Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:31

[1] Günlerde bir gün Şimşon Timna gidende, piliştli bir gyzy gördi.

[2] Ol baryp, öz ejesine we kakasyna: «Men Timnada piliştli gyzlardan birini gördüm. Şony maňa alyp beriň» diýdi.

[3] Emma ejesi bilen kakasy oňa: «Näme üçin sen sünnetsiz piliştli halkdan gyz aljak bolýarsyň? Näme özli-özüňde, tutuş ilimizde sen öýlener ýaly gyz ýokmy?» diýdiler. Şimşon kakasyna: «Maňa şony alyp ber, sebäbi ol meniň göwnüme ýarady» diýdi.

[4] Bu işiň Reb tarapyndan bolýandygyny, piliştlileriň garşysyna çykmak üçin, Onuň amatly pursady gözleýändigini Şimşonyň ejesi bilen kakasy bilmeýärdi. Şol wagtlar ysraýyllaryň üstünden piliştliler höküm sürýärdi.

[5] Şimşon, onuň ejesi we kakasy Timna tarap ugradylar. Olar Timnadaky üzümçilikden geçip barýarkalar, Şimşon bir ýaş ýolbarsyň arlaýan sesini eşitdi.

[6] Şimşona uly güýç bilen Rebbiň Ruhy indi, ol ýolbarsy edil bir owlajygy bölekleýän ýaly edip, düýt-müýt etdi; onuň elinde hiç zat ýokdy. Ol bu eden işini ejesine-kakasyna aýtmady.

[7] Baryp, ol gyz bilen gepleşdi; ol Şimşonyň göwnüne ýarady.

[8] Birnäçe günden soň Şimşon ol gyza öýlenmek üçin gideninde, ol şol ýolbarsyň maslygyny görmek üçin sowuldy. Seretse, ýolbarsyň maslygynda bal arylaryň öýjügi hem-de bal bar eken.

[9] Ol baldan goşawujyny dolduryp, ýolboýy ýalap iýip gitdi, ejesiniň we kakasynyň ýanyna gelende olara-da berdi. Olar hem iýdiler, emma baly ýolbarsyň maslygyndan alandygyny Şimşon olara aýtmady.

[10] Şimşonyň kakasy gyzyňka geldi, Şimşon şol ýerde, adatça, öýlenýän ýigitleriň edişi ýaly ýedi günläp toý tutdy.

[11] Toý başlananda, onuň ýanynda bile bolar ýaly, oňa otuz sany dost saýladylar.

[12] Şimşon olara: «Men size bir matal aýtjak; eger siz ony maňa toýuň ýedi gününiň dowamynda dogry çözüp berseňiz, onda men size otuz sany nepis don hem-de otuz laý köýnek bererin.

[13] Eger-de çözüp bilmeseňiz, onda siz maňa otuz sany nepis don we otuz laý köýnek berersiňiz» diýdi. Olar Şimşona: «Matalyňy aýt, eşideli» diýdiler.

[14] Şimşon olara matalyny aýtdy: «Iýegenden iýmit çykdy, güýçlüden süýjülik çykdy». Mataly üç günläp çözüp bilmediler.

[15] Dördünji gün diýlende, olar Şimşonyň aýalyna: «Adamyňy yr, ol bize mataly çözüp bersin; ýogsam, özüňi-‑de, kakaňyň öýüni-de otlarys, siz bizi iň soňky zadymyza çenli talap, gedaý goýmak üçin çagyrypmydyňyz?» diýdiler.

[16] Şimşonyň aýaly adamsynyň ýanynda aglap: «Sen meni ýigrenýärsiň, meni söýmeýärsiň, meniň ilimiň ýigitlerine matal aýtdyň, maňa ony çözüp bereňok» diýdi. Şimşon oňa: «Öz ejeme, kakama çözüp beripdirinmi, saňa çözüp berer ýaly» diýdi.

[17] Onuň aýaly toýuň bütin dowamynda, ýedi günläp aglady. Aýaly özelenip duransoň, ahyrsoňunda, ýedinji gün diýende Şimşon oňa matalyň çözgüdini aýtdy. Şimşonyň aýaly öz iliniň ýigitlerine matalyň çözgüdini aýdyp berdi.

[18] Ýedinji gün diýlende, Gün batmazdan öň, ýigitler Şimşonyň ýanyna gelip: «Baldan süýji, ýolbarsdan güýçli näme bar?» diýdiler. Şimşon olara: «Siz meniň göläm arkaly ýer sürmedik bolsaňyz, mataly çözüp bilmezdiňiz» diýdi.

[19] Rebbiň Ruhy oňa indi, ol Aşkelona gidip, ol ýerde otuz adamy öldürdi. Olaryň eşigini sypyryp aldy-da, mataly çözenlere bir laý köýnek getirip berdi. Onsoň ol gazaba münüp, öz kakasynyň öýüne gaýtdy.

[20] Şimşonyň aýalyny bolsa, ol öýlenende, oňa iň ýakyn dost bolup oturana durmuşa çykardylar.

Ysraýyl serdarlary — Chapters