Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:05

[1] Ýurdy serdarlaryň dolandyrýan döwründe açlyk höküm sürýärdi. Ýahuda ýurdunyň Beýtullaham galasyndan bir adam aýaly we iki sany ogly bilen Mowap topragyna wagtlaýynça ýaşamaga gitdiler.

[2] Ol adamyň ady Elimelek, aýalynyň ady Nagomy, ogullarynyň atlary bolsa Mahlon hem Kilýondy. Olar Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan, efrat tiresindendiler. Olar Mowaba gelip, şol ýerde galdylar.

[3] Nagomynyň adamsy Elimelek aradan çykandan soň, ol iki ogly bilen dul galdy.

[4] Onuň ogullary mowaply gyzlara öýlendiler. Gyzlaryň biriniň ady Orpa, beýlekisiniň ady Rutdy. Elimelegiň maşgalasy Mowapda on ýyl töweregi ýaşandan soň,

[5] ogullary Mahlon bilen Kilýon hem ölüp, Nagomy ogullaryndan hem adamsyndan mahrum boldy.

[6] Nagomy öz gelinleri bilen Mowap ýurdundan gitmäge taýýarlanýardylar, sebäbi ol entek Mowap topragyndaka, Rebbiň Öz halkyna nazar salyp, çörek berendigini eşidipdi.

[7] Olar öz ýaşaýan ýerlerinden çykyp, Ýahuda tarap, üç bolup ýöräp ugradylar.

[8] Nagomy iki gelnine-de: «Baryň, ikiňiz hem ejeňiziňkä gaýdyberiň. Maňa we merhum gaýynataňyza hem-de adamyňyza hemişe wepalylyk görkezişiňiz ýaly, size-de, goý, Reb öz wepalylygyny görkezsin.

[9] Siziň durmuşa çykyp, indiki adamyňyz bilen rahat ýaşamagyňyza Reb ýardam etsin» diýip, olary ogşady. Emma olaryň ikisi-de ses edip aglaşdylar.

[10] Gelinleri: «Ýok, biz seniň bilen bile seniň halkyň arasyna gideris» diýdiler.

[11] Nagomy: «Gaýdyň gyzlarym! Siz näme üçin meniň bilen gitjek?! Indi men size öýlener ýaly ogul dogrup bilmen ahyryn.

[12] Gyzlarym, yzyňyza gaýdyň, öz ýoluňyz bilen gidiň! Men indi äre barardan garry. Eger-de: „Mende entek umyt bar“ diýip, edil şu gijäniň özünde meniň adamym bolup, ýene ogullary dünýä inderäýenimde-de,

[13] olar kemala gelýänçä, siz garaşarmydyňyz? Olara durmuşa çykmak üçin siz başga äre barman saklanarmydyňyz? Ýok, gyzlarym, meniň ýagdaýym siziňkiden has agyr, çünki meniň garşyma çykan – Rebbiň hut Özi» diýdi.

[14] Olar ýene-de ses edip aglaşdylar. Orpa gaýynenesini ogşap hoşlaşdy, emma Rut Nagoma ýapyşdy.

[15] Nagomy oňa ýüzlenip: «Ine, seniň eltiň öz halkynyň içine, öz hudaýlaryna dolandy, senem onuň yzy bilen gidäý» diýdi.

[16] Emma Rut: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň – meniň halkym, seniň Hudaýyň meniň Hudaýym bolar.

[17] Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi.

[18] Nagomy Rutuň yzyna gaýtmajagyna hem-de özi bilen galjagyna göz ýetirenden soň, oňa hiç zat diýmedi.

[19] Şeýdip, olaryň ikisi-de Beýtullahama çenli ýöräp gaýtdylar. Olar Beýtullahama gelip ýetenlerinde, bütin gala herekete gelip, aýallar: «Bu Nagomymy?!» diýip, bir-birlerinden soraşdylar.

[20] Nagomy olara garap: «Siz maňa Nagomy diýmäň, Mara diýiň, sebäbi Gudratygüýçli maňa gaty ajy durmuş berdi.

[21] Men bu ýerden gidenimde doly gidipdim, ýöne Reb meni yzyma boş gaýtardy. Reb hasrat çekdirýän wagtynda, siz nädip maňa Nagomy diýip bilýärsiňiz? Gudratygüýçli meni betbagt etdi» diýdi.

[22] Şeýlelikde, Nagomy özüniň mowaply gelni Rut bilen Mowap ýurdundan yzyna gaýdyp geldi. Olar Beýtullahama arpa oragynyň başyna geldiler.

Rut — Chapters