldir, sebäbi enesiniň göwresinde galan gününden başlap, ol çaga Hudaýa nazyr bolar, ol Ysraýyly piliştlileriň elinden halas eder» diýdi.
[6] Aýaly adamsynyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Meniň ýanyma Hudaýyň adamy geldi, onuň daş keşbi Hudaýyň perişdesiniňki ýaly, haýbatly, gorkunçdy. Men onuň nireden gelenini soramadym, ol maňa öz adyny hem aýtmady.
[7] Ol maňa: „Sen göwreli bolarsyň, ogul dograrsyň, şerap, çakyrdan içme, haram zatlardan iýme, çünki göwrede galan gününden başlap, ol Hudaýa nazyr bolar“ diýip aýtdy».
[8] Manowa Rebbe ýüzlenip: «Ýa Reb! Goý, bize iberilen Hudaýyň adamy ýanymyza ýene-de gelsin hem-de bizden doguljak çaga näme etmelidigimizi öwretsin» diýip ýalbardy.
[9] Hudaý Manowanyň sesini eşitdi we Manowanyň aýaly meýdandaka, Hudaýyň perişdesi onuň ýanyna geldi. Emma aýalyň adamsy ýanynda ýokdy.
[10] Aýaly şol wagt ylgap gidip: «Meniň ýanyma öňki gelip giden adam geldi» diýip, adamsyna habar berdi.
[11] Manowa aýaly bilen ol adamyň ýanyna bardy we ondan: «Meniň aýalym bilen gepleşen senmi?» diýip sorady. Perişde: «Men!» diýip jogap berdi.
[12] Manowa oňa: «Seniň aýdanlaryň amala aşanda, biz ol çaga nähili garamaly we oňa näme etmeli?» diýip sorady.
[13] Rebbiň perişdesi Manowa: «Goý, seniň aýalyň meniň aýdanlarymy etsin.
[14] Ol üzümden öndürilen zatlary iýmesin; şerap, çakyr datmasyn, haram zatlardan asla iýmesin. Aýalyň meniň buýranlarymyň ählisini berjaý etmelidir» diýdi.
[15] Manowa Rebbiň perişdesine: «Seniň üçin bir owlagy taýýarlaýançak, seni ýoluňdan saklamaga rugsat et» diýdi.
[16] Rebbiň perişdesi Manowa: «Sen meni saklasaň-de, men seniň naharyňy iýmerin, emma sen ýakma gurbanlyk taýýarlamak isleseň, onda ony Rebbe hödür et» diýdi. (Manowa bu adamyň Rebbiň perişdesidigini bilmeýärdi.)
[17] Manowa Rebbiň perişdesine: «Aýdanlaryň hakykat bolanda, biz seni alkyşlar ýaly, öz adyňy aýt» diýdi.
[18] Rebbiň perişdesi oňa: «Meniň adymy näme soraýarsyň? Ol örän täsindir!» diýdi.
[19] Manowa owlak bilen galla sadakasyny daşyň üstüne getirip, täsin gudratlar edýän Rebbe berdi.
[20] Gurbanlyk sypasynyň üstünden ýalyn asmana galyp ugranda, Rebbiň perişdesi ýalyn bilen bile ýokary göterildi. Muny gören Manowa bilen onuň aýaly ýere ýüzin ýykyldylar.
[21] Rebbiň perişdesi Manowa bilen aýalyna şondan soň gaýdyp hiç görünmedi. Manowa onuň Rebbiň perişdesidigini şonda bilip galdy.
[22] Manowa öz aýalyna: «Dogrudan hem, biz hökman öleris, çünki biz Hudaýy gördük» diýdi.
[23] Aýaly oňa: «Eger Reb bizi öldürmek islän bolsa, biziň elimizden ýakma gurbanlygymyzy we galla sadakamyzy kabul etmezdi, bize şol täsinlikleri görkezmezdi, bu zatlary bize mälim etmezdi» diýdi.
[24] Aýaly ogul dogurdy we oňa Şimşon diýen at goýdy. Çaga ösüp kemala geldi, Reb oňa ak pata berdi.
[25] Sorga bilen Eştawolyň aralygyndaky Mahanadanda bolanda Şimşony Rebbiň Ruhy galkyndyryp başlady.