[1] Resullar we ýahudyýaly doganlar keseki milletleriň-de Hudaýyň Hoş Habaryny kabul edendiklerini eşitdiler.
[2] Petrus Iýerusalime gelende, ýahudy imanlylar onuň bilen dawalaşyp:
[3] «Sen sünnetsiz adamlaryňka myhman bolupsyň, olar bilen bile naharlanypsyň» diýdiler.
[4] Şonda Petrus başyndan geçen wakany jikme-jik gürrüň bermäge başlady:
[5] «Ýafo şäherinde Hudaýa doga edip otyrkam, maňa bir görnüş aýan boldy. Men ýanyma uly saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan asylyp, gökden ýere inenini gördüm.
[6] Onuň içine dykgat bilen seredip synlanymda, öý haýwanlaryndan başlap, ýabany hem süýreniji haýwanlardyr guşlary gördüm.
[7] Soňra bir sesiň maňa: „Petrus, tur, damaklaryny çal-da, iý!“ diýenini eşitdim.
[8] Men: „Ýok, ýa Reb, asla beýtmerin! Men hiç haçan haram zatlary agzyma degren däldirin“ diýdim.
[9] Emma gökden gelen ses ikinji gezek maňa: „Hudaýyň halal diýen zatlaryna haram diýmegin!“ diýdi.
[10] Bu üç gezek gaýtalanyp, hemmesi ýene ýokary göge alyndy.
[11] Ine, şol wagt Kaýsariýadan iberilen üç adam meniň bolýan öýümiň öňüne gelip durdular.
[12] Onsoň Mukaddes Ruh maňa ikirjiňlenmän, olar bilen gitmelidigimi aýtdy. Ýanymdaky bu alty dogan hem meniň bilen bile gitdi, biz ol adamyň öýüne bardyk.
[13] Ol adam hem bize öýünde özüne görnen perişde barada gürrüň berdi. Perişde oňa: „Ýafo adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt.
[14] Onuň saňa aýtjak habary arkaly özüň we tutuş öý-içeriň halas bolar“ diýipdir.
[15] Men söze başlanymda, Mukaddes Ruh öň biziň üstümize inişi ýaly, olaryň üstüne hem indi.
[16] Şonda Rebbimiz Isanyň: „Ýahýa suwa çümdürdi, emma siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz“ diýen sözi ýadyma düşdi.
[17] Şeýlelikde, Rebbimiz Isa Mesih e iman edenimizde, Hudaý bize beren peşgeşini olara hem beren bolsa, Hudaýa garşy durar ýaly, men kim bolupdyryn?»
[18] Doganlar bu sözleri eşidenlerinden soňra köşeşdiler. Hudaýy şöhratlandyryp: «Hudaý hatda keseki milletlere-de toba edip, baky ýaşaýşa gowuşmaklygy beripdir» diýişdiler.
[19] Stefan öldürilenden soň başlanan yzarlanmalar zerarly imanlylar Finikiýa, Kipre we Antiýoha çenli dargadylar. Olar Hoş Habary ýahudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler.
[20] Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler.
[21] Olarda Rebbiň gudraty bardy, şonuň üçin köp adamlar imana gelip, Rebbi kabul etdiler.
[22] Bu hakdaky habarlar Iýerusalimdäki ýygnaga baryp ýetdi. Olar Barnaby Antiýoha ýolladylar.
[23] Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.
[24] Onuň Mukaddes Ruhdan we imandan doly bir ýagşyzada adamdygy üçin, juda köp adam Rebbe iman etdi.
[25] Onsoň Barnap Şawuly gözläp, Tarsusa gitdi.
[26] Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi.
[27] Şol günlerde Iýerusalimden Antiýoha birnäçe pygamberler geldiler.
[28] Olardan biriniň ady Agapdy. Ol ýerinden turup, Rim imperiýasynda ýowuz açlygyň boljakdygy barada Mukaddes Ruh arkaly welilik etdi. Bu açlyk imperator Klawdiniň dolandyrýan döwründe bolup geçdi.
[29] Şonda şägirtleriň ählisi güýçleriniň ýetdiginden ýahudyýaly doganlara goldaw üçin pul ýollamagy karar etdiler.
[30] Olar şeýle hem etdiler, puly Barnap we Şawul arkaly ýygnak ýolbaşçylaryna iberdiler.