[1] Soňra efraýymlar Gidegona: «Sen näme üçin beýle etdiň, näme üçin midýanlar bilen söweşmäge gideniňde bizi çagyrmadyň?» diýdiler. Olar Gidegony gaty ýazgardylar.
[2] Gidegon olara: «Siziň bitiren işiňiziň ýanynda meniňki dagy näme? Efraýym Abygezeriň ýygnan üzüminden köp ýygyp, özüni bagtly hasaplamanmydy näme?
[3] Hudaý Midýan baştutanlary Orep bilen Zeýebi siziň eliňize berdi. Men siziňkiçe iş bitirip bildimmi?» diýdi. Bu sözleri eşidip, efraýymlaryň gahary köşeşdi.
[4] Gidegon ýadaw bolsa-da, duşmanyň yzyndan kowalamagy dowam edip, öz üç ýüz adamy bilen Iordan derýasyndan geçdi.
[5] Ol Sukodyň ilatyna: «Meniň yzymdan gelýän adamlaryma çörek beriň, olar gaty ýadaw. Men midýan baştutanlary Zebah bilen Salmunnany yzarlap barýaryn» diýdi.
[6] Emma Sukodyň ýolbaşçylary: «Seniň goşunyňa näme üçin çörek bereli? Zebahy we Salmunnany siz ele saldyňyzmy näme?!» diýdiler.
[7] Gidegon: «Bolýar, Reb Zebahy we Salmunnany meniň elime berenden soň, şu bolşuňyz üçin sizi çöl agajynyň tikenleri bilen hem-de böwürslen çybyklary bilen teniňizi parçalaryn» diýdi.
[8] Gidegon bu ýerden çykyp, Peniýele gitdi we onuň ilatyna-da öňki aýdanlaryny gaýtalady, olar hem Sukodyň ilatynyň beren jogaby ýaly jogap berdiler.
[9] Ol Peniýeliň ilatyna-da: «Ýeňiş bilen yzyma dolanyp gelenimde, şu diňiňizi ýykaryn» diýdi.
[10] Zebah bilen Salmunna Karkordady. Gündogaryň ilatyndan ýygnanan, tutuş goşundan diri galan on bäş müňe golaý esger hem olaryň ýanyndady. Olaryň ýüz ýigrimi müň söweşijileri bolsa öldürilipdi.
[11] Gidegon Noba bilen Ýogbohanyň gündogaryndaky kerwen ýoly bilen baryp, olaryň garaşmadyk wagtynda duýdansyz olara zarba urdy.
[12] Midýanlaryň Zebah bilen Salmunna atly iki baştutany gaçdy, emma Gidegon olary kowalap tutdy. Bütin goşun aljyraňňylyga düşdi.
[13] Ýowaşyň ogly Gidegon Heres geçidiniň üsti bilen uruşdan gaýdyp geldi.
[14] Ol Sukodyň ilatyndan bir ýaş ýetginjegi tutdy-da, ony sorag etdi. Ol Sukot baştutanlarynyň we ýaşulularynyň ýetmiş ýedi sanysynyň adyny ýazyp berdi.
[15] Gidegon Sukodyň ilatynyň ýanyna gelip: «Siz: „Seniň ýadaw adamlaryňa çörek berer ýaly, Zebahy we Salmunnany ele saldyňyzmy näme?“ diýip, meniň üstümden gülüpdiňiz. Ine, Zebah bilen Salmunna» diýdi.
[16] Olar Sukodyň ýaşulularyny we galanyň ilatyny çöl agajynyň tikenleri hem-de böwürslen çybyklary bilen jezalandyrdylar.
[17] Penuwal diňini ýykyp, galanyň ilatyny gyrgyna berdiler.
[18] Gidegon Zebah bilen Salmunnadan: «Siziň Taborda öldürenleriňiz nähili adamlardy?» diýip sorady. Olar: «Seniň ýalydylar, şazada sypatlydylar» diýip jogap berdiler.
[19] Gidegon: «Olar meniň süýtdeş doganlarymdy. Rebden ant içýärin, eger siz olary öldürmedik bolsaňyz, men hem sizi öldürmezdim» diýdi.
[20] Ol özüniň nowbahar ogly Ýetere: «Tur, olary öldür!» diýdi. Ýetginjek gylyjyny çykarmady, sebäbi entek ýaş bolany üçin gorkýardy.
[21] Zebah bilen Salmunna Gidegona: «Tur-da, özüň bizi öldür, sebäbi erkek adamyň işini diňe erkek bitirip biler» diýdiler. Gidegon turup, Zebah bilen Salmunnany öldürdi-de, olaryň düýesiniň boýnundaky ýarym aý şekilli şaý-seplerini aldy.
[22] Ysraýyllar Gidegona: «Seniň özüň, ogluň, agtygyň bize patyşa bolsun, çünki sen bizi midýanlaryň elinden halas etdiň» diýdiler.
[23] Gidegon olara: «Menem, meniň oglumam size patyşa bolmaz. Reb size patyşa bolar» diýdi.
[24] Gidegon olara: «Olja edip alan altyn gulak halkalaryňyzdan maňa heriňiz birini beriň» diýdi. (Duşmanda gulakhalka köpdi, çünki olar ysmaýyllardy.)
[25] Olar: «Höwes bilen bereris!» diýip, ýere geýim düşäp, onuň üstüne adam başyna bir gulak halka taşladylar.
[26] Altyn-kümüş düwmelerden, midýan patyşalarynyň goýy gyrmyzy reňkli geýimlerinden hem-de olaryň düýeleriniň boýnuna dakylýan altyn halkalaryndan başga, onuň ýygnan diňe gulak halkalarynyň agramy takmynan bir batman boldy.
[27] Gidegon olardan efot ýasady we ony öz galasy bolan Oprada goýdy. Soňra ähli ysraýyllar ol ýere gatnap, efoda sežde etdiler. Bu Gidegona hem-de onuň öýündäkileriň ählisine gurlan duzakdy.
[28] Şeýlelikde, midýanlar ysraýyllara boýun egdiler hem-de şondan soň olara baş galdyrmadylar. Şeýdip, Gidegonyň döwründe ysraýyllar kyrk ýyllap parahat ýaşadylar.
[29] Ýowaşyň ogly Ýerubagal öz öýüne gidip, şol ýerde ýaşap başlady.
[30] Gidegon köp aýally bolansoň, onuň ýetmiş ogly bardy.
[31] Şekemde ýaşaýan gyrnagy hem oňa bir ogul dogrup berdi. Onuň ady Abymelekdi.
[32] Gidegon gojalyk ýaşyna ýetip öldi, ony abygezer urugynyň Opra galasynda, öz atasy Ýowaşyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.
[33] Gidegon ölensoň, ysraýyllar Bagal butlaryna sežde edip, zyna etdiler; Bagalberiti özleriniň hudaýy saýyp başladylar.
[34] Ysraýyllar daş-töweregindäki ähli duşmanlaryň elinden halas eden özleriniň Hudaýy Rebbi ýatlamadylar.
[35] Şeýle hem, Ysraýyla we özlerine eden ähli haýyrly işleri üçin Ýerubagalyň (ýagny Gidegonyň) öýüne wepaly bolmadylar.