Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 10:29

[1] Soňra demirgazykda Dandaky, günortada Beýerşebadaky we gündogarda Gilgatdaky ähli ysraýyllar bu çagyryşa jogap berdiler. Olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, Mispada Rebbiň huzurynda ýygnanyşdylar.

[2] Ysraýyllaryň ähli tireleriniň ýolbaşçylary Hudaýyň adamlarynyň ýygnagyna üýşdüler. Gylyçlaryny ýalaňaçlan dört ýüz müň sany esger hem şol ýerdedi.

[3] (Benýaminler ysraýyllaryň Mispada üýşendiklerini eşitdiler.) Ysraýyllar: «Nädip beýle masgaraçylyk bolup bildi?» diýip soradylar.

[4] Öldürilen aýalyň adamsy lewi şeýle jogap berdi: «Men öz gyrnak aýalym bilen benýaminleriň Gibga galasyna baryp, gije şol ýerde ýatdyk.

[5] Gibganyň adamlary gije biziň ýatan jaýymyzyň daşyny gabadylar. Meni öldürjek boldular, meniň gyrnak aýalymy masgaralap, tä ölinçä zorladylar, ol öldi.

[6] Men gyrnak aýalymy ol ýerden getirip, kesişdirdim-de, Ysraýylyň ähli ýerine iberdim, çünki Ysraýylda kada-kanuna laýyk gelmeýän, masgaraçylykly iş etdiler.

[7] Ine, siz ysraýyllar, hemmäňiz şu bolan işe serediň hem-de şu ýerde netije çykaryň» diýdi.

[8] Tutuş halk bir adam ýaly bolup turdy-da, şeýle diýdi: «Biziň hiç haýsymyz öz çadyrlarymyza gitmeris, öz öýümize dolanmarys.

[9] Indi biz Gibgany, gör, näderis: bije atyp, onuň üstüne kimiň gitmelidigini saýlarys.

[10] Ysraýyllaryň erkek adamlarynyň ondan birisi goşun üçin iýer-içer ýaly zatlar getirer, galanlarynyň hemmesi benýaminleriň Gibgada masgaraçylykly iş edendikleri üçin, olary jezalandyrmaga gider».

[11] Ysraýyllar bir adam ýaly bolup, agzybirlik bilen Gibga galasynyň üstüne gitmek üçin ýygnandylar.

[12] Ysraýyllaryň ähli tiresi benýaminlere wekil iberip: «Sizde nähili beýle nejis iş edilipdir.

[13] Siz Gibgadaky şol azgyn adamlary biziň elimize tabşyryň, biz olary öldürip, erbetlikleri köki-damary bilen Ysraýyldan goparyp taşlarys» diýdiler. Emma benýaminler öz doganlary bolan ysraýyllary diňlemediler.

[14] Benýaminler ysraýyllaryň garşysyna uruşmak üçin, benýaminlere degişli galalardan gelip, Gibga galasyna ýygnandylar.

[15] Şol gün benýaminleriň galalaryndan ýygnanyp, naýzalaryny ýalaňaçlan esgerleriniň sany ýigrimi alty müň adam boldy. Ondan başga-da, Gibga galasyndan ýygnanan esgerleriň sany ýedi ýüz adamdan ybarat boldy.

[16] Şol adamlaryň içindäki ýedi ýüz sany saýlama esger çepbekeýdi, olaryň sapan bilen atýan daşy saçyň taryna degmän geçmezdi.

[17] Diňe benýaminler däl, eýsem, ysraýyllar-da gylyçlaryny ýalaňaçlapdylar, olaryň sany dört ýüz müň adamdan ybaratdy, hemmesi-de uruşmaga ukyplydy.

[18] Ysraýyllar Beýtele bardylar-da: «Haýsymyz urşa ilki başlarys?» diýip, Hudaýdan soradylar. Reb: «Ýahuda öňürti başlar» diýdi.

[19] Ysraýyllar ertesi irden Gibganyň ýanynda düşelge gurup ýerleşdiler.

[20] Ysraýyllar benýaminleriň garşysyna çykdylar-da, Gibganyň golaýynda söweşmäge taýýarlanyp, nyzama durdular.

[21] Benýaminler Gibgadan çykdylar, şol gün ýigrimi iki müň ysraýyly ýere ýazdylar.

[22] -

[23] Ysraýyllar Rebbiň huzuryna gelip, tä agşama çenli aglap ýas tutdular we Ondan: «Biz öz doganymyz bolan benýaminler bilen ýene-de söweşe girelimi?» diýip soradylar. Reb: «Olaryň garşysyna çykyň» diýdi. Ysraýyllar dogumlanyp, şol öňküsi gün baryp duran ýerlerinde ýene-de söweşmäge nyzama durdular.

[24] Ysraýyllar ikinji gün diýlende benýaminleriň üstüne bardylar.

[25] Benýaminler şol güni Gibgadan ysraýyllaryň garşysyna çykdylar we olar bu gezek on sekiz müň iň güýçli edermen ysraýyl urşujylaryny gylyçdan geçirdiler.

[26] Şonda ähli ysraýyllar tutuş halk bolup, Beýtele bardylar. Olar oturyp, Rebbiň huzurynda agladylar we şol gün agşama çenli agyz beklediler. Mal soýup, Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.

[27] -

[28] Hudaýyň Äht sandygy şonda şol ýerdedi we oňa Harunyň ogly Elgazaryň ogly Pinehas ýolbaşçylyk edýärdi. Ysraýyllar Rebden: «Doganymyz bolan benýaminleriň garşysyna söweşmäge gidelimi ýa-da ýok?» diýip soradylar. Reb: «Gidiň, ertir Men olary siziň eliňize bererin» diýdi.

[29] Ysraýyllar Gibganyň töwereginde bukuda adam goýdular.

[30] Üçünji gün diýlende ysraýyllar benýaminleriň üstüne bardylar we söweşmek üçin Gibganyň ýanynda öňküleri ýaly nyzama durdular.

[31] Benýaminler ysraýyllaryň garşysyna hüjüm edip, galadan daşlaşdylar-da, Beýtele tarap gidýän ýolda hem-de Gibga tarap ekin meýdanynyň üsti bilen geçýän ýoluň üstünde ysraýyllary ýene-de öňküsi ýaly öldürdiler. Ysraýyllardan otuza golaý adam öldürildi.

[32] Benýaminler: «Biz olary öňki ýeňşimiz ýaly ýene ýeňeris» diýdiler. Ysraýyllar bolsa: «Olardan gaçaly-da, olaryň ünsüni ýollara tarap sowup, olary galadan daşlaşdyralyň» diýdiler. Şeýle hem etdiler.

[33] Ähli ysraýyllar ýerlerinden turdular-da, Bagal-tamarada nyzama durdular. Ysraýyllaryň bukuda goýan adamlary Gibganyň günbatar tarapyndan bukudan çykdylar.

[34] Gibganyň ýanyna Ysraýylyň ähli ýerinden saýlanyp alnanlaryň on müňüsi geldi we gazaply söweş başlandy, ýöne benýaminler entek özlerine betbagtlyk garaşýandygyny bilmeýärdiler.

[35] Reb benýaminleri ysraýyllaryň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Şol gün ysraýyllar gylyçlaryny ýalaňaçlan ýigrimi bäş müň bir ýüz benýamini öldürdiler.

[36] Benýaminler özleriniň ýeňilýändiklerine düşündiler. Ysraýyllar öz orunlaryny benýaminlere berdiler, sebäbi olar Gibganyň golaýynda bukuda oturanlara bil baglapdylar.

[37] Bukudakylar Gibga tarap topuldylar-da, galadakylaryň ählisini gylyçdan geçirdiler.

[38] Galadan ýokaryk galýan tüsse bukudakylaryň çozmagy üçin duýduryş bolsun diýip, ysraýyllar özara aýdyşdylar.

[39] Şeýlelikde, ysraýyllar söweş meýdanyndan yza çekilende, benýaminler ysraýyllaryň otuza golaý adamyny boýun egdirdiler. Olar: «Ine, ysraýyllar ýene-de öňküsi ýaly biziň öňümizde ýykylyp ýatyrlar» diýdiler welin, edil şol wagt

[40] galanyň depesinde tüsse sütün görnüşinde ýokary galyp başlady. Benýaminler yzyna seredenlerinde, tutuş galanyň depesinden tüssäniň göge göterilýändigini gördüler.

[41] Ysraýyllar yzlaryna dolandylar, benýaminler özleriniň betbagtlyga uçrandyklaryny görüp, yzlaryna gaýtmaga gorkdular.

[42] Olar ýola düşüp, çöle tarap ysraýyllardan gaçyp başladylar. Emma ysraýyllar olaryň yzlaryndan galman ýetip, olary öldürdiler, galadan çykanlaryny bolsa şol ýerde gyrdylar.

[43] Ysraýyllar benýaminleriň daşyny gabadylar-da, olaryň yzyndan kowup, Gibganyň gündogar tarapyna ýetende, olaryň ählisini boýun egdirip gyrdylar.

[44] Benýaminleriň on sekiz müň sany güýçli urşujylaryny öldürdiler.

[45] Galanlary çöle, Rimmon gaýasyna tarap gaçdylar, ýollarda ysraýyllar olaryň ýene bäş müňüsini öldürdiler we Gidoma çenli yzyndan kowaladylar-da, olaryň ýene iki müňüni öldürdiler.

[46] Benýaminlerden şol gün jemi ýigrimi bäş müň adam öldi, olaryň hemmesi-de güýçli edermen adamlardy.

[47] Galan alty ýüz sany benýamin çöle tarap Rimmon gaýasyna gaçdy we olar dört aýlap şol gaýada galdylar.

[48] Ysraýyllar ýene-de yzyna benýaminleriň üstüne gitdiler-de, galadaky ähli ilaty, mallary, çem gelen zatlary gylyçdan geçirdiler. Soňra şol ýerdäki galan ähli galalary otlap ýok etdiler.

Ysraýyl serdarlary — Chapters