Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:18

[1] Stefanyň öldürilmegini Şawul hem oňlady. Şol günden soň Iýerusalimdäki ýygnagy yzgytsyz yzarlamaga başladylar. Resullardan başga hemmeler Ýahudyýa we Samariýa sebitlerine dargadylar.

[2] Emma takwa adamlar Stefany jaýlap, onuň üçin çuňňur ýas tutdular.

[3] Şawul bolsa ýygnagy dargatmaga başlady. Ol öýme-öý aýlanyp, aýal-erkek diýmän, imanlylary süýräp, zyndana dykýardy.

[4] Çar ýana dargaşyp giden imanlylar Hudaýyň Hoş Habaryny ähli ýerde wagyz edýärdiler.

[5] Filip-de Samariýanyň bir şäherine baryp, olara Mesih barada wagyz etdi.

[6] Filipi diňläp, amala aşyran gudratlaryny gören mähelle onuň aýdanlaryna dykgat bilen gulak asdy.

[7] Köp adamlaryň içinden arwah-jynlar batly gygyryşyp çykýardylar, köp sanly ysmaz we oturalar şypa tapýardy.

[8] Şeýlelikde, ol şäherde uly şatlyk döredi.

[9] Ine, şol şäherde öň jadygöýlik bilen meşgullanyp, Samariýa halkyny haýran galdyran we özüni beýik adam diýip yglan eden Simun atly bir adam bardy.

[10] Uly-kiçi hemme ony üns berip diňlärdi we ol hakda: «Beýik gudrat diýip atlandyrylýan Hudaýyň gudraty, ine, şudur» diýýärdiler.

[11] Onuň jadygöýligi köpden bäri hemmäni haýrana goýýardy, şonuň üçin ony dykgat bilen diňlärdiler.

[12] Emma Filip Hudaýyň Şalygy we Isa Mesih baradaky Hoş Habary wagyz edende, adamlar oňa ynandylar. Aýal-erkek diýmän olaryň hemmesi Isanyň ady bilen suwa çümdürildi.

[13] Hatda Simun hem iman etdi, suwa çümdürilenden soň bolsa Filipiň ýanyndan aýrylmady. Ol Filipiň amala aşyrýan beýik mugjyzalaryny we gudratlaryny görüp, haýran galýardy.

[14] Resullar samariýalylaryň Hudaýyň Hoş Habaryny kabul edendigini Iýerusalimde eşidip, Petrus bilen Ýohannany olaryň ýanyna iberdiler.

[15] Petrus bilen Ýohanna ol ýere baryp, olaryň hem Mukaddes Ruhy almagy üçin doga-dileg etdiler.

[16] Sebäbi Mukaddes Ruh entek olaryň hiç biriniň üstüne inmändi, olar diňe Reb Isanyň ady bilen suwa çümdürilipdi.

[17] Soňra Petrus bilen Ýohanna ellerini olaryň üstüne goýdular we olar hem Mukaddes Ruhy kabul etdiler.

[18] Resullaryň elleriniň goýulmagy bilen Mukaddes Ruhuň berlenini gören Simun olara pul hödür edip:

[19] «Maňa-da şu gudratdan beriň. Elimi kimiň başyna goýsam, ol adam Mukaddes Ruhy alsyn» diýdi.

[20] Emma Petrus oňa şeýle diýdi: «Puluň özüň bilen bile ýok bolsun! Sebäbi sen Hudaýyň peşgeşini satyn alaryn öýtdüň.

[21] Bu işde seniň ne paýyň, ne-de hakyň bar, sebäbi seniň ýüregiňe düwen niýetiň Hudaýyň nazarynda dogry däl.

[22] Indi toba edip, bu ýaman niýetiňden el çek-de, Rebbe ýalbar, belki, ýüregiňdäki bu niýetiňi bagyşlar.

[23] Men seniň ajy zäherden doludygyňy we günä zynjyry bilen baglanandygyňy görýärin».

[24] Simun oňa: «Meniň üçin Rebbe doga ediň, aýdanlaryňyzyň hiç birine duçar bolmaýyn!» diýdi.

[25] Petrus bilen Ýohanna şaýatlyk edip, Rebbiň Hoş Habaryny wagyz etdiler. Soňra olar Samariýanyň köp obasynda Hoş Habary yglan edip, Iýerusalime dolanyp geldiler.

[26] Rebbiň bir perişdesi Filipe: «Tur, günorta tarap, Iýerusalimden Gaza barýan çöllük ýoldan git» diýdi.

[27] Ol hem turup, ýola düşdi. Gidip barýarka, efiopiýaly bir agta duşdy. Ol Efiopiýanyň melikesi Kandakynyň baş wezirleriniň biridi we onuň tutuş gaznasyny dolandyrýardy. Ol Iýerusalime ybadat etmäge gelip,

[28] indi hem yzyna dolanyp barýardy. Ol öz arabasynyň üstünde Işaýa pygamberiň kitabyny okap otyrdy.

[29] Mukaddes Ruh Filipe: «Bar, arabanyň ýanyndan ýöre!» diýdi.

[30] Filip ylgady-da, onuň Işaýa pygamberiň kitabyndan okaýan sözlerini eşidip: «Okaýan zatlaryňa düşünýärmiň?» diýip sorady.

[31] Ol: «Biri düşündirmese, nädip düşüneýin?» diýdi. Onsoň Filipi araba münüp, ýanynda oturmaga çagyrdy.

[32] Onuň Mukaddes Ýazgylardan okap oturan ýeri, ine, şudy: «Soýulmaga äkidilip barýan goýun dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz guzy dek, Ol hiç agzyny açmady.

[33] Ol kemsidilip, adalatsyzlyk bilen äkidildi. Onuň nesli hakda kim aýdyp biljek? Çünki Onuň ömür tanapy üzüldi».

[34] Efiopiýaly Filipden: «Aýtsaňyzlaň, pygamber muny kim hakda aýdýar? Özi hakdamy ýa-da başga biri hakda?» diýip sorady.

[35] Onsoň Filip düşündirmäge başlady, Mukaddes Ýazgylaryň şu ýerdäki parçasyndan başlap, Isa hakdaky Hoş Habary oňa wagyz etdi.

[36] Olar ýolda barýarka, bir suwly ýeriň üstünden geldiler. Agta: «Ine, bu ýerde suw bar. Meniň çümdürilmegime näme päsgel berýär?» diýdi.

[38] Onsoň arabany saklatdy. Filip bilen agta bilelikde suwa girdiler. Filip ony suwa çümdürdi.

[39] Olar suwdan çykanlarynda, birdenkä Rebbiň Ruhy Filipi ol ýerden äkitdi. Agta ony gaýdyp görmedi. Ol şatlanyp, öz ýoluny dowam etdirdi.

[40] Filip bolsa Aşdotda peýda boldy. Ol Kaýsariýa baryp ýetýänçä, ähli şäherlerde Hoş Habary wagyz etdi.

Resullar — Chapters