[1] Ýeşuwa ölenden soň, ysraýyllar: «Kenganlaryň garşysyna ilki haýsymyz söweşe çykmaly?» diýip, Rebden soradylar.
[2] Reb: «Ýahuda tiresi çykar: ine, Men bu ýurdy olaryň eline berjekdirin» diýdi.
[3] Ýahudalar şimgon tiresine: «Biziň paýymyza düşen ýer üçin kenganlaryň garşysyna bile söweşmäge geliň. Biz hem siziň paýyňyza düşen ýer üçin söweşmäge bararys» diýdiler. Şimgonlar olar bilen bile gitdiler.
[4] Ýahudalar söweşe girdiler, Reb kenganlary we perizleri olaryň eline berdi. Olar Bezek diýen ýerde duşmanyň on müňüsini öldürdiler.
[5] Bezekde olar Adonybezege sataşdylar, onuň bilen söweşip, ony ýeňdiler, kenganlary we perizleri derbi-dagyn etdiler.
[6] Adonybezek gaçdy, ýöne onuň yzyndan kowup tutup, onuň elleriniň hem aýaklarynyň başam barmaklaryny çapdylar.
[7] Şonda Adonybezek: «Elleriniň hem aýaklarynyň başam barmaklary çapylan ýetmiş sany baştutan meniň saçagymdan gaçan çörek owuntyklaryny çöpläp iýipdi. Şolara edenlerimi indi Hudaý meniň özüme görkezýär» diýdi. Olar Adonybezegi Iýerusalime getirdiler; ol şol ýerde öldi.
[8] Soňra ýahudalar Iýerusalimi basyp alyp, onuň ilatyny gylyçdan geçirdiler we galany otladylar.
[9] Ondan soň olar daglykda, Negepde we günbatar baýyrlykda ýaşaýan kenganlaryň garşysyna söweşe girdiler.
[10] Köne ady Kirýatarba bolan Hebronda ýaşaýan kenganlaryň üstüne çozup, Şeşaý, Ahyman we Talmaý baştutanlaryny boýun egdirdiler.
[11] Bu ýerden ol Debiriň ilaty bilen uruşmaga gitdi. Debire öň Kirýatseper diýilýärdi.
[12] Kalep: «Ýeňiş gazanyp, Kirýatseperi basyp alana, gyzym Aksany gelin edip berjek» diýdi.
[13] Bu galany Kalebiň dogany, Kenazyň ogly Otniýel basyp aldy. Kalep öz gyzy Aksany oňa berdi.
[14] Toý güni Aksa öz kakasynyň ýanyna gidip, ondan ýer dilemek üçin Otniýelden razylyk aldy. Aksa baryp, eşeginden düşende, Kalep ondan: «Gyzym, näme dilegiň bar?» diýip sorady.
[15] Aksa kakasyna: «Maňa peşgeş bersene. Sen maňa Negep çölüniň gurak ýerlerini berdiň, maňa suw bulaklaryny-da beräý!» diýdi. Şunlukda, Kalep ýokarky we aşaky çeşmeleri hem oňa bagyş etdi.
[16] Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amalekleriň arasynda ornaşdylar.
[17] Soňra ýahudalar şimgonlar bilen bilelikde, Sepat galasynda ýaşaýan kenganlaryň üstüne çozup, olary ýeňdiler. Olar galany Rebbe bagyş edip, bütinleý ýok etdiler we onuň adyna Horma dakdylar.
[18] Ýahudalar Gaza, Aşkelon we Ekron galalaryny-da, olaryň daş-töweregindäki meýdanlary bilen bile basyp aldylar.
[19] Reb ýahudalar bilen biledi. Olar daglykda ýaşaýanlary ýeňip, olary kowup çykardylar, emma düzlükde ýaşaýanlary ýeňip bilmediler, sebäbi olaryň demir söweş arabalary bardy.
[20] Musanyň wada edişi ýaly, Hebron Kalebe berildi. Ol bolsa anaklaryň üç urugyny ol ýerden kowup çykardy.
[21] Benýaminler Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykarmadylar, olar häli-häzire çenli hem benýaminler bilen bile bu ýerde ýaşap ýörler.
[22] Ýusubyň nesilleri Beýteliň garşysyna söweşe çykdylar. Reb olar bilendi.
[23] Olar Beýtele (galanyň öňki ady Luzdy) gözden geçirmek üçin öz jansyzlaryny iberdiler.
[24] Jansyzlar galadan gelýän bir adamy gördüler, ony tutup, oňa: «Eger bize galanyň girelgesini görkezseň, biz saňa rehimdarlyk ederis» diýdiler.
[25] Ol adam bulara galanyň girelgesini görkezdi. Ýusubyň nesilleri galany gylyçdan geçirdiler, ýöne bu adama hem onuň kowum-garyndaşlaryna degmediler.
[26] Ol adam hetleriň ýurduna baryp, ol ýerde gala gurdy we öň ýaşan galasynyň hatyrasyna onuň adyna Luz dakdy. Ol gala häzire çenli şol at bilen atlandyrylýar.
[27] Manaşalar Beýtşeýan, Tagnak, Dor, Iblegam, Megido galalarynyň we olara degişli obalaryň ilatyny kowup çykarmadylar, şeýdip, kenganlar şol ýerde ýaşadylar.
[28] Ysraýyllar güýçlenenden soňra, olar kenganlary bütinleý kowup çykarmadylar-da, mejbury iş edýänlere öwürdiler.
[29] Efraýymlar hem Gezerde ýaşaýan kenganlary kowmadylar, kenganlar olar bilen bir ýerde ýaşadylar.
[30] Şeýlelikde, zebulunlar Kitron we Nahalal galalarynyň ilatyny kowmadylar, kenganlar olar bilen ýaşaberdiler, ýöne kenganlar olary mejbury iş edýänlere öwürdiler.
[31] Aşerler Akko, Sidon, Ahlap, Akzyp, Helba, Afyk we Rehop galalarynyň ilatyny kowmadylar.
[32] Şeýdip, aşerler şol ýeriň ilaty bolan kenganlaryň arasynda ýaşaberdiler, çünki olary kowmadylar.
[33] Naftalylar Beýtşemeşiň, Beýtanadyň ilatyny – kenganlary kowman, olaryň arasynda ýaşadylar. Emma olar Beýtşemeş bilen Beýtanadyň ilatyny mejbury iş edýänlere öwürdiler.
[34] Amorlar danlary daglyga tarap gysdylar, olary düzlüge goýbermediler.
[35] Amorlar Heres dagynda, Aýalonda, Şagalbymda ýaşamagy ýüreklerine düwdüler; Ýusubyň nesilleri güýçlenende, olar amorlary mejbury iş edýänlere öwürdiler.
[36] Amorlaryň serhedi Içýan geçidinden Sela gaýasyna çenli, hatda ondan hem aňry uzalyp gidýärdi.