[1] Abymelekden soň Ysraýyly halas etmek üçin ysakar tiresinden Dodonyň agtygy, Puwanyň ogly Tola aýaga galdy. Ol Efraýym daglygynda ýerleşýän Şamyr diýen ýerde efraýymlaryň arasynda ýaşady.
[2] Ol ýigrimi üç ýyl Ysraýyla serdar boldy. Soňra ol dünýäden ötdi, ony Şamyrda jaýladylar.
[3] Ondan soň, Ysraýyla ýigrimi iki ýyllap Gilgatly Ýaýyr serdar boldy.
[4] Onuň otuz ogly bardy; olaryň hersi bir eşek münüp, Gilgadyň otuz galasyna öz hökümlerini ýöredýärdiler. Henize çenli şol galalar Hawotýaýyr diýlip atlandyrylýar.
[5] Ýaýyr aradan çykanda, ony Kamon galasynda jaýladylar.
[6] Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini edip başladylar. Ysraýyllar Bagal bilen Aştoret butlaryna hem-de Siriýanyň, Sidonyň, Mowabyň, Ammonyň, piliştlileriň hudaýlaryna gulluk edip başladylar. Olar Rebbi terk edip, Oňa gulluk etmediler.
[7] Şonuň üçin Rebbiň Ysraýyla gahary geldi. Ol ysraýyllary piliştlileriň we ammonlylaryň eline berdi.
[8] Şol ýyl olar ysraýyllary dargadyp, olara gaty azar berdiler. Iordanyň gündogaryndaky Gilgatda, ýagny amorlaryň ýerinde ýaşaýan ähli ysraýyllara olar on sekiz ýyllap sütem etdiler.
[9] Iň soňunda ýahuda, benýamin we efraýym tireleri bilen uruşmak üçin ammonlylar Iordandan geçdiler. Ysraýyllar uly gaýgy-alada galdylar.
[10] Olar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günä etdik, öz Hudaýymyz Seni terk edip, Bagal butlaryna gulluk etdik» diýip eňreşdiler.
[11] Reb ysraýyllara şeýle diýdi: «Sizi müsürlileriň hem, amorlaryň hem, ammonlylaryň hem, piliştlileriň hem elinden azat eden Men dälmi?
[12] Sidonlar, amalekler we mowaplylar size sütem eden wagty Meni çagyranyňyzda, Men sizi olaryň elinden halas etdim.
[13] Siz Meni unutdyňyz we başga hudaýlara gulluk etdiňiz, şonuň üçin Men size indi rehim etjek däl.
[14] Baryň, öz saýlan hudaýlaryňyza ýüz tutuň, gysaja düşeniňizde, sizi, goý, şolar halas edibersinler».
[15] Ysraýyllar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günäli, bize islän jezaňy berip bilersiň, ýöne bu gün bizi halas et!» diýdiler.
[16] Şeýdip, olar keseki hudaýlardan ýüz öwrüp, ýene Rebbe gulluk edip başladylar. Reb olara ýene-de dözmedi.
[17] Ammonlylar üýşüp, Gilgatda düşelge gurdular. Ysraýyllar ýygnanyp, Mispada düşelge gurdular.
[18] Gilgat halkynyň tirebaşylary biri-birilerine: «Ammonlylaryň garşysyna kim ilkinji bolup urşa başlasa, şol adam Gilgadyň tutuş ilatyna baştutan bolar» diýdiler.