[1] Biz olar bilen hoşlaşyp, gämide göni Kos adasyna, ertesi gün Rodosa, ol ýerden hem Patara geldik.
[2] Onsoň Finikiýa barýan bir gämi tapyp mündük we deňze çykdyk.
[3] Kipre golaýlanymyzda, onuň günortasyndan geçip, Siriýa tarap ýüzdük. Soňra Sura baryp ýetdik, sebäbi gämi şol ýerde ýüküni düşürmelidi.
[4] Biz şägirtleri tapyp, ol ýerde ýedi gün galdyk. Şägirtler Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen Pawlusa Iýerusalime gitmeli däldigini aýtdylar.
[5] Biziň wagtymyz dolanda, ýene ýola düşüp, syýahatymyzy dowam etdirdik. Imanlylaryň hemmesi, aýallary we bala-çagalary bilen bile şäheriň daşyna çenli bizi ugratdy. Onsoň kenarda dyza çöküp, Hudaýa doga-dileg etdik.
[6] Biri-birimiz bilen hoşlaşanymyzdan soň, gämä mündük, olar hem öýlerine gaýtdylar.
[7] Biz ýolumyzy Surdan dowam etdirip, Ptolemeý şäherine geldik. Ol ýerdäki doganlaryňka görme-görşe baryp, bir gün olaryň ýanynda galdyk.
[8] Ertesi gün biz ýola düşüp, birnäçe günden Kaýsariýa geldik we hoş habarçy Filipiň öýünde galdyk, ol saýlanan ýedi ýolbaşçynyň biridi.
[9] Filipiň durmuşa çykmadyk dört gyzy bardy we olar pygamberlik edýärdiler.
[10] Biz ol ýerde ençeme gün bolanymyzdan soň, Ýahudyýadan Agap atly pygamber geldi.
[11] Ol biziň ýanymyza gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, öz el-aýagyny baglap: «Mukaddes Ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimdäki ýahudylar şu guşagyň eýesini şeýle baglap, keseki milletleriň eline bererler“» diýdi.
[12] Muny eşidenimizde, biz-de, ol ýerde ýaşaýanlar-da Iýerusalime gitmezligi üçin Pawlusa ýalbardyk.
[13] Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi.
[14] Ony yryp bilmänimizden soň biz: «Goý, Rebbiň islegi bolsun!» diýip dymdyk.
[15] Şol günlerden soň goşumyzy düwüp, Iýerusalime ýola düşdük.
[16] Kaýsariýadan şägirtleriň birnäçesi hem biziň bilen bile gaýtdylar. Olar bizi Minason diýen adamyň öýüne getirdiler, biz onuňkyda galmalydyk. Minason kiprli bolup, ilkibaşdaky şägirtleriň biridi.
[17] Iýerusalime gelenimizde, doganlar bizi şatlyk bilen garşyladylar.
[18] Ertesi Pawlus biziň bilen birlikde Ýakuby görmäge bardy, Iýerusalimdäki ýygnagyň ähli ýolbaşçylary-da şol ýerdediler.
[19] Pawlus olar bilen salamlaşandan soň, öz hyzmaty arkaly Hudaýyň keseki milletleriň arasynda eden işlerini birin-birin gürrüň berdi.
[20] Olar muny eşidip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Soňra Pawlusa şeýle diýdiler: «Görýäňmi, dogan, ýahudylaryň arasynda müňlerçe imanly bar. Olaryň hemmesi-de Mukaddes Kanuna özlerini ýürekden bagyş edenler.
[21] Olaryň eşidişine görä, sen keseki milletleriň arasynda ýaşaýan ýahudylaryň hemmesine Musanyň kanunyndan dönmekligi, çagalaryny sünnetlemezligi, däp-dessurlara uýmazlygy öwredýärmişiň.
[22] Indi näme etmeli? Seniň geleniňi olar hökman eşiderler.
[23] Şonuň üçin biziň aýtjak zatlarymyzy ýerine ýetir. Aramyzda Hudaýa ant içip, wada beren dört adam bar.
[24] Şol adamlary ýanyňa al-da, olar bilen bile tämizlenme dessuryna goşul we olaryň harçlaryny sen töle. Ondan soň olar saçlaryny syrdyrmaly. Şeýlelikde, hemmeler sen hakda aýdylan myş-myşlaryň ýalandygyny, seniň-de Musanyň kanunyna uýup ýaşaýandygyňy bilerler.
[25] Iman eden keseki milletler hakda aýdanymyzda bolsa, biz belli bir karara gelip, olara bireýýäm: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“ diýip ýazylan haty ýollapdyk».
[26] Ertesi gün Pawlus ýaňky adamlary ýanyna alyp, olar bilen bile özüni tämizledi. Onsoň ol ybadathana girip, päkleniş günleriniň haçan gutarjakdygyny we olaryň her biri üçin haçan sadaka berjekdigini yglan etdi.
[27] Bellenilen ýedi gün dolup barýardy. Aziýa welaýatyndan gelen ýahudylar Pawlusy ybadathanada gördüler. Olar tutuş halky öjükdirip, ony tutdular.
[28] Olar: «Eý, ysraýyl halky! Kömek ediň! Bu adam ähli ýerde biziň halkymyza, Musanyň bize beren kanunyna, ybadathanamyza garşy hemmelere ters sapak berýär. Munuň üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri harama çykardy» diýip gygyrdylar.
[29] Beýle diýmekleriniň sebäbi, munuň öň ýany efesli Trofymy şäherde Pawlus bilen bile görüpdiler we Pawlus ony-da ybadathana getirendir öýdüp pikir edýärdiler.
[30] Bütin şäher aýaga galdy, hemme tarapdan ylgaşyp gelen halk birleşdi-de, Pawlusy tutup, ybadathanadan daşary süýredi. Şobada hem ybadathananyň gapylary ýapyldy.
[31] Pawlusy öldürjek bolup durkalar, Rim goşunynyň müňbaşysyna bütin Iýerusalimiň aýaga galandygy baradaky habar gelip gowuşdy.
[32] Müňbaşy dessine ýüzbaşylaryny we esgerlerini alyp, halkyň üstüne eňdi. Olar müňbaşy bilen esgerleri görenlerinde, Pawlusy ýençmegi bes etdiler.
[33] Şol wagt müňbaşy golaý gelip, Pawlusy tussag etdi we goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Soňra ol: «Bu adam kim? Ol näme etdi?» diýip sorady.
[34] Mähelläniň içinde goh-galmagal turdy, her kim bir zat diýip gygyrdy. Alagowurdydan ýaňa müňbaşy näme bolanyny anyk bilmedi. Şonuň üçin ol Pawlusy gala äkitmegi buýurdy.
[35] Pawlus basgançaga gelende, mähelle ony gysyp-gowrup barýardy. Şonuň üçin esgerler ony göterip äkitmeli boldular.
[36] Mähelle onuň yzyna düşüp: «Öldüriň ony!» diýip gygyryşýardy.
[37] Esgerler Pawlusy ýaňy galanyň içine alyp girenlerinde, ol müňbaşa: «Senden bir zat sorap bilerinmi?» diýdi. Müňbaşy haýran galyp: «Sen grekçe bilýäňmi?
[38] Mundan birnäçe wagt öň gozgalaň turzup, dört müň kellekeseri çöle alyp çykan müsürli sen dälmi?» diýdi.
[39] Pawlus: «Men ýahudy, Kilikiýanyň Tarsus şäherinden, şol meşhur şäheriň raýatydyryn. Maňa halka söz sözlemäge ygtyýar bermegiňi haýyş edýärin» diýdi.
[40] Müňbaşy Pawlusa rugsat berende, ol basgançagyň üstünde durup, halka ýuwaş bolmagy eli bilen yşarat etdi. Adamlar ümsüm bolansoň, Pawlus olara arameý dilinde ýüzlenip, söze başlady: